Progres.Online

Türkmenistanda internet kesilmeleri baradaky hekaýalaryňyzy paýlaşyň

Progres Fondy Türkmenistanda maglumatlara we bilime erkin elýeterliligi goldaýar. Eger-de siz internet kesilmesiniň pidasy bolan bolsaňyz, biz bu barada sizden eşitmek isleýäris. Bu mobil internetiň, internet aragatnaşygyň (öý ýa iş ýerleri üçin internet), telefon hyzmatlarynyň ýa-da IMO, Telegram, Facebook ýaly belli bir priloženiýalaryň işlemezligini öz içine alýar.

ÜNS BERİŇ: Bizi diňe Türkmenistanyň çäginde internetiň işleýişi bilen baglanşykly hekaýalar (başdan geçirmeler, tejribeler) gyzyklandyrýar.

Bu ýerde ýazan zatlaryňyz, wakalar “Türkmenistanda üznüksiz we senzuradan azat Internet” kampaniýasynyň çäginde guramamyzyň internet kesilmelerine garşy alyp barýan işlerine goldanma bolar. Razyçylygyňyz esasynda siziň hekaýalaryňyzy web saýtymyzda we Instagram hasabymyzda çap ederis.

Biz siziň şahsy durmuşyňyza hormat goýýarys we tejribeleriňizi hakyky adyňyzyň ýerine lakamyňyz bilen ýa-da atsyz kabul etmäge taýyardyrys. Bize başga biriniň adyndan (meselem, garyndaşyňyz), başga bir tanyş adamynyň duş bolan meselesi bilen hem ýüz tutup bilersiňiz. Soraglaryňyzy we hekaýalaryňyzy turkmen.progres@gmail.com adresine iberip bilersiňiz.

Howpsuzlyk we gizlinlik

Howpsuzlygyňyz iň esasy wajyplykdyr we siziň jogapkärçiligiňizdir. Sizi iş berijilerden, hökümet edaralaryndan ýa-da beýleki taraplardan repressiýa töwekgelçiligine (basyşlara) sezewar edip biljek zatlary paýlaşmaň.

Hekaýaňyzy nähili ulanarys?

Hekaýaňyz biziň üçin gymmatlydyr! Hekaýaňyzy okarys we Türkmenistanda internet kesilmelerine garşy we erkin internete elýeterlilik ugrunda alyp barýan işlerimiziň çäginde paýlaşarys.

Hekaýaňyzy terjime etmegimiz ýa-da düşnükli bolmagy üçin tekstiň ululygyny, stilini, gramatikasyny ýa-da dürs ýazuwyny redaktirlemegimiz ahmal. Ýöne ýazan faktlaryňyzy üýtgetmeýäris.

Hekaýaňyzy çap etmegimize garamazdan, ony başga bir ýerde hem öz islegiňize görä çap edip bilersiňiz.

ÜNS BERIŇ: Bizi diňe Türkmenistanyň çäginde internetiň işleýişi bilen baglanşykly hekaýalar gyzyklandyrýar.

Sizden soralýan soraglar:

  1. Näçe ýaşyňyzda?
  2. Käriňiz näme?
  3. Internet kesilmesi size nähili täsir etdi? Bize näçe kän jikme-jiklikleri berseňiz has gowy bolar. Mysal üçin: daşary ýurtdaky maşgala agzalaryňyz bilen gürleşip, daşary ýurt habarlaryny okap, bilim we lukmançylyk saýtlaryna girip, işiňizi ýerine ýetirip, biznesiňizi ösdürip bilmedigiňiz hakynda maglumatlar we ş.m.
  4. Türkmenistanyň haýsy welaýatynda/şäherinde/şäherçesinde/obasynda internet kesilmesiniň täsirini başdan geçirdiňiz?
  5. Internet kesilende haýsy hyzmat, web saýt ýa-da priloženiýa iň köp ýetmezçilik etdi?
  6. Internet kesilmesi haýsy gün başlady we näçe wagt dowam etdi (birnäçe sagat, bir gün, bir-iki gün)? Eger takyk senäni bilmeýän bolsaňyz, çak edýän senäňizi ýazyp bilersiňiz.
  7. Kesilmäniň derejesi nähilidi? Internet doly ýa-da bölekleýin kesildimi? Internetiň pes tizligi sebäpli hiç zat işlemedimi, käbir saýtlar/priloženiýalar petiklendimi (meselem: IMO, Instagram, Twitter)?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: