Progres.Online

Türkmenistanda elektrige elýeterliligi üpjün etmek üçin elektrik togunyň kesilmeginiň sebäplerine düşünmek

Halkara statistikalarynda, şol sanda Bütindünýä bankynyň we BMG Türkmenistanyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan elektrik energiýasynyň 100% elýeterliligi üçin ykrar edildi. BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistan boýunça meýletin milli synynda: “Bütewi gaz transport we elektrik ulgamynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan özüniň tebigy gazy we elektrik energiýasy bilen ykdysadyýetiniň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar” – diýip bellenilýär.

2020-nji ýylda ilatyň elektrik togyna elýeterliligi 99.6% bolanlygyndan, 2021-nji ýylda bu görkeziji 100%-e ýetdi. (1-nji grafika seret)

Grafika 1
Ilatyň elektrik energiýasyna elýeterlilik derejesi.
Çeşme: BMG Türkmenistan

Hökümetiň maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýylylyk elektrik beketlerine aýratyn üns bermek bilen, uly möçberde maýa goýumlary goýdy we elektrik beketleriniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurt gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyna, Masdar kompaniýasynyň yglan eden 100 MWt gün fotogalwanik (PV) stansiýasyna we oba ýerlerinde, edara binalarynda, myhmanhanalarda dürli kiçi gün PV taslamalary ýaly taslamalara maýa goýmak arkaly täzelenýän energiýa ugrunda öňegidişlik gazanýar. Nazarýetde, ýurduň şäher merkezlerine ýakyn öý-hojalyklarynda elektrik energiýasy elýeterli. Hakykatda bolsa, elektrik üpjünçiliginiň hili barada çynlakaý aladalar bar.

Elektrik togunyň kesilmegi: Mydamalyk mesele

Elektrik ulgamynyň işleýiş wagty barada resmi statistika ýok. Emma, birnäçe hasabatlar elektrik togynyň ýygy-ýygydan kesilmeginiň bank işine, önümçilige we söwda ýaly möhüm hyzmatlara täsir edýändigini we satuwyň azalmagyna sebäp bolýandygyny görkezýär. Bütindünýä bankynyň ösýän 138 ýurtda (Türkmenistany öz içine almaýar) geçiren barlagy, her 100 sagat elektrik togunyň kesilmegi satuwy 0.29% peselýändigini görkezýär (2-nji grafika seret). Meselem: Gyrgyzystan elektrik kesilmesi sebäpli Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 3%-ini ýitirýär.

Grafika 2
Ortaça söwda ýitgisi we elektrigiň kesilmesi barada maglumat.
Çeşme: Bütindünýä banky

Gynansakda, Türkmenistanda yzygiderli elektrik kesilmeleri gündelik durmuşyň kabul edilen bölegine öwrüldi. Raýatlar bolsa jeza berilmeginden gorkup, üznüksiz elektrik üpjünçiligini talap etmekden çekinýärler. Ozal adamlar üznüksiz elektrik talap etmegiň mugt jemgyýetçilik hyzmatlary üçin gadyr bilmezligiň alamaty boljakdygyna ynanyp, şikaýat etmäge ýaýdanýardylar. Elýeterli, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterlilik adamlaryň abadançylygy üçin möhümdir. Hökümet köplenç bu ugurda edýän tagallalary üçin öwünýär. Ýurduň elektrik pudagyndaky kadalaşdyryjy çäreleridurnukly we üznüksiz elektrik üpjünçiligini üpjün etmäge” gönükdirilendir. Hatda, öňki prezident we häzirki Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň elektrik üpjünçiligi barada “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitaby çap etdi.

Mundan başga-da, global maýylganlyk baradaky aladalaryň artmagy bilen ygtybarly elektrik üpjünçiliginiň ähmiýeti ýokarlanýar. Bütindünýä banky Türkmenistanda ortaça temperaturanyň ýokarlanjakdygyny, gurakçylygyň ýygylygynyň we suw ýetmezçiliginiň artjakdygyny çaklaýar. Munuň adamlaryň saglygyna, durmuşyna we ekosistemlara ýaramaz täsir etmegi mümkin. Türkmenistanyň köp ýerlerinde 40 gradusdan ýokary temperatura adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu kondisioneriň elýeterliliginiň ýaşaýyş we ölüm meselesi bolmagyna getirdi.

Meseläniň asyl sebäbi: Elektrik geçiriji we paýlaýyjy infrastruktura

Elektrik energiýasyny öndürmek üçin tebigy gazyň boldygyny göz öňünde tutsak, Türkmenistan üçin energiýa howpsuzlygy mesele däl. Ýurt diňe içerki talaby kanagatlandyrmakda däl, eýsem Gyrgyzystana, Özbegistana we Pakistana uly mukdarda elektrik energiýasyny eksport etmek üçin ýeterlik elektrik öndürme kuwwatyna eýedir. Meseläniň düýp sebäbi ýurtdaky könelen elektrik geçiriji we paýlaýyjy infrastruktura, elektrik liniýalary, transformatorlary we ş.m bolmagy ahmal. Köne elektrik öndüriji desgalaryň komponentleri birnäçe sebäplere görä elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolup biler:

  • Elektrik infrastrukturasynda döwrebap gorag funksiýasynyň ýetmezçiligi bolup biler. Bu ulgamdaky elektrik togunyň güýjemesini ýa-da näsazlyklaryny ýitileşdirip biler.
  • Elektrik ulgamynyň könelişen komponentlerinde izolýasiýanyň (energiýa geçirijiligi peseldýän materiallar) ýaramazlaşmagy ýüze çykyp biler. Bu bolsa elektrik ýitgileriniň ýokarlanmagyna we tygşytlylygyň peselmegine getirýär.
  • Könelen infrastruktura ösýän ykdysadyýetiň barha artýan energiýa talaplaryny kanagatlandyrmak üçin kuwwatsyz bolmagy mümkin. Bu energiýanyň iň köp sarp edilýän wagtlarynda ulgamyň aşa gyzmagyna we näsazlyklara sebäp bolýar. Netijede, ulgam howa şertleriniň üýtgemegi zerarly elektrik energiýasynyň sarp edilişindäki üýtgeşmelere garşy has gowşak bolýar.

Howanyň üýtgemegi bilen elektrik energiýasynyň sarp edilmeginiň arasynda uly arabaglanyşyk bar. Çünki, howanyň üýtgemegi temperaturanyň üýtgemegi (kondisionerleriň köp ulanylmagyna sebäp bolýar), möwsümleriň çalyşmagy, gündiz sagatlary (yşyklandyryşa talap artmagy), howanyň işjeňlige täsir etmegi (öýde oturmak we telewizora seretmek) we tupan bilen bagly bökdençlikler (agaçlaryň elektrik liniýalaryna düşmegi) arkaly öý-hojalyklarda elektrik togunyň sarp edilişine täsir edýär.

Elektrik togunyň kesilmeginiň öňüni almak we ygtybarly elektrik üpjünçiligini üpjün etmek üçin bu komponentleri yzygiderli abatlamak, täzelemek we çalyşmak möhümdir. Gynansakda, bu wajyp infrastrukturanyň ýaşy we ýagdaýy barada maglumatlar çäkli. Türkmenistan Aziýa Ösüş Bankyndan infrastrukturany gowulandyrmak üçin $500 million karz aldy. Şeýle maýa goýumlaryň şahsy bähbitler üçin ulanylandygy ýa-da ogurlanandygy şübhe edilýär. Bu ýagdaý meseläni juda ýaramazlaşdyrýar. Korrupsiýa ýurduň iň ýokary wezepelilerden iň pes wezipelisine çenli hökümetiň ähli strukturasyna aralaşan. Netijede, merkezi hökümet tarapyndan infrastruktura üçin bölünip berlen serişdeler köplenç pes wezipeli işgärleriň ýa-da abatlaýyş prosesine gözegçilik edýänleriň jübüsine girýär. Mundan başga-da, global maýylganlyk meseläni has-da erbetleşdirip, elektrik liniýalaryna agram salmagy we kondisionerleriň köp ulanylmagy ýaly täsirleri zerarly elektrik toguna bolan talaby ýokarlandyrýar.

Wagtynda maýa goýumlaryň goýulmagynyň we aç-açanlygyň zerurlygy

Bu ýagdaý çykgynsyz däldir. Elektrik togunyň kesilmegini azaltmak üçin esasy çözgüt – wagtynda infrastruktura maýa goýmak we abatlamakdyr. Mundan başga-da, elektrik togunyň böwetläp bolmajak kesilmeleri barada aç-açan habar bermek möhüm. Beýleki ýurtlar şeýle amallary üstünlikli durmuşa geçirdiler we Türkmenistan hem muňa eýerip biler. Meselem: Gazagystan ýaly goňşy ýurtlardan görelde alyp bilner. Gazagystanda Elektrik ulgamyny dolandyrýan kompaniýa janly wagt boýunça maglumatlary täzeleýän websaýtynda öndürilýän elektrik, talap, toruň ýygylygy barada maglumatlary aç-açan paýlaşýar we elektrik togunyň kesiljegi barada duýduryş berýär.

Maslahatlar

Türkmenistanyň hökümeti elektrik geçiriji we paýlaşyjy infrastruktura maýa goýmak we ilat bilen açyk aragatnaşygy ösdürmek arkaly energiýa howpsuzlygyny we bar bolan elektrik öndürmek kuwwatyny has netijeli ulanyp biler. Bu tagalla diňe halk üçin zerur iş orunlaryny döretmän, eýsem aç-açanlyk arkaly korrupsiýanyň öňüni alar.

Elektrik togunyň kesiljegi barada öňünden duýdurmak we ilata maglumat bermek raýatlara ýerlikli taýýarlyk görmäge, suw ätiýaçlyklaryny doldurmaga, sowadyjyda saklanmaýan iýmitleri almaga we adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas edip biljek aragatnaşyk enjamlaryna zarýad bermäge mümkinçilik berer.

  • Elektrik üpjünçiligi, elektrik energiýasynyň hili, infrastrukturanyň ýagdaýy, infrastrukturanyň täzeleniş ýygylygy, elektrik kesilmesinden iň köp täsirlenen öý-hojalyklary, elektrik togunyň kesilmesiniň sosial we ykdysady çykdajylary, elektrigiň kesilmeginiň ýygylygy we sebäpleri, elektrik infrastrukturasyny satyn almak we döwrebaplaşdyrmak üçin hökümetiň sarp edýän çykdajylary barada degişli barlaglary geçiriň, jikme-jik maglumatlary ýygnaň we çap ediň.
  • Täze enjamlary satyn almak ýa-da infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak üçin bölünip berilen pullaryň hakykatdan hem maksada laýyk sarp edilendigini we jogapkär işgärleriň pullary ogurlamazlygyny üpjün etmek üçin bellenilen döwlet edaralaryň we işgärleriň has netijeli düzgünleşdirmesini, gözegçiligini we jogapkär bolmagyny durmuşa geçiriň.
  • Adamlaryň şikaýat edip ýa-da sorag sorap bilmegi üçin Energetika ministrliginiň welaýatlardaky şahamçalarynyň ýa-da jogapkär edaralaryň habarlaşmak üçin aragatnaşyk maglumatlaryny dörediň. Bu aragatnaşygy gowulaşdyrmaga we elektrik bilen bagly meseleleri çözmäge kömek eder.
  • Raýatlara elektrik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda ýerli häkimiýetleriň ogurlygyny, geleňsizligini we şowsuzlygyny paş etmäge mümkinçilik berýän korrupsiýany şikaýat etme ulgamyny ornaşdyryň. Ýaşaýjylar jogapkär bolan ýokary edaralara subutnamalary görkezip şikaýat edip bilmegi we şikaýat edýäne azar berilmezliginiň, erbet netijeleriň öňüni almak üçin şikaýat etme prosesi anonim bolmalydyr. Döwlet edaralary elektrigiň kesilendigini şikaýat edýänlere goragy üpjün etmeli we ýaşaýjylara öz aladalaryny arz etmek üçin ygtybarly usul döretmeli.
  • Energetika ulgamyny gowulandyrmak üçin infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga hususy maýa goýumlary çekiň we olary gatnaşmaga höweslendiriň. Olaryň prosese goşulmagy energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak täze çeşmeleriň, tejribeleriň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna getirer. Bütindünýä bankynyň barlagyna görä, hususy elektrik üpjünçiligini bermäge rugsat edýän düzgünleri gowulandyrmak sagdyn bäsdeşligi, hyzmatlaryň hilini we netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär.

Umuman, bellenilen hemmetaraplaýyn çäreler Türkmenistana energiýa potensialyndan peýdalanmaga, has gowy energiýa howpsuzlygyny we raýatlary has ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün etmäge, şol sanda ykdysady ösüşi we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga ýol açar.

Awtory: Rasul Satymow

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: