Türkmenistanda gender we aýallaryň hukuklary elmydama syýasatyň möhüm bölegi bolupdy. 2005-nji ýylda, Irina Liçzek “Häzirki zaman Türkmenistanda gender syýasatynyň emele gelmeginiň medeni ölçegleri” atly makalasyny çap etdi. Awtor makalada häzirki zaman Türkmenistanda gender syýasatynyň emele gelmegine täsir edýän esasy medeni faktorlaryň taryhy ösüşini gözden geçirýär. Irina Liçzek türkmen hökümetiniň dini we çarwa döwrüniň däp-dessurlaryna esaslanyp patriarhiýany ornaşdyrmagy goldamak bilen bir hatarda, aýallaryň statusyny gowulandyrmak üçin nähili ädimleri ädenligi barada gürrüň açýar.
Çarwa bolmagyň we Yslamyň täsiri
Türkmenler öň çarwa ilat bolupdyrlar. Olaryň taýpa jemgyýetçilik gurluşy adatda we şerigatda berkidilen “güýç we abraý strukturalaryndaky umumy gender deňsizligi” bilen häsiýetlenipdir. Şerigat yslamyň bir bölegi bolsa-da, adat Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana mahsusdyr. Adat – türkmenleriň çarwa döwürlerinde taýpalaryny we jemgyýetlerini goramak maksady bilen berjaý eden düzgünleriniň toplumy. Adat düzgünleri şerigatdan has öň, müňlerçe ýyl ozal döredilipdir we dilden aýdylyp nesilden-nesle geçipdir.
- Adat erkekler bilen aýallary deň hasaplamaýar. Şonuň üçin aýallaryň durmuşy berk düzgünleşdirilipdir. Aýallar maşgalanyň ykdysady bähbidi üçin kämillik ýaşyna ýetmänkä we ýigidiň maşgalasyndan “galyň” alnandan soň durmuşa çykarylypdyr. Aýallarda aýrylyşmagyň başyny başlamaga hukugy bolmandyr, emläge eýeçilik edip bilmändirler we esasanam, öý işlerine ýerine ýetirip, kän çaga dogurupdyrlar.
- Adat erkeklere köp aýallylygy we erkek garyndaşlary ölen halatynda onuň dul galan aýalynyň mirasyny almaga rugsat beripdir.
- Şerigatyň girizilmegi bilen aýallara goýulan çäklendirmeler birneme gowşadylypdyr we aýallaryň nä wagt durmuşa çykjagyny karar bermäge, adamsynyň razylygy bolmazdan emläk edinmäge we garyndaşylary ýogalan halatynda mirasa eýe bolmaga mümkinçilik berdi.
Umuman, adat bilen şerigatyň utgaşmasy berkdi we bu düzgünlere laýyklykda aýallaryň hukuklary azdy.
Sowet dolandyryşy
Patyşa dolandyrşyndan Sowet dolandyryşyna geçmäge sebäp bolan Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, aýallaryň jemgyýetdäki statusyny ýokarlandyrýan kanunlar kabul edildi.
- 1917-nji ýylda, “Nikalaşmak baradaky karar” nikany bozmak meselesinde aýallara erkekler bilen deň hukuklary üpjün etdi.
- Mundan başga-da, enäni we çagany goramak, deň iş üçin deň hak tölemek we iş pudagynda aýallary we çagalary goramak barada kanunlar çykaryldy.
- 1918-nji ýylda Bütin Russiýa Sowetler Gurultaýy erkekleriň we aýallaryň durmuşyň ähli ugurlarynda deňdigini belleýän Sowet konstitusiýasyny kabul etdi.
- 1921-nji ýylda, 67-nji karar bilen Türkmenistanda nika meselesinde özara razyçylygyň möhümdigi nygtalyp, galyň ýatyryldy.
- 1927-nji ýyldan bäri, Merkezi Aziýada aýal-gyzlary däp-dessurlardan we dini täsirlerden “azat etmek” maksady bilen sebitde dini täsirleri azaltmak üçin hereketler bolup geçdi. Hatda, Türkmenistanda Kommunistik partiýa aýal-gyzlara dini ýaglyklary dakynmagy gadagan edýän düzgünleri girizdi.
Bu tagallalar iň uzak sebitlerde-de köpçülikleýin bilim almagy giňeltmek we medeni edaralary gurmak üçin berilýän serişdeleriň artdyrylmagyny hem öz içine aldy. Şol medeni edaralarda musulman aýallar bilen tabynlykdan azat bolma çärelerini geçirip bolýardy. Bu çäreler aýallaryň tabynlykdan azat edilmegine gönükdirilen düýpli sosial üýtgeşmelere sebäp boldy.
Sowet häkimýeti döwründe üýtgeşmeler geçirmek üçin basyş etmegini dowam etdirdi. BMG-nyň 1970-nji ýyllardaky resminamalarynyň seljermesi Sowet Soýuzynyň erkekler bilen aýallaryň deňligini ösdürmäge bolan gyzyklanmasy diňe ritorika bolman, eýsem şu güne çenli global derejede aýallaryň durmuşyna täsir edýän amaly çäreleri durmuşa geçirendigini görkezýär. Emma, patriarhiýa we däp-dessurçyl çemeleşmeler Merkezi Aziýa respublikalaryndan asla aýrylmady.
SSSR-den soňky döwür
Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alanyndan soň täze konstitusiýa kabul etdi. Konstitusiýa döwletiň erkeklere we aýallara deň raýat hukuklaryny berýändigini öňe sürdi. Mundan başga-da, konstitusiýada gender esasly diskriminasiýanyň ähli görnüşleriniň gadagan edilýändigi bellenildi.
- 1995-nji ýylda, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen bilelikde “Deňlik, ösüş we parahatçylyk üçin hereket” atly aýallaryň ýagdaýy boýunça Dördünji dünýä konferensiýasyna gatnaşdy. Ylalaşyga görä, Türkmenistan Pekin Jarnamasyna we Hereketleriň platformasyna gol çekdi. Bu halkara jemgyýetçiliginiň aýallaryň ösüşini we aýallaryň perspektiwasynyň milli, sebitleýin we halkara derejedäki ähli syýasatlarynda we maksatnamalarynda öňe sürmek borjuny öz içine alýar.
- Şeýle hem, 1997-nji ýylda Türkmenistan aýallaryň meselesi bilen meşgullanýan esasy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Zenanlar Bileleşiginiň sekretariatyny döretdi.
- Ýöne, Türkmenistanyň döwlet metbugatynda berlen maglumatlara we habarlaryndaky görkezilişlere garamazdan, bu konwensiýalaryň we býurolaryň täsiri minimal derejede boldy. Olar esasanam halkara jemgyýetçiliginiň bir bölegi bolan häzirki zaman döwletiň keşbini döretmek maksadyna hyzmat etdi. Şeýle-de bolsa, bu üýtgeşmeler käbir wajyp zatlary durmuşa geçirdi. Zenanlar bileleşigi aýal-gyzlara ýardam etmek üçin dürli çäreleri amala aşyrdy. Şol sanda, bilim komponenti (iňlis dili we kompýuter sowatlylygy ýaly täze hünärleri ele almak), iş üpjünçilik (ýaş, işsiz aýallara iş tapmaga kömek etmek), reproduktiw saglyk we hukuk merkezleri (aýallaryň hukuklary, maşgala hukugy we Maşgala kodeksiniň düzgünleriniň düşündirişi barada aýallara we erkeklere mugt kanuny maslahatlary bermek) ýaly hyzmatlar bilen üpjün etdi. Bu hyzmatlar Aşgabatda 3 ýyl berildi, ýöne tiz wagtdan soň ýapyldy.
Häzirki zaman Türkmenistan
Gender barada täze düşünjeleriň ornaşdyrylmagy bilen, aýallaryň hereketi Zenanlar bileleşiginiň garamagyndaky aýallaryň jemgyýetçilik guramalarynyň toruny ösdürmek arkaly güýçlendirildi. Emma, Zenanlar bileleşigi gender deňligini öňe sürmän, aýallaryň hereketine gözegçilik edýän mehanizme öwrüldi. Çäklendiriji syýasy gurşaw Zenanlar bileleşigini ösmäge ýa-da öňdebaryjy bir gurama bolmaga däl-de sowet döwrüniň düşünjesinde galmaga mejbur etdi.
- 2001-nji ýyldan bäri, Zenanlar Bileleşiginiň başlygy üç gezek çalyşyldy. Halkara guramalaryň maliýe goldawynyň ýetmezçiligi sebäpli Türkmenistanyň gender meýilnamasy durgunlygyny saklaýar.
- Häzirki ýagdaý gender meselesiniň aýallaryň meselesi hökmünde köne usullar esasynda çözüljekdigini görkezýär. Şeýle hem, ýokary wezipeli işgärleriň ýygy-ýygydan çalyşylmagy netijesinde gender habardarlygy maksatnamalarynyň aglabasy gaýtadan durmuşa geçirmeli bolar.
- 1998-nji ýyldan bäri, hökümetiň gurama bölüp berýän serişdeleriniň düýpli azalandygyny nazara alsak, gün tertibinde gender deňligi syýasatyny öňe sürmegiň indi ileri tutulmaýandygy aýdyňdyr.
- Taryhyň dowamynda aýallaryň statusynyň medeni ölçegleriniň seljermesi aýal-gyzlaryň orny we statusynyň ýazylmadyk kanunyň ýazmaça kanunlardan has üstündigini we jemgyýetçilik kanunlaryny ileri tutýan gadymy däp-dessurlara esaslanýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda, Türkmenistanda BMG-nyň täsirindäki edaralaryň aýal-gyzlaryň statusyny gowylandyrmak boýunça tagallalary durnuksyzdyr. Durnukly üýtgeşmeleri gazanmak üçin halkara guramalary jemgyýetleri birleşdirmegiň we türkmen medeniýetiniň däplerini goramagyň möhümdigini ykrar etmelidir. Diňe şeýle edilenden soň, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek üçin uzak möhletli başlangyçlary nädip durmuşa geçirmelidigine karar berip bilerler.