Ýakynda, töwekgelçilikdäki ulanyjylaryň sanly hukuklaryny öňe sürýän Access Now guramasy “Gözegçilik ýaraglary, jezasyzlygyň galkanlary: 2022-nji ýylda internet kesilmeleri” atly hasabaty çap etdi. Hasabat 35 ýurtda 187 sany internet kesilmesiniň ösýän tendensiýasyny beýan edýär. Pandemiýadan soň hem internet kesilmeleri dowam edýär, belli bir ilaty nyşana alýar, köp wagtlap we adamlara internetiň iň zerur halatynda kesilýär. Käbir hökümetler has çylşyrymly we bilgeşleýin hereket edip, belli bir toparlaryň internetini kesýär we baý elitalara, hökümet işgärlerine, saýlanan bizneslere giň zolakly we durnukly internetde işlemäge mümkinçilik berip, ykdysady täsiri azaldýar.
Merkezi Aziýada internet kesilmeginiň sany boýunça Türkmenistan öňdeligi eýeleýär. 2022-nji ýylda Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 8 ýurdunda 36 sany internet kesilmesi boldy. Kesilmeleriň agramly bölegi (22 gezek) Ukrainada bolup, olaryň ählisi Russiýa tarapyndan çozuş wagtynda amala aşyryldy. Internet kesilmeleriniň sany boýunça ikinji orunda Türkmenistan bolup, 4 gezek internet petiklendi.
1. Ukraina – 22
2. Türkmenistan – 4
3. Gazagystan – 2
4. Russiýa – 2
5. Täjigistan – 2
6. Özbegistan – 2
7. Azerbaýjan – 1
8. Ermenistan – 1
Türkmenistan 2022-nji ýylyň martynda geçirilen prezident saýlawlarynda kesilmeler we hyzmat esasly internet kesilmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň häkimiýeti aragatnaşyk platformalarynyň petiklenmegi, şeýle hem maglumatlara gözegçilik etmek we tapawutly pikirleri basyp ýatyrmak üçin web saýtlaryň senzuralaryny we VPN petiklemelerini amala aşyrdylar. Türkmenistanyň döwlet işgärleriniň senzura, gözegçilik we internete girmegi kesmek boýunça tehniki tejribesi juda gowulandy. Bu hökümete interneti köp derejeli petiklemäne mümkinçilik berdi. Türkmenistan merkezleşdirilen, milli intraneti (ýerli ýa-da çäklendirilen tor aragatnaşygy) ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa sanly giňişliklere gözegçilik etmegiň tehniki gerimini has güýçlendirmegi mümkin.