Raýat erkinligi çäklendirilýän ýurtlaryň sany barha artýar. CIVICUS Monitor guramasyna görä, Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk 6-njy ýurdudyr. CIVICUS Monitor 197 ýurtda raýat jemgyýeti üçin amatly şertleri, ýurduň içinde we wagtyň geçdigiçe bahalandyrýar. Ol birleşikleriň, parahat ýygnaklaryň we pikir beýanynyň azatlygyna syýasatdaky we iş ýüzündäki hormatyny, şeýle hem döwletiň bu esasy hukuklary nähili derejede goraýandygyny bahalandyrýar.
2022-nji ýylda Türkmenistan 100-lik derejeden 10 bal alyp Owganystandan (13), Eýrandan (13), Täjigistandan (19) we Özbegistandan (20) has erbet görkezijä eýe boldy. Türkmenistandan has erbet görkezijileri bolan diňe 5 ýurt bar: Eriteriýa, Saud Arabystan we Laos (7), Siriýa (4) we Demirgazyk Koreýa (2). Jemi 2 milliard adamyň basyş astynda ýaşaýan, raýatlaryň erkinlik giňişligi ýapyk 27 ýurt bardyr.
CIVICUS maglumatlaryna görä
- Hökümet internetde “döwlete garşy” hökmünde kabul edilen çeşmelerine girmegi çäklendirýär we gözegçilik edilýär, internet senzurasyny aşmak üçin ulanylýan gurallary we bu gurallary ulanýan kişilere garşy basyşy we juda agyr çäreleri görmäge dowam edýär.
- Türkmenistanda raýat erkinlik haklaryny bozmaklygyň giňden ýaýran görnüşleri närazylyk bildirýanleriň tussag edilmegi, žurnalistlere haýbat atmak we raýat jemgyýet aktiwistlerininiň yzarlanmagydyr. Türkmen hökümeti ýurduň içinde we daşynda başga pikirdäki toparlary basyş etmäge dowam edýär. Hökümet Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine hem göni, hemde Türkmenistandaky garyndaşlarynyň üsti bilen gytaklaýyn zor salýar.Türkmen häkimýetiniň ýüz tutmagy bilen Türkiýedäki käbir türkmen aktiwistler deport haýbaty bilen tussag edildiler.
- Türkmenistanda garşylyk görkezmeler gaty seýrek bolup, hökümet islendik mobilizasiýa synanşygyny hem çalt basyp ýatyrýar. Hasabatda Azatlygyň 2022-nji ýylda döwlet dükanlarynda iýmit bahalarynyň düýpli göterilişine garşy närazylyk bildirmek üçin ýygnanlary, polisiýanyň atyp öldürmek bilen haýbat atan wakasyny mysal hökmünde görkezilýär.