Progres.Online

Türkmenistanda internet senzurasynyň giň gerimi: 122.000 domen petiklendi

2021-2022-nji ýyllar aralygynda, Çikago we Maryland uniwersitetlerinden kompýuter ugry boýunça alymlar topary Türkmenistanyň internet senzurasy barada ilkinji uly barlagy geçirdiler. Barlag “Türkmenistanyň internet senzurasyny ölçemek we böwüsmek” diýilip atlandyrylyp, Türkmenistanyň hökümetiniň internete girmegi petiklemek üçin tora gorag diwarlary (iňlisçe: firewall) we böwetleýiji usullary nähili ulanýandygyny gözden geçirýär.

Alymlar topary Türkmenistanyň hökümediniň çylşyrymly tehnologiýany ulanýandygyny we adamlaryň pikir edişinden has köp websaýtlary petikleýändigini ýüze çykardy. Topar 15.5 milliondan gowrak domeniň senzura edilýändigini ýa edilmeýändigini barladylar. Netijede, 122.000-den gowrak domeniň petiklenendigini anykladylar. Alymlar hökümediň filterleriniň ulanýan petikleme sanawyny gözden geçirenden soň, hökümediň 6000 sany aşa petiklemelerini ýüze çykardylar. Şeýle hem, şol petiklemeleriň hökümediň petiklemek islän domenlerine baglanşyksyz 5.4 million domene täsir edýändigini anykladylar.

Türkmenistan “düzgüne esaslanýan” petikleme ulgamyny ulanyp domenleri petikleýär. Mysal üçin: pornografiki sahypa bolmasa-da, “porno” sözüni öz içine alýan her bir domen adyny awtomatik usulda petiklenilýär. Bu usul petiklenmek islenilýän websaýtlar bilen baglanşyksyz ençeme websaýtlaryň petiklenmegi zerarly ägirt uly gytaklaýyn zyýan ýetirip biler.

Petiklemek üçin ulanylýan esasy sözleriň 75% -i iň esasy 20 sany kategoriýa toparynda ýer alýar. Iň köp senzura edilýän kontentler:

  1. Ulular üçin kontentler – pornografiýa köplenç petiklemeleriň 25% -ini eýeleýär.
  2. Näbelli kontentler – haýsydyr bir Web kontendiň eýeçiligi ýa-da işjeň onlaýn bolmadyk domenleri öz içine alýar. Bu domenler Türkmenistanyň torara gorag diwarynyň petikleme sanawyna goşuldy we offlaýn statusyna garamazdan petiklendi.
  3. Biznes, habarlar, sosial media we senzurany böwüsýän aradurarlar bilen bagly websaýtlar.

Petiklenen kontentlere LGBTQ +, gender şahsyýetlilik boýunça bilim we hatda, Brookings instituty, Liberty uniwersiteti we Garward teologiýa mekdebi ýaly ýokary bilim intitutlarynyň domenleri hem degişli. Şeýle hem, hökümet WordPress websaýtlaryny, ýagny köplenç aktiwistleriň we bloggerleriň ulanylýan .org bilen gutarýan websaýtlaryny-da petikleýär.

Barlag topary Türkmenistanda internet senzurasyndan üstün çykmak üçin 5 sany täze strategiýany işläp düzdi. Topar Hytaýda, Eýranda, Gazagystanda internet senzurasyna garşy göreşmek üçin üstünlikli ulanylýan, şol sanda Türkmenistanda hem ulanyp boljak käbir usullary täzeden oýlap tapdy. Alymlar Türkmenistanyň halky bilen paýlaşyp boljak böwüsiji gurallary döretmek üçin maglumatlar toplumyny we kodlary beýleki gözlegçiler we programistlar bilen paýlaşmagy meýilleşdirýärler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: