Progres.Online

Türkmenistanda howpsuz agyz suwuna elýeterlilik

Türkmenistanda çölleşmek, suw ýetmezçiligi we guraklyk ýaly meseleler halkara guramalaryň hasabatlarynda belli bir derejede bellenildi. Türkmenistanda agyz suwunyň ýagdaýy baradaky maglumatlar bolsa çäklidir. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suw desgalarynyň işine, suw baýlyklaryny goramaga, ilatyň we ykdysady pudaklaryň suw üpjünçiligine, suw baýlyklaryny dolandyrmagy gowulandyrmak boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine we alyp barylmagyna jogapkärdir.

Komitetiň resmi web saýty bar, ýöne saýtda ýurtdaky suw baýlyklarynyň ýagdaýy barada maglumatlar çap edilmeýär we habarlar bölüminde suw bilen baglanyşyksyz habar makalalary berilýär. Aşakda bellenilen käbir çeşmelere görä, ýurduň ilatynyň 100%-e golaýyna esasy agyz suwy (hili, elýeterliligi, bahasy we ş.m boýunça minimum standartlara laýyk gelýän suw), 99%-ine bolsa esasy sanitariýa elýeterli. Emma, halkara guramalaryň resmi hasabatlary bilen çäkli ylmy gözlegleriň we media habarlaryň berýän maglumatlarynyň arasynda gapma-garşylyklar bar.

Elýeterli maglumatlaryň hiliniň pesligini we dürli-dürlidigini göz öňünde tutup, esasy agyz suwynyň elýeterliligi we sanitariýa bilen bagly maglumatlaryň yzygiderli gözegçilik edilmegine we hasabat berilmegine gyssagly zerurlyk bar. Agyz suwunyň hili ilatyň saglygyna uly täsir edýär. Howpsuz agyz suwuna elýeterlilik baradaky maglumatlar oba ýerleri üçin aýratyn wajypdyr. Çünki, oba ilatynyň howpsuz we merkezleşdirilen suw paýlaýyş ulgamlaryna elýeterliligi entek näbelli. Mundan başga-da, çaklamalary, kesgitlemeleri we usullary ygtybarly we aç-açan hasabat bermek üçin has köp ylmy barlaglar gerek.

Bu makala howpsuz agyz suwy barada jemgyýete elýeterli dürli çeşmelerden toplanan maglumatlaryň gysgaça mazmunyny berýär.

Agyz suwuna elýeterlilik barada halkara guramalaryň hasabatlary

Dürli çeşmeler Türkmenistanda agyz suwunyň elýeterliligi barada tapawutly maglumatlar berýärler. Onuň sebäplerinden biri bolsa resminamalarda görkezilen ýyllaryň dürli-dürli bolmagydyr. Birnäçe hasabatlar ýa agyz suwunyň elýeterliligi bilen gönümel baglanyşykly ýa-da bu temany bölekleýin öz içine alýar. Olar:

  • Türkmenistanyň Global Suw Hyzmatdaşlygyna beren “Türkmenistanyň sebitleýin suw hyzmatdaşlygy baradaky milli hasabatynda” (senesi näbelli) ýurduň suw talabynyň bary-ýogy 60%-ini ýa-da ýyllyk 746.5 million m3 talabyň diňe 438 million m3 -ny kanagatlandyrýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, ilatyň diňe 30%-ine hilli gowy agyz suwy elýeterlidigi, 51%-iniň bolsa agyz suwuna kanagatlanarly derejede elýeterliliginiň ýoklugyny habar berdi. Şol hasabat ilatyň kanalizasiýa ulgamyna deňsiz elýeterliligi meselesini gozgap, onuň ilatyň diňe 44%-ine elýeterlidigini we şäherleriň zibilleriniň erbet dolandyrylmagy şäherleriň daşynda ýerüsti we ýerasty suwlary hapalaýandygyny belleýär.
  • Bekturganow we beýleki awtorlaryň (2016) suw bilen bagly saglyk meseleleri boýunça geçiren barlagy Türkmenistanda şäherleriň 85%-iniň we oba ilatynyň 42%-iniň agyz suwuna elýeterliliginiň barlygyny belleýär. Ýurtda käbir adamlarda suw bilen baglanyşykly keseller ýüze çykypdyr: 7955 adam içege ýokançlyklary, 22 adam garyn garahassalygy we 4318 adam gepatit wirusy bilen keselledi.
  • 2017-nji ýylda Norwegiýanyň lukmançylyk assosasiýasynyň “Tidsskriftet” žurnaly çap eden makalasynda Aral deňziniň sebitindäki suw bilen bagly meseleler barada habar berdi. Tebigy betbagtçylyk sebäpli köl suwunyň düzümi üýtgäp, duzuň konsentrasiýasy 10 esse ýokarlandy. Bu ýerli ýerasty suwlarda duzuň konsentrasiýasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) howpsuzlyk standartyndan 6 esse ýokarlanmagyna getirdi. Makalada 2000-nji ýylda Aral deňzi sebitiniň ilatynyň diňe 32%-ine howpsuz agyz suwynyň elýeterlidigi habar berildi. Şeýle hem, suw ýetmezçiligi we suw hapalanmasy gepatit A we içgeçme keselleri ýaly keselleriň ýokaşmagy bilen baglanyşdyryldy.
  • BMG-nyň Azyk we oba-hojalygy guramasynyň statistikasynyň hasabaty (FAOSTAT) has oňyn ýagdaýy görkezýär. 2010-njy ýyla çenli Türkmenistanyň şäher ilatynyň 97%-ine we 2006-njy ýyla çenli oba ilatynyň diňe 72%-ine gowulandyrylan suw çeşmeleri elýeterlidi. Hasabat 2012-nji ýylda çap edilip, könedir we täze hasabatlar ýok.
  • Täze hasabatlara görä, soňky ýyllarda ýurtda ýagdaý gowulandy. Bütindünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň howpsuz agyz suwundan peýdalanma derejesi 2000-nji ýylda 67% bolanlygyndan 95%-e ýokarlandy.
  • UNISEF MICS programmasy agyz suwy we sanitariýa ýaly dürli barlag netijelerini çap edýär. Bu hasabatda hem ilatyň ~100%-ine esasy agyz suwunyň elýeterlidigi, çäklendirilen we gowylandyrylmadyk suwdan peýdalanýan ilatyň sanynyň 0-a ýakyndygy we hyzmatlaryň ýetersizligi barada ýeke wakanyň ýokdugyny belleýär. Bu hasabatdaky “Esasy gowulandyrylan agyz suwy” – suwuň suw geçirijiler, skwažinalar ýa-da turba görnüşli guýylar, goralýan guýular, goralýan çeşmeler, ýagyş suwlary ýa-da gaplanan suwlar ýaly ygtybarly çeşmelerden gelýändigini aňladýar. Mundan başga-da, hasabat netijelerine görä, ilatyň 99%-ine esasy sanitariýa elýeterli (desgalar nejasatyň adam galtaşmasyndan aýry boljak şekilde dizaýn edilmegi. Meselem: nejasatyň kanalizasiýa ulgamyna, septiki tanklara, ýuwundy çukurlara, bio hajathanlara akdyrylmagy). Ilatyň 1 göteriminden hem az böleginde çäkli sanitariýa bolup, bu desgalaryň arassadygyny, ýöne beýleki öý hojalyklary bilen paýlaşylýandygyny aňladýar. Ýurt derejesinde ilatyň 23%-i kanalizasiýa ulgamyna, 77%-i bolsa kanalizasiýa arkaly akdyrylmaýan ýerli sanitariýadan (nejasatyň bir ýerde toplanyp saklanmagy) peýdalanýarlar. Kanalizasiýa birikmesiniň derejesi Aşgabatda (93%) we Balkan welaýatynda (49%) ýokary, emma ýurduň beýleki sebitlerinde 15%-den pes.
  • Türkmenistanyň resmi statistika websaýty BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlary bölekleýin çap edýär. DÖM-iň 6-nji maksady (DÖM 6) Hemmeler üçin arassa suw we sanitariýa elýeterliligi baradadyr. Elýeterli bolan maglumatlara görä, 2016-njy ýylda ilatyň 82.8%-i howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek arkaly dolandyrylýan agyz suw hyzmatlaryndan peýdalanýardy we bu görkeziji 2019-njy ýyla çenli 99.9%-e ýetdi. Şol seneden bäri, bu tema boýunça täzelenmeler çap edilmedi. Mundan başga-da, DÖM 6 görkezijilerinden biri öý hojalykda we senagatda akdyrylýan suwlaryň howpsuz arassalanma paýydyr. 2015-2016-njy ýyllarda akdyrylýan suwlaryň arassalanma paýy diňe 17.5-18.5%-di, emma 2021-nji ýyla çenli bu görkeziji 60%-e çenli ýokarlandy. Bellesek, 2023-nji ýylda bu paý 48.7%-e çenli azaldy. Hökümetiň suw we sanitariýa bilen baglanyşykly ösüşe ýardamy ýa-da ýerli jemgyýetleriň suw dolandyryşyna gatnaşmagyny höweslendirýän täze dolandyryş edaralary ýaly käbir maglumatlar entek çap edilmedi.
  • 2015-nji ýylda Global daşky gurşaw gaznasy (GEF) Türkmenistanda $78 milliondan gowrak býujet bolan Suwy durnukly dolandyrmak boýunça taslama başlady. Taslamanyň maksady energiýa ulanmak arkaly syzýan parnik gazlaryny suw dolandyryşda azaltmak we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almakdy. Taslamanyň teklip resminamasy Balkan welaýatynda agyz suwunyň ~50%-iniň sanitariýa standartlaryna laýyk gelmeýändigini, bu bolsa suwuň ýygy-ýygydan çäkli paýlanylyp berilmegine we suw bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny belleýär. Hasabat Türkmenistanyň täzelenýän energiýa mümkinçiliklerine baýdygyny, olary suw üpjünçiligi meselelerini çözmek üçin suwy ýokary çykarmakda we gün ýa-da ýel energiýasy arkaly suwy süýjetmekde ulanyp boljakdygyny nygtaýar.

Medianyň habarlary

Ilatyň aglabasynyň howpsuz agyz suwuna we sanitariýa elýeterliliginiň ýokarydygy hasabat berilse-de, media başga bir hakykaty habar berýär.

Mysal üçin: 2004-nji ýylda agyz suwunyň duzlulygy we gatylygy babatda Eurasianet.org habarlary Türkmenistanyň käbir ýaşaýjylaryna diňe ýokary duzly suwuň elýeterlidigini habar berdi. Bu Daşoguz welaýatynda aýratyn ýiti mesele bolup, welaýatyň ilatynyň diňe 20% töweregi arassa agyz suwy bilen üpjün edilipdir. Mundan başga-da, käbir çaklamalar Aral deňziniň sebitindäki ilatyň 40%-e golaýy (şol sanda, Türkmenistanda Daşoguz, Özbegistanda Horezm we Garagalpakstan regionlary) böwrek kesellerinden ejir çekýändiklerini görkezdi. Emma, Türkmenistanyň ýerasty suwlarynyň tebigy duzlulygy sebäpli bu mesele tutuş ýurtda bolup, suwuň süýjedilmegi zerur. Amyderýanyň suwunyň hem ýokary akymdaky ýurtlaryň işjeňligi zerarly duzlydygy habar berilýär (Eurasianet, 2004).

Habar berilýän maglumatlaryň biri-birinden tapawutlydygyny suwuň elýeterliligi we hili barada hem görmek bolýar. Meselem:

  • Hökümetiň habarlaryna meňzeş käbir habarlar çeşmeleri-de Türkmenistanyň ilatynyň 99.9%-iniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän suw üpjünçilik hymatlaryndan peýdalanýandyklaryny belleýärler. Bu görkeziji suw infrastrukturasyna maýa goýumlary goýmak, suw dolandyryşyny gowulandyrmak we arassa suwuň ähmiýeti barada jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylandygyny öňe sürýärler. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda garaşsyz media Türkmenabatdaky suwuň hiliniň BSGG-nyň maslahat berýän howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmeýändigini, suwuň gatylyk derejesiniň bir litr üçin 11.3 milligram kalsiý karbonata deňdigini habar berdi.
  • Şol bir wagtda, 2024-nji ýylda has kän media habarlary ýurtda suwuň elýeterliliginiň çäklidigi we bütin ýurt boýunça suw kesilmeleri barada habar berdi. Garaşsyz media kran suwunyň çäkli görnüşde paýlanylmagy, käbir welaýatlarda tomus aýlarynda irden diňe bir sagat, agşam bolsa iki sagat kran suwunyň berilendigini habar berdi. 2022-nji ýylda hatda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem kran suwunyň çäkli görnüşde paýlanylmagy sebäpli nägilelik bildirdiler we ýerli resmileriň muny habar bermezligi ýagdaýy has erbetleşdirdi. Bu ýyl paýtagtda we oňa ýanaşyk Änew şäherinde suwuň hiliniň ýaramazlaşýandygy barada habar berildi. Habarlara görä, Ahal welaýatynda dürli suw ulanyjylaryň arasynda dartgynlylyk bolupdyr.
  • Balkan welaýatynyň birnäçe şäheriniň ýaşaýjylary jokrama yssy günlerde birnäçe gün suwsuz we elektriksiz galypdyrlar. Türkmenbaşy şäheriniň käbir ýerlerinde suw bütin gün kesilipdir.
  • 2024-nji ýylda diňe Gurban baýramynyň bellenilen hepdesinde birnäçe suw kesilmeleri boldy. Suw 40 gradusdan ýokary bolan yssy günlerde habardar edilmezden duýdansyz kesilýär. Öňünden duýduryş berilmegi adamlara agyz suwuny ätiýaçlyk üçin toplamaga, suwsuz galmak we suwsuzlykdan ölmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär.
  • Ýurduň infrastrukturasy ýaramazlaşýar. Beýleki welaýatlaryň şäherleri we şäherçeleri has uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýjylar yzygiderli suw kesilmeleri sebäpli öz suw infrastrukturasyna özleri çykdaýjy etmäge mejbur bolýarlar.

Hökümet tarapyndan görülýän çäreler

1999-njy ýylda kabul edilen BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) we BSGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň (WHO/Europe) garamagyndaky Suw we saglyk meseleleri boýunça protokoly köptaraplaýyn daşky gurşaw şertnamasydyr. Protokol hemmeler üçin howpsuz agyz suwy we sanitariýa üpjünçiligi, agyz suw çeşmelerini goramak we suw bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak we azaltmak maksatlaryna ünsi jemleýär.

Protokol eýýäm ony tassyklan 27 döwlet üçin ýuridiki taýdan borçlandyrýan resminamadyr. Özbegistan protokola 2023-nji ýylyň ahyrynda goşuldy we Gazagystan hem agza bolmagy göz öňünde tutýar. Ýöne, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň protokola goşulmak mümkinçiligi barada ýurtda gurnalan käbir seminarlara garamazdan, Türkmenistan bu protokola heniz goşulmady.

Suw kesilmeleriniň artmagy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň suwuny süýjediji ulgam arkaly paýtagta ibermegi teklip etmegine iterdi (Azatlyk radiosy, 2022).

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabatda täze suw arassalaýyş desgasy işe girizildi. Desga Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üznüksiz üpjün etmek üçin suwy birnäçe tapgyrdan geçirýän arassalaýyş enjamlary we süzgüçler bilen enjamlaşdyrylan. Desganyň günlük 150 müň m3 suwy arassalama kuwwaty bar. Bu ýyl ýene bäş suw desgasy gurulýar: biri Ahal welaýatda (kuwwaty günlük 30 müň m3 suw), ikisi Balkan welaýatynda (jemi 50 müň m3 suw/günlük) we ýene iki sanysy Mary welaýatda (jemi günlük 45 müň m3).

Döwlet mediasynda süýji suw gözlegleri

Soňky ýyllarda suw çeşmeleriniň gözleg ekspedisiýalary hem amala aşyryldy. Şeýle mysallaryň biri 2023-nji ýylda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkan welaýatynda gidrogeologiki ekspedisiýasydyr. Korporasiýa ilat we oba hojalygy üçin agyz suwuny tapmagy meýilleşdirip 6353 metr guýy gazdylar. Ekspedisiýa Gyzylarbat şäheriniň golaýynda Jahangyr ýatagynyň tapylmagy bilen suw gorlarynyň köpelmegine sebäp boldy. Mundan başga-da, Türkmengeologiýa merkezi barlaghanasy tarapyndan suwuň ýokary hillidigi, içmek we oba hojalygy üçin amatlydygy anyklandy. Emma, suwuň gatylygy barada jikme-jiklikler berilmedi. Şuňa meňzeş işler Gyzylarbat şäheriniň golaýyndaky beýleki ýerlerde (Purnuwar meýdançasynda dag jülgesinde) alnyp barylýar we ol ýerde tapylan suw ýataklary diňe içmek üçin ulanylmagy meýilleşdirilýär.

Öňki ekspedisiýalar, meselem, 2020-nji ýylda Daşoguzyň Gurbansoltan Eje etrabynyň Uçkepderi meýdançasynda, şeýle-de Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda agyz suw gorlaryny tapdy. Balkanabatda geçirilen ekspedisiýalar Serdar etrabyndaky Çukur meýdançasynda ýerasty süýji suwlaryň täze gorlaryny ýüze çykardy. Habarlara görä, bu ýataklar Hajygala, Çukur, Bendesen we Ajidere ýaly obalary agyz suwy bilen üpjün etmegine garaşylýar.

Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: