Progres.Online

Türkmenistanda maglumat bulaşyklygy: Mekdep kompýuterleriniň sany birinji synp okuwçylarynyň sanyna deňmi?

2023-nji ýylda Türkmenistanda mekdebe başlan birinji synp okuwçylaryň sany barada gapma-garşylykly habarlar berildi. Milli mediýa – “Orient” ilkibaşda 2023-nji ýylda Türkmenistanda 76.600 sany birinji synp okuwçylaryň mekdebe başlajakdygyny habar berdi. Soňra, bu san 153.000-den gowrak diýilip üýtgedildi. Progres topary bu barada döwlet metbugat çeşmelerinde köpçülige aýan edilen maglumatlaryň ygytbarlylygyny barlamaga synanyşdy.

2011-nji ýyldan bäri, Türkmenistanda birinji synpa barýan her bir çaga prezidentiň sowgady hökmünde noutbuk berilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu kompýuterleri bilim maksatly ulanmagy üpjün etmäge jogapkärdir. 2016-njy ýyla çenli, ministrlik Hytaýdan “Lenovo” noutbuklaryny import edýärdi. Bilim ministrligi 2017-nji ýyldan başlap, birinji synp okuwçylaryny noutbuk bilen üpjün etmek üçin Aýdyň Gijeler we Agzybirlik Tilsimaty atly milli kompaniýalar bilen şertnama baglaşdy.

Ilkibaşda, çagalara Lenovo kompýuterleri, soňra noutbuk görnüşdäki oýunjaklar berilýärdi. Häzirki wagtda, çagalar Android operatiw ulgamyna esaslanýan klawiaturasy bolan planşetleri alýarlar. 1-nji grafikada 2014-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna berilen kompýuterleriň ýyllyk sany barada döwlet mediýasyndan alynan maglumatlar görkezilýär.

Grafika 1. Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna berilen kompýuterleriň sany

Çeşme: 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019, 2020, 2021, 2022, 2023.

*Bellik: Döwlet mediýasyna görä, her birinji synp okuwçysyna noutbuk berilýär. Şeýlelikde, berlen noutbuklaryň sanynyň birinji synpa barýan okuwçylaryň sanyna deňdigini çaklaýarys.

Birinji synp okuwçylarynyň sanynyň azalmagynyň düşündirişi näme?

Birinjiden, 2023-nji ýylda birinji synp okuwçylarynyň sanynyň az görkezilmegi milli mediýanyň nädogry habar bermegi sebäpli bolup biler. 30-njy awgustda, “Orient” Aýdyň Gijeler kompaniýasynyň birinji synp okuwçylar üçin 76.600 noutbuk öndürendigini habar berdi. Netijede, Orient 2023-nji ýylda 76.600 sany birinji synp okuwçylaryň mekdebe başlajakdygyny çaklady. Ýöne, 2 günden soň Orient şol bir ssylkany ulanyp, habara düzediş girizendigini duýdurmazdan sany 153.000-e düzetdi. Orient-iň habar beren 76.600 sany noutbugy diňe Aýdyň Gijeler kompaniýasynyň önümi bolup, galan 76.753 sany noutbuk Agzybirlik Tilsimaty tarapyndan öndürilen bolmagy ahmal. Şuňa meňzeş waka 2022-nji ýylda hem ýüze çykdy. Ýagny, Aýdyň Gijeler 80.000 noutbuk öndürendi emma, birinji synp okuwçylaryna 160.000 noutbuk paýlandy. Galan noutbuk toplumyny bolsa Agzybirlik Tilsimaty öndürdi.

Hökümet yzygiderli, takyk we ygtybarly maglumatlary bermese, mediýa çeşmeleri nädogry habar bermä sebäp boljak çaklamalara baş urmaly bolýarlar. Ýerli mediýa esasan birinji synp okuwçylaryna berlen noutbuklaryň sany barada habar berýär. Şol sebäpli, paýlanan noutbuklaryň sanynyň birinji synp okuwçylarynyň sanyna laýyk gelýändigi ýa-da bu görkezijiniň öýde bilim alýan maýyp çagalary hasaba alynýandygy ýa almaýandygy nämälimligine galýar.

Ikinjiden, ýurtda çaga dogluş derejesiniň peselmegi zerarly Türkmenistanda birinji synp okuwçylarynyň sany azalýar. Dogluş derejesi – aýal başyna düşýän çaga dogrum sanyny ölçeýär. 2013-nji ýyldan bäri dogluş derejesi düýpli kemelip, bir aýal başyna 3.0 çaga ýetdi. 2023-nji ýyla çenli dogluş derejesi 2.6 boldy. Türkmenistanda dogluş derejesiniň 2008-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli her ýyl ýokarlanýandygyny bellemek möhümdir. Çaga dogluş derejesiniň bellenilen ýyllarda artmagy (1-nji grafikada görkezilişi ýaly) 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli birinji synp okuwçylarynyň sanynyň hem köpelmegine sebäp boldy.

Grafika 2. Türkmenistanda çaga dogluş derejesi

Çeşme: World Bank; United Nations.

Türkmenistany 6.7 million ilaty (2021-nji ýyl) we her aýal başyna 2.9 çaga dogluş derejesi bolan Gyrgyzystan bilen deňeşdirip bileris. 2022-nji ýylda Gyrgyzystanda 165.000, 2023-nji ýylda 186.000 birinji synp okuwçylary bardy. Şeýle-de bolsa, Gyrgyzystanyň dogluş derejesi Türkmenistan bilen deňeşdirilende birneme ýokary bolup, birinji synp okuwçylarynyň sany hem köpräk. Mundan başga-da, Gyrgyzystanda dogluş derejesi diňe 2019-njy ýyldan bäri peselip başlady. Türkmenistanda bolsa dogluş derejesi 2014-nji ýyldan bäri azalýar. Umuman, Türkmenistan Merkezi Aziýada birinji synp okuwçylarynyň sanynyň azalmasyny başdan geçirýän ýeke-täk ýurtdyr. Sebitiň beýleki ýurtlary bolsa birinji synp okuwçylarynyň sanynyň artýanlygy zerarly mekdepleriň, okuw kitaplaryň we mugallymlaryň ýetmezçiligi bilen göreşýärler.

Şeýle-de, BMG-nyň çap eden ilat piramidasy (ilatyň ýaşy we jynsy boýunça bölünişi) 0-7 ýaş aralygyndaky çagalaryň sanynyň azalýandygyny aýdyň görkezýär. Bu gelejekde birinji synpa başlajak çagalaryň kemeljekdigini aňladýar.

Mundan başga-da, emigrasiýa Türkmenistanda birinji synpa barýan çagalaryň sanyna ýaramaz täsir edip biler. Ençeme ýaş erkekler we aýallar has gowy bilim we iş mümkinçilikleri gözlemek üçin ýurdy terk edýärler. Käbirleri daşary ýurtda hemişelik ýaşamak we çagalaryny göçen ýurtlaryndaky mekdeplere ibermek kararyna gelýärler. Käbir hasabatlara görä, Mary we Balkan welaýatlarynda 2017-nji ýylda doglan çagalaryň we garaşylmadyk derejede okuwçylaryň azlygy sebäpli mekdeplerde synplary birleşdirdiler. Bu bar bolan çeşmeleri peýdaly ulanmak üçin görülen çäredir. Türkmenistanda ençeme ýyllap dowam edýän ykdysady çökgünlik köp adamlaryň ýurtdan göçmegine we birinji synp okuwçylaryň sanynyň kemelmegine getirdi.

Grafika 3. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň ýaşy we jynsy boýunça sany

Çeşme: United Nations.

Umuman, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birinji synpa barýan okuwçylaryň sany baradaky gapma-garşy habarlar ýurtdaky maglumatlaryň takyklygy we aç-açanlygy bilen baglanyşykly meseleleri görkezýär. Mundan başga-da, resmi düşündirişiň bolmazlygy birinji synp okuwçylarynyň anyk sanyny kesgitlemegi kynlaşdyrdy. Orient ilkibaşda, ikinji üpjün ediji -Agzybirlik Tilsimatynyň kompýuter üpjünçiligini goşmazdan, birinji synp okuwçylarynyň sanyny ýalňyş hasaplan bolmagy mümkin. Çaga dogluş derejesiniň peselmegi we emigrasiýa derejesiniň artmagy bilen, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda birinji synp okuwçylarynyň sanynyň azalmagy dowam eder. Bu demografik we bilim ugurlarynda hem-de olaryň sosial-ykdysady täsirlerine baha bermekde yzygiderli we ygtybarly maglumatlaryň zerurdygyny görkezýär.

Ulanylan suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: