Progres.Online

Türkmen pagtasy: Ýewropa Bileleşigine maslahatlar

Türkmenistanyň mejbury zähmet esasynda öndüren pagtasyny ulanmazlyk boýunça Ýewropa Bileleşigine berlen maslahatlar

2023-nji ýylyň noýabrynda Gulçulyga garşy halkara guramasy, Uýgur mejbury zähmetiniň soňuna çykmak boýunça bileleşigi we Pagta Kampaniýasy bilelikde “Kompaniýalaryň döwletiň mejbur edýän zähmetinden peýdalanmazlygyny üpjün etmekde Ýewropa Bileleşiginiň Mejbury Zähmet düzgünnamasynyň netijeli bolmagy üçin maslahatlar” atly brifingini çap etdi.

Brifingde Türkmenistanda we Hytaýyň Uýgur regionynda döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmet esasynda öndürilen önümleri import etmegi we satmagy netijeli gadagan etmek barada Ýewropa Bileleşiginiň Mejbury Zähmet düzgünnamasy üçin maslahatlar berilýär.

Şeýle-de, guramalar Ýewropa Parlamentini, Komissiýasyny we Geňeşini mejbury zähmetiň pidalaryny üns merkezinde tutup, Türkmenistandaky we Uýgur regionyndaky adam hukuklarynyň bozulmasynyň soňuna çykjak kanunçylygy işläp düzmäge çagyrýarlar.

Türkmenistanda pagta önümçiligi

Türkmenistanyň ähli pagtasy döwletiň mejbur edýän ulgamlaýyn zähmeti esasynda öndürilýär. Her ýyl pagta ýygym döwründe (awgust-dekabr) türkmen hökümeti döwlet pudagynyň işgärlerini işden boşadylmak ýaly jeza bermek bilen haýbat atyp, pagta ýygmaga ýa-da pagta ýygyja öz ýerine işlemegi üçin tölemäge mejbur edýär. Bu syýasat çaga zähmetine itergi berýär. Pagta öndürmek boýunça daýhanlara kwotalar goýulýar. Kwotany berjaý edip bilmediklere jerimeler salmak we ekin meýdanlaryny elinden almak ýaly jezalar bilen haýbat atylýar.

Türkmenistanyň hökümeti jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gözegçilik edýär. Hökümet mejbury zähmete garşy göreşmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ähli raýat azatlyklaryna berk basyş edýär. Ýurduň döwlet dolandyryşyny aç-açan tankytlaýan ähli raýat jemgyýeti guramalary, şol sanda Pagta Kampaniýasynyň hyzmatdaşlary “Turkmen News” we “Turkmen Initiative for Human Rights” ýurduň daşynda hereket etmeli bolýarlar. Hasyl döwründe mejbury zähmet şertleri barada subutnamalary üpjün edýän garaşsyz zähmet synçylary we habarçylary muny şahsy töwekgelçiliginiň hasabyna edýärler.

Önümçiligiň ähli basgançaklarynda mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagtasy Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna girýär. Türkmenistanyň pagtasyndan öndürilen pagta eşikleri we elde dikilen dokma önümleri Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna esasan Türkiýäniň we Päkistanyň üsti bilen getirilýär. Şeýle hem, ýewropaly öndürijiler, şol sanda Polşa, Portugaliýa we Italiýa dokma önümleri öndürüp, dünýä brendlerine we lomaý satyjylara satmak üçin Türkmenistanyň ýarym taýýar önümlerini ulanýarlar.

Uýgur regionyndaky mejbury zähmet

Hytaýyň hökümeti Uýgur sebitinde uýgur ilatyny we beýleki türk we musulman halklaryny öz dinlerine we etniki gelip çykyşyna baglylykda yzarlamak arkaly adam hukuklaryny köpçülikleýin bozýar. Bu hukuk bozulmalaryna etniki toparlary “ekstrimist” pikirlerden saplamak maksatnamasy we ~1-1.8 million aralygyndaky adamyň köpçülikleýin tussag edilmegi, gaýtadan “bilim berilmegi” we mejbury zähmete mejbur edilmegi degişlidir. Uýgur regionynyň ilaty sebitiň we Hytaýyň dürli ýerlerinde zähmet çekmäge mejbur edilýär.

Döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmet meselesini netijeli çözmek boýunça Ýewropa Bileleleşiginiň Mejbury zähmet düzgünnamasyna berilýän maslahatlar:

  • Belli bir ýurtlaryň ýa-da sebitleriň, esasanam Hytaýyň Uýgur sebitiniň we Türkmenistanyň käbir haryt toparlaryny (meselem: ähli pagta önümleri, polisilikon) mejbury zähmet esasynda öndürilendigi anyklanan diýip çaklanylýan (subutnamalary talap etmeýän) faktlara goşuň. Bu şol önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryndaky importyna we satuwyna gadaganlyk girizilmegine getirer. Anyklanan diýip çaklanylýan faktlar kabul edilende (önümler mejbury zähmet esasynda öndürilendigi anyklandy diýilip kabul edilende), ykdysady operatorlar (telekeçiler, söwdagärler) harytlaryň önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda (önümi özleşdirmek, ýygnamak, öndürmek, ulanylan zähmet we gaýtadan işlemek) döwletiň mejbur edýän zähmetiniň ulanylmaýandygyny subut etmäge borçly bolarlar.
  •  Derňewe başlamak we karar bermek üçin minimum subutnamalar talabyny azaldyň. Biz beýanatyň hakykylygyny bahalandyrmakdan we goşmaça karar bermekden başga, derňewe başlamak üçin minimum subutnamalar talabyny döretmezligi (5-nji madda) maslahat berýäris.
  • Goşmaça kararlara şular degişli bolup biler:
    • Eger önümleriň mejbury zähmet esasynda öndürilendigi barada “esasly ýöne gutarnykly däl” subutnamalar bolan halatynda şol önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna girmegini petiklemek, bazara ýerleşdirmegi we mejbury zähmet bilen öndürilen harytlary eksport etmegi gadagan etmek kararyny bermek;
    • Häzirki Ýewropa Komissiýasynyň teklibinde hem görüşimiz ýaly, haçan-da kompaniýa üpjünçilik zynjyrynda döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmetiň önümleriniň ýoklugyny subut edip bilmese ýa-da hususy üpjünçilik zynjyrynda mejbury zähmetiň ulanylandygy subut edilse, hökümet önümleri ele geçirmek barada gutarnykly karar berip biler. Bu üýtgeşmeler, kanunlaryň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirer we täsirini artdyrar. Mundan başga-da, bu anyklanan diýip çaklanylýan döwletiň mejbur edýän zähmeti esasynda öndürilen ähli önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna girmegine ýol berilmezligini üpjün eder we Ýewropa Bileleşiginiň sarp edijilerini şeýle önümleri almakdan gorar.
  • Ýewropa Komissiýasyny döwlet syrlaryny öz içine alýan ýa-da syýasy netijelere getirip biljek derňewleri geçirmek, aýratynam üçünji ýurtlarda derňew (meselem: döwletiň mejbur edýän zähmeti bilen bagly derňew) geçirmek zerur bolanda derňew işine goşant goşýan ygtyýarly edara hökmünde belläň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: