2024-nji ýylyň martynda Bütindünýä Banky “Türkmenistanda gender ýagdaýy” atly brifi çap etdi. Brif Türkmenistanda gender deňliginiň häzirki ýagdaýy barada umumy maglumat berýär. Bu gender deňliginiň ösüşine gözegçilik etmäge we täsirli syýasatlary işläp düzmäge kömek edip biler. Brif 2017-nji ýyldan bäri Bütindünýä Bankynyň Türkmenistan boýunça çap eden görkezijileri öz içine alýan ilkinji resminamasydyr.
Brife görä, Türkmenistanda aýallaryň 6.1%-i 18 ýaşa ýetmänkä durmuşa çykýar we 15-19 ýaş aralygyndaky 1000 aýalyň 21.8-i ilkinji çagasyny dogurýarlar. Ir ýaşda durmuşa çykýan aýallaryň sany 2000-nji ýylda 9.1% bolanlygyndan peselse-de, bu enelik we öý-hojalyk jogapkärçiligini öz üstüne alýan ençeme gyzlaryň ýokary bilim we iş mümkinçiliklerine böwet bolýar.
- Türkmenistanda aýallaryň diňe 18.2%-i ýokary okuw mekdeplerinde okaýar. Deňeşdirsek, bu görkeziji Ýewropa we Merkezi Aziýada (ÝMA) 85.8% we ýokary orta-girdejili ýurtlarda 68.8%. Bu Türkmenistandaky aýallaryň ykdysady mümkinçiliklerine ýaramaz täsir edýär. Meselem: aýallaryň işçi güýjüne gatnaşyk derejesi (%15 +) 2011-nji ýylda 50.1%-den 2022-nji ýylda 49%-e çenli azaldy.
- 15-49 ýaş aralygyndaky 10 aýaldan 3-si goragsyz (sosial taýdan goragsyz, az zähmet hakly we ş.m) wezipeleri eýeleýär. Türkmenistanda tölegli we aýlykly işde işleýän aýallaryň sany 68%, emma ÝMA sebitinde bu görkeziji 86.1%. Türkmenistanda işleýän aýallaryň 22.2%-i oba hojalygynda işleýär, deňeşdirsek ÝMA ýurtlarynda bu aýallaryň 6.59%-ine deň.
- Türkmenistanda erkekler aýallardan 16 esse köp ministr derejesindäki wezipeleri eýeleýärler. Türkmenistanda 2022-nji ýylda ministr derejesindäki wezipelerde aýallaryň paýy bary-ýogy 5.88% bolup, 2010-njy ýyldaky 6.30%-den azaldy. Deňeşdirsek, bu görkeziji ÝMA sebitinde aýallaryň 27%-i we ýokary orta-girdejili ýurtlaryň aýallarynyň 21.2%-i ministr derejesindäki wezipelerde işleýärler.
- Hroniki damar kesellerinden, rak, süýji keseli ýa-da ýürek-damar, dem alyş keselinden (30-70 ýaş aralygy) ölýän aýallaryň sany 2011-nji ýylda 25% bolanlygyndan 2019-njy ýylda 22.3%-e çenli azalsa-da, bu ÝMA sebitinden (11.4%) we ýokary orta-girdejili ýurtlardan (12.9%) has ýokarydyr.
Çäklendirilen we elýetersiz maglumatlar sebäpli Türkmenistanda gender deňliginiň ýagdaýyna giňişleýin syn bermek kyn. Mysal üçin: Türkmenistan Bütindünýä Bankynyň 190 ýurtda işleýän aýallaryň ýaşaýyş aýlawyna baha berýän Aýallar, Biznes we Hukuk (WBL) indeksinde 100 baldan NA (näbelli) balyny aldy. Orta ösüşe garamazdan, Türkmenistanda gender boşlugy, gender esasly zorluk we aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan oňaýsyz sosial kadalary dowam edýär we aýallaryň adam kapitalynda gazanýan öňe gidişlikleri entek peýdalanylmaýar. Bütindünýä Bankyna görä, gender deňligi arkaly has uly ykdysady üstünlik gazanmak üçin Türkmenistan aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan ösmegindäki päsgelçilikleri aýyrmaly, sesiniň eşidilmesini we özbaşdaklygyny gowulandyrmaly.