Progres.Online

Türkmenistanda okuwçy gytlygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa mekdepleriň dolulygy.

Türkmenistanyň Mary we Balkan welaýatyndaky käbir mugallymlar ýarysy boş synplaryny doldurmak üçin gapy-gapy aýlanyp okuwçy gözleýärler. Bu garyp sebitlerde 2017-nji ýylda dogulan çagalaryň azlygy sebäpli ýerli bilim işgärleri wagtlaýyn synplary birleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. Bu garaşylmadyk derejede okuwçylaryň azlygy zerarly, bar bolan şertleri peýdaly ulanmak üçin atylan ädimdir. Köp ýyldan bäri ykdysadyýetiň aşak düşmegi, adamlaryň gowrak durmuş we iş üçin daşary ýurtlara göçmegi netijesinde ilatyň sany azaldy.

Türkmen RFE/RL (Azatlyk Radiosy) gullugynyň günbatar Balkandaky habarçysy käbir mekdeplerde başlangyç synp okuwçylarynyň sanynyň geçen ýyldaka görä 40%-50% azalandygyny habar berdi.

“Türkmenbaşydaky orta mekdepler 1300 okuwçy üçin niýetlenendir, emma soňky bäş ýylyň dowamynda 950 golaý okuwçy okaýar. Bu mekdepde dört sany birinji synp bar. Geçen ýyl her synypda 27-29 okuwçy bardy, emma bu ýyl her birinji synpda diňe 12 okuwçy bar” – diýip RFE/RL-iň Balkan welaýatyndaky mekdepler baradaky çeşmesi habar berdi.

BMG-niň Çagalar Fondy (UNICEF) tarapyndan 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirlen derňewler, ýurdyň çet ýerlerinde deň derejede bilim berilmeýändigini görkezdi. Paýtagt Aşgabatda 2-3 synp okuwçylarynyň 70% gowragynyň başlangyç okama sowatlygy bar, emma Balkan welaýatyndaky mekdeplerde bu görkeziji 34% deňdir.

Gazagystanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä bu ýyl 382 000 çaga başlangyç synpa okuwa başlady. Emma Astanada mekdeplerde partalar ýetenok, synplaryň azlygy we mekdeplerde göwrüminden artykmaç okuwçy barlygy zerarly 3 çalyşykda okadylýar. Bilim ugrundan hünärmen Erjan Ahmetjanulynyň RFE/RL bilen söhbetdeşliginde, täze mekdepleri gurmak meseläni çözmeýär. Onuň ýerine sebitlerde bilimiň derejesini ösdürmeli diýdi.

Gyrgyzystan bolsa täze okuw ýyly, Prezident Sadyr Japarowyň okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi barada köpçüligiň güýçli tankydy netijesinde Bilim ministri Kanybek Imanaliewi wezipesinden boşatmagy bilen başlady. 6-njy sentýabrdaky Parlament mejlisinde deputat Sarapatkan Mažitowa öz çykyşynda bu ýyl 150.000 çaganyň okuwa başlandygyny we käbir mekdeplerde her synypda 60 okuwçynyň bardygyny aýtdy. Munuň üstesine-de ýurtdaky 250 golaý mekdebiň binasy kritiki ýagdaýdadygy habar berilýär.

Bu okuw ýylynyň başynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoewiň gyzy, prezident apparatynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoewa okuwçy sanynyň gurulýan mekdeplerden köpdügini belläp geçdi. Resmi maglumatlara görä Özbegistanda 10,522 sany döwlet mekdebi bar we her ýyl 6.5 million okuwçy alynýar.

Taşkentden bilim boýunça hünärmen Kamil Jalilowyň RFE/RL-e habar bermegine görä: “Döwlet mekdeplerinde diňe synplar doly bolman eýsem suw we hajathana ýetmezçiligi ýaly has uly meseleler bar. Aýlyklaryň pesligi zerarly tejribeli mugallymlar az, olar hususy mekdeplere ýada repetitorlyk işlerine gidýärler. Şeýle hem hökümet yzygiderli okuw sistemasyny üýtgedýär we bu örän nädogrydyr” – diýip belledi.

Täjigistanda bolsa ilatyň sany birden artdy we 1-nji sentýabrda 2.2 million okuwçy mekdebe başlady. Täjigistanyň bilim boýunça hünärmeni Muhammedsadyk Abdurazzakowyň aýtmagyna görä örän gowy mekdepler gurulýar, emma okatmaga mugallymlar ýetenok. Munuň sebäbi bolsa ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň pesligi sebäpli tejribeli mugallymlar iş üçin Russiýa göçýärler.

Türkmenistandaky mugallymlaryň sany we olaryň aýlyk haklary barada maglumat ýok.

Gazagystan: 555,014 mugallym; aýlygy – 319,500 teňňe ($689)

Gyrgyzystan: 82,724 mugallym; aýlygy – 21,400 som ($242)

Özbegistan: 506,600 mugallym; aýlygy – 2.93 million som ($241.5)

Täjigistan: 128,827 mugallym; aýlygy – 1,244 somoni ($113.5)

Çeşme: RFE/RL

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: