Hudaýberdi Hally, ýazyjy hem publisist. Dürli neşir gulluklarynda işledi. Onlarça kitabyň awtory. Ol geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda, Türkmen diline döwlet dili statusynyň berilmegini talap edenleriň hatarynda çykyş etdi we jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşdy. Türkmen dili baradaky täze kanuny taýýarlaýan komissiýanyň agzalaryndan biri boldy.
Progres Fondy şeýle soraglar bilen ýazyja ýüzlendi.
- Soňky 34 ýylyň içinde türkmen diliniň ylmy taýdan ösüşine nähili baha berýärsiňiz?
Türkmen diliniň ylmy taýdan ösüşine takyk baha bermek kyn. Asla ol ylmy taýdan ösdümikä? Diliň ösüşi barada ylmy derňew ýa-da şol derejedäki ylmy konferensiýa (maslahat) geçirildimi? Eger şeýle edilen bolsa, türkmen dilinde gepleýänleriň uly bölegi ondan habarsyz, ýagny netije görünmeýär.
Aslynda şeýle çäre zerurdy. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, dil bilimi hem birnäçe pudaga bölünýär. Eger ylmy konferensiýa geçirilse, onda dürli ugurlardan alymlar çykyş edip, haýsy pudakda ösüşiň bardygyny ýa-da oňa üns berilmeýändigini aýdyp bilerdi. Sebäbi dil ösýär, özgerýär, onda transformasiýa geçýär, ol janly, mydama täze sözler hem aňlatmalar bilen baýlaşyp durýar. Ýöne diliň häzirki ýagdaýy gözgyny.
Dili ylmy taýdan kämilleşdirmek beýlede dursun, soňky wagta çenli oňa döwlet dili statusy hem berilmedi. Resmi çäreler we resmi dokumentler diňe rus dilinde ýöredilýärdi. Jemgyýetçilik talaby güýçlenenden soň, TSSR Ýokary Soweti 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda “Dil hakyndaky” kanuny tassyklap, türkmen diline döwlet dili statusyny berdi.
Soňky 34 ýyly alsak, Türkmenistan Garaşsyzlyk alandan soň, düýpli özgerdi, oňa ummasyz köp täze söz goşuldy ýa-da şeýle sözleri döretmeli boldy. Döwlet gurluşynyň özgermegi bilen Daşary işler ministrligi diýen ýaly, öň bolmadyk pudaklar emele geldi. Öň rus dilinde okadylýan sapaklar türkmen diline geçirildi. Munuň özi hökmany suratda dile özgerişlik getirdi. Aýratyn-da, tehniki aragatnaşyk ulgamy gaty çalt ösdi. Goňşy ýurtlarda kompýuter tehnologiýasy we innowasiýa komiteti (edarasy) diýen ýaly resmi gulluklar emele geldi. Emma bizde dildäki ýagdaý ylmy taýdan özleşdirilmelidi.
- 34 ýylyň içinde türkmen dilini öwrenmekde, ösdürmekde nähili uly işler geçirildi?
Owaly bilen latyn hatyna esaslanýan täze milli elipbiý kabul edildi. Muňa milli puluň dolanyşyga girizilmegi sebäp boldy. Milli pula bir teňňeden başlap, 100 manatlyk kagyz pula çenli, S. Nyýazowyň portreti basyldy. Bu şekili ebedileşdirmek üçin, täze elipbiý gerekdi. Sebäbi milli elipbiniň zerurlygy Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlandy hem rus kiril elipbisinden ýüz öwrüljegi bellidi.
Türkmenistan gyssagly ýagdaýda täze latyn elipbisini kabul etdi hem 1997-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, täze elipbiý döwlet dili derejesinde ulanylyp başlandy. Gyssagara edilen bu iş bähbide boldy. SSSR dargandan soňra, Merkezi Aziýada diňe Türkmenistan täze latyn elipbisine geçip ýetişdi. Beýlekilere rus milletçileri basyş etdiler, olara hatda Leniniň ýa-da Swerdlowyň atlaryny üýtgetmäge-de ýol bermediler.
Beýleki bir uly edilen iş köp ýyllap çap edilmän gelen türkmen diliniň düşündirişli sözlügi ahyr-soňy iki kitap bolup, 2016-njy ýylda çapdan çykdy. Öňki sözlük ondan 54 ýyl ozal, ýagny 1962-nji ýylda çykypdy. Soňky sözlükde 50 müň töweregi baş söze we söz düzümlerine düşündiriş berilýär. Bu köne sözlükden has baý.
- Soňky gezek türkmen diline bagyşlanan uly maslahat döwlet derejesinde haçan geçirildi? Näme üçin?
Dil meselesine bagyşlanan döwlet derejesindäki maslahat soňky gezek 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň 18-nji sessiýasynda geçdi hem onda “Dil hakyndaky” kanuna seredildi. Bu mesele barada ýurduň prezidenti çykyş edenden soňra, Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynyň şol wagtky direktory Myratgeldi Söýegow täze elipbini kabul etmegiň zerurlygy barada, ýörite doklad bilen çykyş etdi. Mejlis şo günüň özünde ol kanuny kabul etdi.
Ýatlatsak, şuňa meňzeş mejlis öň hem iki gezek bolupdy. 1928-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda, TSSR Merkezi Ispolnitel komiteti (Parlament) täze latyn elibiýine geçmek barada karar kabul etdi. 1940-njy ýylyň maýynda TSSR Ýokary Soweti (Parlament) özüniň 1V sessiýasynda, rus grafikasy esasynda düzülen täze elipbiýiň proýektini biragyzdan tassyklady. Ýöne bular türkmen elipbisini çalyşmakda diňe resmi çäre bolup, dil meselelerine, onuň kada-kanunyny kämilleşdirmäge degişli däldi.
Türkmen dilini kämilleşdirmek, ýazuw kadalaryny kesgitlemek hem anyklamak barada, iki ylmy gurultaý geçirildi. Birinji lingwistik gurultaý 1936-njy ýylda, ikinji lingwistik gurultaý hem 1954-nji ýylda geçirildi. Ondan bäri geçen 70 ýyldan gowrak wagt aralygynda, dil meselesindäki ýüze çykan kynçylyklar hem dowam edip gelýän bulaşyk meseleler barada, hiç bir ylmy maslahat bolmady. Aslynda bolsa diliň dogry ýazylyş hem dogry gürlemek kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmak, bulaşyklyk döredýän näsazlygy düzetmek, grammatiki düzgünleri kämilleşdirmek milli diliň goragynyň esasy şerti hasaplanýar.
- Dili ösdürmekde milli syýasatyň hem hökümetiň roly nähili bolmaly? Esasy komponentleri?
Milli syýasat diliň ösüş kadalaryna dogry baha bermeli. Meselem, öň, aýratynam geçen asyryň soňky ýyllarynda, ruslaşmak, türkmen sözi bar bolsa-da, onuň rusça görnüşini ulanmak, ýagny dili ruslaşdyrmak meýilleri güýçlendi. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan bir resmi, taryh ylymlarynyň kandidaty I. Şmakow türkmen dili öz ähmiýetini ýitirdi, indi rus diline geçmeli diýip çykyş etdi. Ýagdaý milli dili ýitirmek derejesine baryp ýetdi. Garaşsyzlygyň başky on ýylynda pars hem arap sözlerine ýykgyn edildi. Meselem, žurnalist alynma sözüne derek, galamkär diýen iki daşary ýurt sözi alyndy. Häzir bolsa türkleşme güýçli barýar. Maşgala çäginde-de türkçe gürleşilýändigi barada metbugatda habar bar.
Bularyň bary maslahatsyz bolýan işler, bu meselede alymlar hem bilermenler diňlenmeýär. Milli syýasatyň, hökümetiň hyzmaty milli dili goramaly, onuň haýsydyr bir täsir esasynda ýoýulmagyna, milli baýlygyň ýitmegine ýol bermeli däl. Dile girýän her täze söze ylmy taýdan çemeleşmeli we onuň many taýdan jaýdar görnüşini almaly. Munuň üçin köpçüligiň pikiri diňlenmeli.
Häzir jemgyýetçilik ýerlerindäki gaplaryň ýüzünde «Özüňe» we «Özüňden» diýen ýazgy bar. Ine, türkmen sözi, ýöne oňa nähili düşünmeli. Eýsem ol milletiň aňyna ornaşýarmy? “Edebi dilde gürläň” diýip buýruk bermek ýeterlik däl, ilki edebi diliň nämedigini kesgitlemeli.
Milli dile degişli, ony söýmegi öwredýän hem ýazuw sowadyny kämilleşdirmegi ündeýän kitaplary çap etmeli. Türkmenistanyň tebigatyny öwredýän suratly kitaplary çykarmaly. Nusgawy edebi baýlygy yzygiderli çap etmeli. Köpçülikleýin habar serişdelerinde goýberilýän ummasyz köp harp ýalňyşlary we düşnüksiz, aýratyn-da, manysyz sözlemleri ýok etmeli. Halk döredijiliginden peýdalanyp, çagalar diliniň baýlaşmagyna üns bermeli. Kiçi ýaşdakylara degişli iki žurnal hem ýüz müň nusgada çykýan gazet bardy, ol ýapylyp, ornuna bir žurnal çykýar. Onuň hem deň ýarysyny prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary tutýar.
- Türkmen dili syýasaty nähili esasy prinsiplere, gymmatlyklara daýanmaly?
Türkmen dili owaly bilen dar çäklere baglanmaly däl. Meselem, bu edebi dilde bar, bu söz ýok diýen ýaly çäklendirme ýöredip, dili baýlaşdyryp bolmaz. Bilşimiz ýaly, türkmen dili türki dilleriň arasynda, köp dialektli – şiweli, onda dürli taýpalaryň dil aýratynlyklary tapawutlanýar. Ýerli şert bu aýratynlygy döredipdir. Ýurduň bir böleginde maldarçylyk güýçli bolsa, beýleki böleginde ekerançylyk ösüpdir, ýene bir ýerde bagbançylyk aýratyn saýlanýar. Suw, deňiz-derýa hem takyrlyk-çöllük bilen baglanyşykly sözler barada-da ýagdaý şeýle. Bu aýratynlyklar edebi dile alynmady. Türkmen edebi diline esas edilip, ahal gepleşigi alnypdyr. Ýöne ýerleşýän şerti boýunça, ol sebit dildäki bar bolan ähli mümkinçiligi öz üstüne alyp bilmeýär. Şeýle bolsa, näme üçin başga sebitde has işjeň ulanylýan sözleri ulanmaly däl diýen sowal döreýär.
Dildäki ýerli häsiýete eýe bolan şol gymmatlyklary ýitirmeli däl. Tebigy şertler esasynda emele gelen baýlykdan gereginçe peýdalanmaly hem onuň hasabyna milli dili baýlaşdyrmaly. Sebäbi diliň umumylygy millet bolmagyň esasy alamatynyň biri hasaplanýar. Eger seniň gündelik durmuşda ulanýan sözüň merkezi metbugatyň dilinde bolmasa, oňa gadaganlyk döredilse, iň beteri-de, ‘bu türkmençe däl’ diýilse, edebi dile nädip meniňki diýersiň?
- Şu wagt biz “türkmen dili – erkin dil, erkin pikiriň dili” diýsek bolarmy? Näme üçin?
Dil aslynda erkin. Siz janly gepleşige üns beriň, onda aýdylmaýan ýa ulanylmaýan söz ýok. Sebäbi dil adam aňynyň önümi, ol pikirlenme bilen aýrylmaz baglanyşykly. Elbetde, köpçülikde aýdyp bolmaýan sözler bar, oňa milletiň özi tabu girizýär. Her halda türkmen diline erkin pikiriň dili diýip bolmaz, sebäbi bizde pikir erkinligi ýok. Şoňa laýyklykda köpçülik dili, aýratyn-da, habar serişdeleriniň dili syýasy erkinlige bagly. Ol dil syýasatyň talabyna görä gürleýär.
Eger köpçülikleýin habar serişdeleriniň dilindäki erkinlik hakda aýtsak, ol her žurnalistiň, şol sanda ýazyjy-şahyryň şahsy erkinligine hem mertligine bagly. Türkmenistanyň resmi metbugatynda şeýle erkinligi görüp bolmaýar. Aslynda bolsa halka zerury hem gereklisi metbugat erkinligi, sebäbi millet islese-islemese, resmi habarlara seretmeli bolýar, onuň maddy durmuşyny şol ýagdaý özgerdýär. Resmi metbugatda bolsa hakykaty aýdýan sözden, öwgi we taryp agdyklyk edýär.
- Biz dil meselesine gelende, raýat jemgyýeti bolup hökümetden nämeleri soramaly? Anyk nähili işler geçirilmeli?
Owaly bilen Internetiň açyk bolmagyny soramaly. Innowasiýa ulgamyna aýratyn üns berilmegini, onuň erkinligini talap etmeli, milleti häzir şol birleşdirýär. IT, ýagny informasiýa tehnologiýasy ykdysady, syýasy hem maddy güýje öwrüldi, durmuş şonuň täsiri bilen hereket edýär. Bizde türkmen dilindäki Internet sahypalary boş diýerlik; ondan ne bir gerekli makalany okap bolýar, ne-de gerekli maglumaty tapyp bolýar. Iň bärkisi bu çöli ýurt eden, döwletlilik ugurda göreşen adamlar, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary ýa-da halk barada, maglumat tapyp bolanok. Ylym-bilim pudagyna ýa-da medeni ugurlara degişli maglumat ýok diýerlik. Beýleki ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bu ugurda ummasyz köp iş etdiler. Bizde munuň tersine, Internet petiklenýär hem maglumat gözleýjiler yzarlanýar.
Biz daş asyryň tümlüginde ýaşaýarysmy ýa-da täze döwürde? Türkmen hökümetiniň dil baradaky syýasaty öz döwrüne düýbünden laýyk gelmeýär. Dürüs ýazuw kadalary, adalgalar takyk belli däl, olar resmi taýdan tassyklanmadyk. Kim nähili islese ýa-da düşünse, şeýle ýazýar. Täze elipbiý barada kanunlar işlenip düzülmedi. Bizde orfografiýa sözlügi soňky gezek 36 ýyl mundan öň, 1989-njy ýylda çap edildi. Ýaş nesil sözüň dogry ýazylyşyny bilmeýär, olaryň elinde gollanma ýok.
Diliň ösüşi we kämilligi jemgyýetiň ösüşine täsir edýär. Biz türkmen bolanymyz üçin, öz dilimizden kösenmeli däl, belki, oňa buýsanmalydyrys.
Haýal etmezden lingwistik gurultaýy çagyrmaly we bu meseleleri açyk maslahat etmeli.







