2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş okeany boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasy “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk ýurt brifi: Türkmenistan” atly seljermäni çap etdi. Seljermede Türkmenistanyň dürli demografik toparlarynyň arasyndaky ýokary derejede deňsizlikler we mümkinçlikler boşlugy bellenilýär.
Deňsizlik – esasy mümkinçiliklere deňsiz elýeterlilik. Mümkinçilikler boşlugy – esasy zerurlyklar we mümkinçilikler babatda ilatyň toparlarynyň arasyndaky bölünşigi aňladýar.
Türkmenistanda deňsizligiň iň ýokary derejesi ýokary we mekdebe çenli bilimde, internet ulanşygynda agdyklyk edýär. Aýallara garşy zorlugy aklamak käbir toparlaryň arasynda beýlekilerden has ýygy duş gelýär.
- Ýokary bilim: Ähli türkmenistanlylaryň diňe 10 %-i ýokary okuw mekdeplerini tamamlan. Şol 10% ýokary bilimlileriň diňe 2%-i pes girdejili aýallar, 23%-i bolsa ýokary gatlakdan bolan şäherli erkek adamlar.
- Mekdebe çenli bilim: Obalarda ýaşaýan, 5 ýaşa çenli üç ýa-da has köp dogany bolan çagalaryň 19%-i çagalar bagyna gatnapdyr. Şäherde ýaşaýan, bir dogany bolan ýa-da doganysyz oglanlaryň 75%-i çagalar bagyna gatnapdyr.
- Internet ulanşygy: 35 ýaşdan uly oba ýaşaýjylarynyň diňe 27 %-i, 15-25 ýaş aralygyndaky şäher ýaşaýjylarynyň bolsa 75 %-i internet ulanýar.
- Aýallara garşy zorlugyň kabul edilişi: 25-34 ýaş aralygyndaky, 5 ýaşa çenli bir ýa-da birnäçe çagasy bolan obaly aýallaryň 66 %-i zorlugy türkmen jemgyýetinde kesgitli gender rolyny saklamak hökmünde aklaýarlar. Mundan tapawutlylykda, 5 ýaşa çenli çagasy bolmadyk, 15-25 ýaşdaky şäherli aýallaryň diňe 30 %-i aýallara garşy zorlugy “milli” gender rolyny saklamagyň kabul ederlikli usuly hasaplaýarlar.
Hasabata görä, ýaş, synp, gender we obada ýa şäherde ýaşamak tapawudy Türkmenistandaky mümkinçilikler boşlugyna täsir edýän faktorlaryň ählisidir. Obada ýaşaýan aýallar has yza galan, şäherli gurply erkekler bolsa has öňde/kän mümkinçiliklere eýe.
Gowy habar: Hasabata görä, orta bilim, elektrik togy, agyz suwy, zerur sanitariýa we çaga dogrumynda doktoryň/akuşeriň elýeterliligi, 5 ýaşa çenli agramly çagalar babatda mümkinçilikler boşlugy tapylmady.