Progres.Online

Türkmenistanda metan zyňyndylary: meseläniň göwrümi we teklipler

2023-nji ýylyň aprelinde Crude Accountability jemgyýetçilik guramasyndan Aýdan Kelliniň “Türkmenistandaky we Hazar sebitindäki metan” atly hasabaty çap edildi. Crude Accountability – tebigy baýlyklara abanýan howuplara we olaryň saglyga ýetirýän ters täsirlerine garşy göreşýän Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerindäki aktiwistler we jemgyýetçilik guramalary bilen işleşýän girdeýji gazanmaýan ekologiýa we hukuk goraýjy guramadyr.

Guramanyň hasabatynda Türkmenistanyň nebit – gaz pudagyndan zyňylýan metanyň möçberi barada jikme-jik maglumatlar görkezilip, zyňyndylara gözegçilik etmek we azaltmak hakynda teklipler berilýär. Bu makalada hasabatdaky esasy faktlar we teklipler sanalyp geçilendir.

Metan zyňyndylarynyň umumy möçberi

Hasabata görä, 2022-nji ýylda Türkmenistandaky metan zyňyndylarynyň umumylaşdyrylan möçberi 5094 kilotonna bolup, metan zyňyndysynyň global möçberiniň 1.4% ybaratdyr. Zyňyndylaryň uly bölegi (93%) energetika pududagyna, galan 6% oba hojalygyna we 1% bolsa galyndylaryň (zibil) paýyna düşýär. Türkmenistanyň zyňyndylarynyň möçberi Gazagystanyňkydan 40% ýokary, Özbegistan we Azerbeýjanyňkydan bolsa 2-8 esse köpdür.

Metan zyňyndylarynyň esasy çeşmeleri

Türkmenistan bilen birlikde bu ýurtlaryň ählisinde nebit-gaz pudagyndaky metan zyňyndylaryň esasy bölegi bilgeşleýin zyňylan gazlaryň paýyna düşýär. Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň 46% (2200 kilotonna) möçberi bilgeşleýin howalandyrma netijesinde emele gelýär. Goňşy ýurtlarda howalandyrmanyň paýyna düşýän zyňyndy ýokarydyr (77%), ýöne absolýut möçberi Türkmenistanyňkydan ep-esli pesdir. Könelen infrastruktura we alaw (fakel) ýakma netijesinde gazlaryň tötänden syzmasy zyňyndynyň umumy möçberiniň 21% ybarat bolup, onuň 1002 kilotonnasy syzma we 151 kilotonnasy bolsa alaw ýakma degişlidir. Deňeşdirmek üçin, ykdysadyýeti nebit-gaz pudagyna bagly bolan we ilat sany takmynan deň mukdarda bolan Azerbeýjanda syzma netijesinde bary-ýogy 62 kilotonna metan ýitdi.

Türkmenistanyň ýokary metan emissýalary

Türkmenistanyň ýokary metan emissýalary ýada giň göwrümli syzmalaryň çeşmeleri bu ýyl Progresde gysgaça beýany çap edilen The Guardian ýaly uly halkara neşirýatlaryň dykgatly ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanda ýokary metan emissýalary ýaýrandyr. Diňe bir syzma wakalary kän bolman, eýsem her sagatda iň köp metan zyňyndylaryna duçar bolýar. Üstesine-de 2022-nji ýylyň awgust aýynda dünýädäki iň uly syzma (427 tonna/sag.) Türkmenistanyň Hazar kenaryndaky esasy turba geçirijisiniň töwereklerinde bellige alyndy. Hasabata görä Türkmenistandaky nebit gaz gazyp alyşyna bagly zyňyndylaryň 29% ýokary metan emissýalarynyň netijesidir. Şol bir wagtyň özünde Gazagystanda, Özbegistanda we Azerbeýjanda bu görkeziji 5% azdyr.

Nebit-gaz pudagynyň saglyga täsiri

Nebitgaz pudagynyň kärhanalary metan bilen birlikde howany hapalaýjy zyýanly maddalary hem zyňýar we klimata zeper ýetirýär. Kükürtli wodorod, ksilol, benzol, formaldegid ýaly maddalar adam saglygyna zyýanlydyr we demgysma (astma), dem alyş ýollarynyň (respirator) hassalamagy we newrologik näsaglygy ýaly dürli keselleriň döremegine, hatda biwagt ölüme getirýär.

Metan zyňyndylaryny azaltma çäreleri

Türkmenistanda entäk metan zyňyndylarynyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmäge başlanmady. Beýleki ýurtlar, esasan hem Hazar sebitlerindäki goňşy ýurtlar zyňyndylary azaltmak üçin eýýäm çäreleri görüp başlady we uly ösüşler gazanýarlar. Meselem, Gazagystan 2015-nji ýyl bilen deňeşdirende umumy gaz ýakma möçberini we derejesini 59-62% azaldyp, uly üstünlik gazandylar. Azerbeýjan hem alaw ýakma we metan zyňyndylaryny azaltmakda uly üstünlikler gazandy.

Teklipler

Hasabatyň awtorlary, ekologik gözegçiligiň ýoklugyny we maglumatlaryň elýetersizligini göz öňüne tutup halkara guramalaryň Türkmenistany jogapkärçlige çagyrmagyň hökmanydygyny we ony üns merkezine almalydyny nygtaýarlar. Bu meseläniň çözülmegi üçin hasabatyň awtorlary şu aşakdakylary hödürleýär:

  • Syzmalary ýüze çykarma we ýok etme babatyndaky meýilnamalar häzirki we gelejekdäki nebit-gaz taslamalaryna girizilmeli;
  • Gaz tutýan täze tehnologiýalarynyň kömegi bilen gaz zyňyndylaryny we alaw ýakma syzmalaryny çäklendirmeli;
  • Bar bolan we könelen infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaly;
  • Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (OSCE) Türkmenistany Orhus konwensiýasynyň we OSCE öňündäki ekologik borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi üçin jogapkärçilige çekilmeli;
  • OSCE agzalaryna yzgiderli hasabat we derňewler berilmeli;
  • Jemgyýete maglumatlar elýeterli bolmaly, şeýle hem ekologik meselelerde karar kabul etme mümkinçiligi berilmeli;
  • OSCE agzalaryna we raýat guramalaryna global ekologik başlangyçlary öňe sürmegi, metan zyňyndylary we olary azaltma mümkinçilikleri baradaky maglumatlary köpeltmegi maslahat berýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: