Progres.Online

Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 güni: Ol sözünde durdumy?

Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşanda halka hiç zady wada bermedi. Muny nazarda tutsak, biz uly ynam bilen onuň sözünde durandygyny aýdyp bileris. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylyň 1-nji martynda Progres onuň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde ileri tutulmaly il-ýurt bähbitli işleriň sanawyny çap etdi. Biziň beýle makala ýazmagymyz käbir okyjylary we halk köpçüligini geň galdyran bolsa, käbirleri ony Serdar Berdimuhamedowyň özi çykarandyr diýip pikir etdi. Okyjylaryň we halkyň arasynda beýle düşünişmezligiň döremegini Türkmenistandaky saýlawlaryň taryhynda hiç haçan ileri tutuljak işleriň yglan edilmändigi bilen düşündirip bolar. Halkyň ýene bir böleginde bolsa, täze lider türkmenistanlylaryň ykdysady we sosial durmuşlaryndaky agramly çäklendirmeleri ýeňleder diýen umyt uçgunlary döräpdi. Prezidentlige dalaşgärleriň hijisi, şol sanda Serdar Berdimuhamedow hem halka hiç hili kararlary, maksatlarydyr meýilleri durmuşa geçirmegi wada bermedi.

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Progres.online öz Twitterdäki yzarlaýjylaryna şeýle sorag bilen ýüzlendi: “Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna 100 gün boldy. Onuň prezidentlik wezipesini alyp barşyny makullaýarsyňmy?”

Soragnama 32 adam ses berip, olaryň 96.9%-i “Ýok” we 3.1%-i “Hawa” diýip jogap berdiler. 32 sesiň ullakan san ýaly görünmezligi ahmal, emma bu Türkmenistan üçin uly sandyr. Çünki beýle sorag öň hiç haçan soralmandy we oňa jogap bermek her bir ses berijiden gyzyklanma we öz pozisiýasyny aýan etmäge gaýratlylyk talap edýär.

Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 güni 2022-nji ýylyň 19-njy martyndan 2022-nji ýylyň 27-nji iýuly aralygyny öz içine alýar. Biz öz bildiren isleglerimize, türkmen halkynyň sosial mediýada beýan eden umytlaryna hem-de bu wagt aralygynda täze administrasiýanyň eden işlerine esaslanyp, synlarymyzy paýlaşmak isledik.

COVID-19

Täze administrasiýa häzire çenli ýurtda COVID-19 keseliniň bardygyny aýan etmedi we kesellänleriň, gutulanlaryň we ölenleriň statistikasyny çap etmedi. Esasy üýtgedilen düzgünleriň biri hem indi daşary ýurtdan Türkmenistana barýan türkmen raýatlary 7 günläp öýde karantinde oturmaly. Öň ýurda girýänler ýörite döwlete degişli ýerde 21 gün karantinde saklanylýardy.

Içerki we daşarky syýahat

Eýrana, Hindistana we Türkiýä lukmançylyk turizmi heniz hem çäklendirilen, çünki bu ýurtlara uçar gatnawlary entek dikeldilmedi.

Ýurduň içindäki COVID bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmeleriniň birnäçesi gowşadyldy. Welaýatlaryň arasyndaky ýolagçy otly we uçar gatnawlarynyň aglabasy dikeldildi we ýolagçylardan üstünden 48 sagat geçmedik COVID-19 PCR testiniň netijesini görkezmek talap edilýär. 5-nji iýuldan bäri içerki syýahat üçin Migrasiýa Gullugyndan rugsatnama almak talap edilmeýär. Şeýle-de bolsa, Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin heniz hem Migrasiýa Gullugynyň rugsadyny almaly bolýar.

2022-nji ýylyň 30-njy maýyndan bäri halkara uçar gatnawlary bölekleýin dikeldildi. Türkmenistan bilen Dubaý (BAE), Kazan (Russiýa) we Moskwa (Russiýa) şäherleriniň arasyndaky gatnawlar hepdede iki gezek ýola goýuldy. Şeýle-de bolsa, bu uçuşlara bilet satyn almagyň kyndygyny we paranyň hem ara girýändigini, uzyn nobatlaryň bolýandygyny tassyklanylmadyk çeşmeler habar berýärler. Türkmenistanly migrantlaryň aglabasynyň ýaşaýan we işleýän ýeri bolan Türkiýe döwletine gatnawlar heniz hem ýapyklygyna galýar.

Türkmenistanyň pasporty

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary wagty dolan pasportlaryň möhletini olara peçat basmak arkaly 2024-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldyp başladylar. Häzire çenli ilçihanalarda pasportlary täzeläp bermek hyzmatyny ýola goýmak barada hiç hili karar çykarylmady. Bu bolsa daşary ýurtlardaky müňlerçe türkmen raýatlarynyň statusyna täsir edýär.

Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlara, Russiýa we Türkiýä biznez we turizm maksady bilen heniz hem wizasyz syýahat edip bolmaýar. Gaýtam, türkmen raýatlarynyň Türkiýä wizasyz girmeginiň ýatyrylmagynyň mümkindigi tassyklanylmadyk habarlarda aýdylýar.

Ykdysady reformalar

  • 2012-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijelerini, ýurduň makroykdysady görkezijilerini ýa-da ilat saglygynyň statistikalaryny aýan etmek ugrunda hiç hili tagallalar edilmedi.
  • Ýurtda ýokary ýaşaýyş bahasyna çäre görmek ileri tutulmaýar ýa-da ilatyň öňünde we resmi taýdan ara alyp maslahatlaşylmaýar.
  • Daşary ýurt walýuta kurslarynyň gara bazardaky alyş-çalşygy heniz hem hereket edýär we ony ýatyrmak barada hiç hili gürrüňler edilmeýär.
  • Bank hyzmatlaryna, esasan hem bankomatdan pul çekmek we daşary ýurda pul ibermek ýa-da daşary ýurtdan pul kabul etmek hyzmatlaryna salnan çäklendirmeler dowam edýär. Western Union hyzmatlary hem halka elýetersiz bolup galýar.
  • Raýatlaryň ýurduň içindäki erkin hereketini we iş mümkinçiliklerini çäklendirýän propiska meselesini çözmek barada hiç hili ädimler ädilmedi.

Türkmen jemgyýeti üçin uly yzagidişlikler

  • Serdar Berdimuhamedow prezidentlige geçeli bäri Türkmenistanda internet has haýallady we çäklendirildi. 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde ýurtda internet tas bütinleý ýapylypdy.
  • “Ýokardan” gelen ýazylmadyk buýruklaryň netijesinde gözellik salonlary we aýal-gyzlar üçin dürli gözellik hyzmatlary ýatyryldy ýa-da çäklendirildi. Jemgyýetçilik pudagynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň makiýažyna, saçyna we egin-eşigine esassyz çäklendirmeler girizildi. Käbir tassyklanylmadyk habarlara görä, gözellik salonlarynyň käbiri öz hyzmatlaryny gaýtadan dikeltmegi başarypdyrlar.
  • Aýallara garşy diskriminasiýa dowam edýär we öz adyna awtoulagy bolmadyk aýallaryň sürüjilik şahadatnamasy täzelenip berilmeýär. Eger 40 ýaşdan geçmedik aýal öz adyna awtoulag hasaba aldyrmak üçin ýol polisiýasyna ýüz tutsa, ol sebäpsiz bu hyzmatdan ýüz dönderilýär.
  • 2015-nji ýylda Türkmenistanda abort etdirmäge berilýän rugsat göwreliligiň 12 hepdesinden 5 hepdesine çenli azaldylypdy. Bu kanunyň jikme-jik tertibi we şertleri 2022-nji ýylyň aprelinde ilata elýeter edildi.

Bu habarlar halkara metbugatynda çap edildi, emma Türkmenistanyň hökümet gulluklarydyr ministrlikleri halkara metbugatyna we ilata hiç hili düşündiriş hödürlemedi.

Gadyrly okyjy, sen täze prezidentden nähili reformalara garaşýardyň? Sen Serdar Berdimuhamedowyň öz prezidentlik wezipesini ýerine ýetirişi bilen kanagatlanýarsyňmy?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: