Progres.Online

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ýarym dostlukly gatnaşyklar

2023-nji ýylda, Türkmenistanyň hökümeti wagtal-wagtal Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada belläp geçýär. Şeýle-de bolsa, iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklar biçak çäkli. Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda urşuň başlamagy muňa goşant goşup biler. Çünki, Ýewropa Russiýanyň gaz eksportyna garaşlylygyny azaltmagyň ýollaryny gözleýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada ÝB bilen Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna (PHŞ) henizem gol çekmedik ýeke-täk ýurt. ÝB-Türkmenistan arasyndaky PHŞ-nyň taslamasyna 1998-nji ýylda gol çekildi we Türkmenistan şertnamany 2004-nji ýylda tassyklady. Ýöne, Ýewropa Parlamenti Türkmenistandaky adam hukuklary meseleleri sebäpli şertnamany tassyklamakdan ýüz öwürýär. Şertnama ähli pudaklarda ara alyp maslahatlaşmalary we hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hem-de ministrler derejesinde resmi Hyzmatdaşlyk Geňeşini ýola goýmaga mümkinçilik bererdi.

Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň berýän mümkinçilikleri:

  • Haryt söwdasy babatda ikitaraplaýyn iň dostlukly ýurt hökmünde çemeleşilmegi;
  • Kompaniýalara, raýatlary işe almak we kompaniýa esaslandyrmak boýunça deň çemeleşilmegi;
  • Serhetara hyzmatlaryň üpjünçiligi we ösen ykdysady hyzmatdaşlyk (meselem: walýutanyň alyş-çalyşygy we maýa geçirimleri, harytlar we hyzmatlar üçin töleglere çäklendirmeleriň az bolmagy).

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar Wagtlaýyn söwda şertnamasy (2010ý) esasynda alynyp barylýar. Şeýle hem, Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygynda diňe esasy meseleleri çözýän Umumylaşdyrylan ýeňillikler meýilnamasyna (UÝM) bil baglaýardy. UÝM ykdysady ösüşi pes ýurtlar üçin elýeterlidir. Eger ýurtlaryň eksporty bir önüme esaslanýan bolsa, onda ÝB-e eksport etmek üçin salgyt tölemegi talap edilmeýär. Bu hyzmatdaşlyk türkmen hökümetine ýurduň içinde syýasy reformalary geçirmezden, ykdysady bähbitlerden peýdalanmaga mümkinçilik berýärdi. Emma, 2016-njy ýylda Türkmenistan resmi taýdan orta-ýokary girdejili döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, UÝM-yň talaplaryna laýyk gelmedi. Bu ýurdy PHŞ-a goşulmak üçin gepleşiklere başlamaga iterdi.

2019-njy ýylyň 12-nji martynda, Ýewropa Parlamenti PHŞ-ny tassyklamagyň şerti hökmünde adam hukuklarynyň kesgitli standartlaryny amala aşyrmak barada karar kabul etdi. Täze standartlar Türkmenistanyň hökümetiniň ýerine ýetirmeli kesgitli amallaryny öz içine alýar:

  • Alternatiw maglumat çeşmelerine päsgelçiliksiz elýeterliligi üpjün etmek;
  • Ýurduň içindäki we daşyndaky garaşsyz žurnalistleriň, raýat jemgyýetleriň aktiwistleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň yzarlanmalaryny bes etmek;
  • Ýygnanyşyk azatlygyny kepillendirmek we jemgyýetçilik guramalarynyň işine garşy çäklendirmeleri aýyrmak;
  • Esassyz syýahat gadaganlyklaryny ýatyrmak.

2019-njy ýylyň iýulynda, Türkmenistanda ÝB-nyň wekiliýeti açyldy. Bu gatnaşyklary ösdürmek üçin özara strategiki gyzyklanmany görkezýär. Türkmenistan nebit we gaz baýlyklary babatda ÝB-e üçin örän möhüm ýurt. Emma, Türkmenistan ÝB-niň PHŞ arkaly Ýewropanyň bazarlaryna girişi üpjün edýänliginiň, gymmatlyklaryny we awtoritar ýurtda zerur bolan syýasy, ykdysady özgertmeleri öňe sürmeginiň mysaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, Ýewropa bazaryna aňsat aralaşmagyň bähbitleri Türkmenistanyň syýasy taýdan ýapyk we merkezleşdirilen ykdysady ulgamyny özgertmegiň çykdajylaryndan we netijelerinden ýokary boljagy ýa bolmajagy entek näbelli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: