Progres.Online

Türkmenistanda “meýletinçiligiň” manysy

Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçiler maksatnamasy (UNV) “Merkezi Aziýada meýletinçiligiň ýagdaýyna syn” atly ilkinji sebitleýin hasabatyny ýola goýdy. Syn meýletinçilik tejribesiniň ösüşini we meýletinçileriň tagallalarynyň milli ileri tutulýan ugurlara we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) täsirini görkezýär. Şeýle hem, hasabat sebitde meýletinçiligiň iň gowy tejribelerini kesgitleýär we meýletinçiligiň goşandyny has-da artdyrmak üçin maslahatlar berýär.

Türkmenistanda “Meýletinçilik hakynda” kanun 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edildi we 2017-nji ýylda üýtgeşmeler girizildi. Kanun meýletinçilik etmek barada kanuny esas döredýär, esasy ýörelgeleri we maksatlary kesgitleýär. Hasabatda Türkmenistanda hereket edýän birnäçe meýletinçilik bilen meşgullanýan guramalar görelde hökmünde bellenilipdir.

  • 2000-nji ýyllarda hasaba alnan Keýik Okara jemgyýetçilik guramasy, 18-30 ýaş aralygyndaky ýaşlary öz içine alýan “Türkmenistanda liderlik etmek” taslamasyny gurady. Bu başlangyçda ýeňiji taslamalaryň biri meýletinçileriň hassahanalarda gan ýetmezçiligi meselesi barada 5000 adamy habardar etmek boýunça “Donorlyk” taslamasy boldy. Netijede, gan tabşyrmak üçin 700 töweregi adam gan tabşyrma punktyna geldi.
  • Ýeňme – 2012-nji ýylda hasaba alnan jemgyýetçilik guramasydyr. Gurama hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin 30 sany ýaşlara hususy kompaniýalar bilen iş ýarmarkasyna gatnaşmaga mümkinçilik beren “Üstünlige tarap ýol” taslamasyny durmuşa geçirdi.
  • Tebigy Kuwwat 2003-nji ýylda hasaba alnan jemgyýetçilik guramasydyr. Gurama Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň energiýa we daşky gurşaw pudagynda milli çeşmelerden tygşytly peýdalanmagy öňe sürýän taslamasyna gatnaşdy.

Şeýle hem, hasabat esasy gyzyklanýan taraplara sosial, ykdysady we medeni ösüşi gazanmak üçin meýletinçiligiň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça aşakdaky maslahatlary berýär:

  • Döwlet edaralaryna maslahat – Meýletinçileri we meýletinçilik guramalary ýerli derejede hökümet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge we kararlary kabul etmeklige gatnaşdyryň. Ýerine ýetiriş çykdajylary üçin serişdeleri bölüp beriň, statistiki ýazgylary ýörediň we meýletinçileriň sowalnamalaryny geçiriň. Saglyk meseleleri ýa-da şikeslenme ýagdaýlary üçin meýletinçileri ätiýaçlandyryň.
  • Raýat jemgyýetlerine maslahat – Meýletinçiligi ösdürmek üçin milli we sebit çeşmeler merkezini dörediň. Meýletinçiligi goldamak we ösdürmek üçin merkezleşdirilen maglumat platformalaryny ýola goýuň we hökümet bilen bilelikde beýleki ýurtlaryň meýletinçi jemgyýetleri bilen bilim alyş-çalşyny öňe sürüň.
  • Bizneslere maslahatHas kän meýletinçi çekmek üçin korporatiw meýletinçilik programmalaryny dörediň, işgärleriň we ýerli jemgyýetleriň meýletinçilik tagallalaryna goldaw bermek üçin maliýe serişdelerini üpjün ediň.

Meýletinçiligiň bu oňyn tendensiýalaryna garamazdan, meýletinçileriň Türkmenistanda gazanyp biljek üstünliklerine päsgel berýän çynlakaý böwetler bar. Birinjiden, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Haç Jemgyýeti meýletinçilik çärelere gatnaşsa-da we jemgyýetiň Ýaşlar Hereketinde 4000 meýletinçi bar bolsa-da, olaryň işleriniň gerimi we täsiri çäklidir hem-de mätäçlik çekýän jemgyýetlere peýdaly ýardamy ýokdur. Ikinjiden, Türkmenistanda garaşsyz raýat jemgyýeti guramalary ýetmezçilik edýär. Bar bolan sanlyja guramalaryň iň ähmýetli meselelere ünsi çekmekde ýa-da karar kabul etmekde azatlygy çäklidir. Mundan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň 2022-nji ýylda çap eden “Türkmenistanda adam hukuklary tejribeleri baradaky ýurt hasabatyna” görä, Türkmenistanda “meýletinçilik” düşünjesi ýoýuldy. Hökümet talyplary we döwlet işgärlerini hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän çärelerde (meselem: paradlar, sport çäreleri, baýramçylyklar) we jemgyýetçilik hyzmatlary taslamalarynda (mysal üçin: agaç nahallaryny oturtmak we köçeleri arassalamak) meýletinçilik etmäge mejbur edýär. Döwlet işgärleri zähmet çekmeleriniň meýletinligi barada beýannama gol çekip, pagta ýygyma gatnaşmaga mejbur edilýärler. Emma, şeýle jemgyýetçilik taslamalara gatnaşmadyk ýagdaýynda jerimeler berilýänligi üçin olar meýletinlik häsiýetini ýitirýärler.

Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: