2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda, BMG-nyň Bosgunlar baradaky ýokary komissiýasynyň (UNHCR) Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça býurosy “Daşarky syn: Owganystanyň ýagdaýy #26” atly hasabaty çap etdi. Hasabata görä, Türkmenistandan başga Owganystan bilen serhetleşýän döwletleriň ählisi diýen ýaly owgan bosgunlaryny kabul edipdirler.
2022-nji ýylyň 31-nji dekabryndan bäri, goňşy ýurtlarda bosgun bolan we gaçybatalga gözlän owganystanlylaryň sany 5.2 million. 2021-nji ýyldan bäri, Eýran – 1 million, Päkistan – 600.000, Özbegistan – 13.020, Täjigistan – 5.800 owanystanlyny kabul edipdirler. Türkmenistan bolsa ýekeje-de bosgun we gaçybatalga gözleýänleri kabul etmändir. Hasabatda diňe bir çäre bellenipdir. Türkmenistan 20-nji iýunynda Bosgunlar gününe bagyşlap halkara goragy we gaçmaga mejbur bolan adamlaryň zerurlyklary barada UNHCR-yň wekiliniň gatnaşmagynda üç sany uniwersitetde okuw sapagyny geçirmek bilen çäklendi.
Ýatlatsak, 1998-nji ýylda Türkmenistan bosgunlara kanuny goragy, hukuklary we ýardam etmegi üpjün edýän 1951-nji ýyldaky Bosgunlar baradaky konwensiýany we onuň 1967-nji ýyldaky Protokolyny ykrar edipdi.