14 ýaşly obaly ýetginjek, Aşgabadyň 20 ýaşly talyby we Stambulda işleýän 29 ýaşly migrant dürli gymmatlyklary we islegleri bilen tapawutlanýan dürli adamlar, emma sosiologlar Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda köp umumylygyň bardygyny belleýärler. Türkmenistanly ýaşlar öz isleglerini nädip beýan edýärler? Olar nähili geljegi göz öňüne getirýärler?
Gynansakda, Türkmenistanda ýaş adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýän sosiologik barlaglar geçirilenok.
Demograflaryň pikiriçe, Merkezi Aziýanyň ilaty dünýäniň beýleki sebitlerinden has ýaş bolup 30 ýaşdan kiçi ýaşlar ilatyň 60% -ini düzýär. Türkmenistanda ilatyň 40 göterimini (iki milliondan gowrak) 10-29 ýaş aralygyndaky ýaş adamlary emele getirýär.
Z nesli – bu 1995-1996-nji yllardan soň doglan ýaşlardyr. Olardan öň, 1985-nji ýylda doglan Millenials nesli (müňýyllyklar) bar. Z nesli garaşsyz Türkmenistanda dünýä indi. Olar enelerinden, babalaryndan, ene-atalaryndan 90-njy ýyllaryň nähili kyn bolandygyny, meselem, adamlar ownuk sowda edip, uly kynlyk bilen güzeran aýlandyklaryny eşidendirler. Sowet Soýuzynda önüp-osen adamlar buýruk-kontrol administratiw dolandyryş ulgamyna öwrenşendi. Z nesli bolsa şeýle dolanyşy hyjuwsyz kabul edýär.
Eýse, sebitdäki sosiologlara görä, Merkezi Aziýaly ýaşlaryna nähili häsiýetler mahsus? Olaryň dünýägaraýyşyna nähili trendler täsir edýär?
Meňzeşlikler we tapawutlyklar: Türkmenistanly ýaşlar dürli-dürli bolýar: oba, şäher ýaşaýjylary, talyplar we ýaş telekeçiler, migrantlar we işsiz ýaşlar hem bar. Indiwidual jähtden alynyp seredilende ýaşlaryň ählisi üýtgeşik ýaly görünsede, umumy nesillere garaýyşlaryň prizmasy bilen seredenimizde, olarda kän meňzeşlikler bar. Olar SSSR-iň dargamagyny gören nesil, durmuşlarynda uly, global tolgunyşyklary gören nesildir. Olaryň gündelik durmuşunda internet anyk bir rol oýnaýar. Internet olara gaty güýçli täsir etdi. Hatda käbir alymlar bu nesli “başam barmak nesli” diýip atlandyrýarlar, sebäbi başam barmagymyz bilen hat ýazyp, smartfon bilen aragatnaşyk gurup bilýäris. Bularyň hemmesi türkmenistanly ýaşlaryň garaýyşlarynda we gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.
Nesiller we dünýägaraýyşlar: Sowet Soýuzy döwründe nesilleriň arasyndaky gapma-garşylyklar hakda “ata-agtyk” derejesinde gürlemek mümkindi, sebäbi çagaň bilen kakaň arasynda tapawutlyk beýle bir göze ilmeýärdi. Indi bolsa nesilleriň arasynda 30 we 10 ýyl derejede tapawut bar. Iki dürli nesil bir maşgalada ýaşaýar. Biz internet, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ýaşlarymyzy birleşdirýändigine we şeýle hem olary bölýändigine şaýat bolýarys. Näme üçin? Sebäbi tehnologiýalar jemgyýetimiziň iki nokadyna güýçli täsir edýär: däp-dessurlara we dini garaýyşlara.
Şoňa görä-de olar dünýä, durmuşa başgaça düşünýärler. Z nesli has açyk global kommunikasiýanyň döwründe dünýä indi. Bu “Iphone”, “Youtube” döwri, “TikTok” döwri. Olar ene-atalarynyň nesline garaňda başgaça maglumat alýarlar we ulanýarlar. Olar üçin ilki bilen maşgala, saglyk we indiwidualizm möhüm bolup durýar. Ýaşlarymyz özleri barada maglumatlary goýmana, paýlaşmana çekinenoklar.
Maşgala instituty: Sebitiň ýaşlarynyň gymmatlyklary gaty ýakyn bolup durýar. Ine olaryň 5 esasy ileri tutýan gymmatlyklary: ýoldaşyňa, maşgalaňa, dostlaryňa wepaly bolmak, sagdyn iýmitlenmek, garaşsyz bolmak, görmegeý bolmak, maşgala gurmak. Ýaşlarda maşgala we maşgala gymmatlyklary birinji orunda durýar. Bu ene-atalary üçinem, olaryň özleri üçinem möhüm gymmatlyk.
Pes hyjuwly: Bu nesil ene-atalarynyň, ýakynlarynyň goldawyna bil baglaýan, hyjuwy pes bolan nesildir. Şoňa görä-de, olaryň bilime has pragmatiki garaýyşy bar. Häzirki wagtda diplomyň kän zada kepil geçmeýändigini hem bilsek-de, olar üçin “gaty kagyz”, diplom iş kepilligini berýar. Şol bir wagtyň özünde, olar döwletiň iş tapyp bermegine garaşýarlar.
Maddy ýagdaýlary: Ýaşlar sosial ulgamlarda dünýäde nämeleriň bolup geçýändigini, adamlaryň nämä pul sowýandygyny, nädip gazanýandygyny, adamlaryň nähili wagt geçirýändigini görýärler. Bu ýaşlar üçin belli bir basyş döredýär we olar hem çärelere gatnaşmak, şeýle durmuşy isleýärler. Ýöne ýaşlara gyzykly iş tapmak, maddy durnuklylyk ýa-da jaý satyn almak meseleleri öňki nesillere garanyňda çözmek has kyn bolýar.
Depressiýa: Ýaşlar iş barzarynda agyr ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Iş ýerleriň az bolmagy ýaşlarda ruhy çökgünlik döredýär. Olaryň käbiri işini ýitirýär we kepillendirilen sosial ýeňilliklerden mahrum bolýar. Halkara barlaglarda Z nesli “depressiýadan iň kän ejir çekýän nesli”, psihologiki taýdan gaty ejiz nesilleriň biridigi diýyip bellenilýär. Lukman, mugallym bolmak ýaly kärler olary az gyzyklandyrýar (aýlyklary, statuslary pes). Olar sosial mediada çalt we ýeňil pul gazanmagyň ýoluny gözleýärler.
Konserwatiw, liberal gymmatlyklar: Merkezi Aziýa sebitiniň ilatynyň aglaba bölegi konserwatiw jemgyýet bolup galýa, ýöne belli bir liberalizmiň kölegesi, esasanam belli bir “çydamlylygyň”, “adamkärçiligiň” bardygyny aýdyp bolýar. Sosial ulgamlarynda LGBT gymmatlyklary hakda köp ýazylanda we gürleşilende, bu çydamlylygy has köp ösdürýär. Feministik, gender deňligi ýaly gymmatlyklary hakda köp zat aýdylýar. Bularyň hemmesi Z nesliniň käbir häsiýetlerini emele getirýär we täsir edýär, ýöne däp bolan gymmatlyklar agdyklyk edýär.
Syýasat: Z nesli hiç bir zadyň syýasy taýdan özüne baglydygyna ynanmaýan, durmuşa geleňsizlik bilen garaýan nesil. Anketalara görä, bu diňe özüni söýýän, öz bähbidini başgalaryňkydan öňde tutýan nesil, altruizmyň derejesi pesde bolan nesil. Olar indiwidualizm, öz hünär ussatlygyny ösdürmegi we zähmet bazarynda şahsyýetiň bäsleşigi ýaly gymmatlyklaryň tarapdarlarydyr.
Din: Sosiologiki maglumatlara görä, sebitde dindar ýaşlaryň sany ýokary bolup durýar. Olaryň 90% musulmanlar. Ýaşlaryň uly bölegi däp-dessurlary berjaý edýärler. Ideologiki nukdaýnazardan yslam dini ýeňýär. Yslam näme üçin ýeňýär? Käbir düşündirişlere görä, yslam biziň döwrümiziň iň çylşyrymly soraglaryna ýönekeý jogaplary berýär. Ýaş ýigit ýa-da gyz haýsy soragy berse-de, yslam dini belli bir derejede ýönekeýleşdirilen düşünje berýär. Esasy mesele – ýaşlaryň soraglarynyň dine esaslanan jogaplaryny kim düşündirýär?
Urbanizasiýa: Sebitde iň möhüm tendensiýalaryň biri urbanizasiýadyr, ýagny şäher ýerlerine obadan göçüp baran ýaşlar. Olar şäher jemgyýetiniň özüni alyp barş kadalaryny kabul edýärlermi? Olar nädip şäher durmuşuna uýgunlaşýar? Urbanizasiýa Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda uly derejede bolup geçýar we munuň täsirini öwrenmek wajyp bolup durýar. Şu ýaşlar nämäniň gözleginde şäherlere göçýärler? Ýaşlaryň aglaba bölegi daşary ýurtlarda bilim almaga höwesek bolýar – okuw migrasiýasy. Ýöne olaryň okuwdan soň ýurtlaryna dolanýandyklary ýa-da dolanmaýandykarly uly sorag bolup gaýlar.
Çeşmeler:
«Молодежь Центральной Азии. Сравнительный анализ», Фонд им. Эберта, Алматы, 2017