Progres.Online

Sekstorşen

Sekstorşen – adamyň wezipesiniň berýän ygtyýarlyklaryny seksual bähbit üçin hyýanatçylykly ulanmagydyr.

Şonuň üçin sekstorşen hereketi esasy iki bölekden düzülýär:

  1. Seksual bölegi. Jenaýatçy ýa-ha gönümel ýa-da dürli yşaratlar arkaly pida islemese-de ondan jynsy gatnaşyk, bedeniniň uýat ýerlerini görkezýän suratlarydyr wideolary, galtaşma we ş.m zatlary soraýar.
  2. Korrupsiýa bölegi. Jenaýatçy edýän işiniň öwezine seksual aragatnaşygy kabul ýa-da talap edip, özüne ynanylan wezipäniň ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanýar.

 Sekstorşen global mesele bolup, köplenç anyk kesgitlemesi bilinmese-de, bu guramalar, bilim we hukuk goraýjy edaralar ýaly ähli ýerlerde duş gelýär. Sekstorşen jenaýatçysy wezipesiniň berýän artykmaçlyklaryny öz bähbitleri üçin 3 şekilde ulanýar:

  1. Wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak. Transparency International assosiasiýasynyň “korrupsiýa – bu özüňe ynanylan ygtyýarlyklary şahsy haýryňa ulanmak” kesgitlemesi bilen sekstorşene beren kesgitlemesi juda meňzeýär. Ýagny, “sekstorşen – eýeleýän wezipäň berýän güýjüni saňa işi düşýänleri seksual taýdan ekspluatirlemek üçin ulanmakdyr».
  2. Hyzmat alyş-çalşygy. Munda jenaýatkär berjek hyzmatynyň öwezine pidadan seksual gatnaşyk talap edýär ýa-da kabul edýär. Bu ýagdaýda pida hyzmaty kabul edip ýa ondan ýüz öwrüp bilýär, emma köp halatlarda bu islege görä alyş-çalyş däldir. Adamlar jenaýatkäriň teklibini jezalandyrylmakdan ýa-da adalatsyz daraşmalardan gaça durmak üçin hem kabul edip bilerler. Şeýle halatda pida sekstorşene bähbit üçin däl-de, özüni kösençlikden goramak we aslynda doly hukugy bolan hyzmaty almak üçin baş goşýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, adam özüne has oňat çemeleşilmesi üçin garşysyndaky adama seksual hyzmat hödürleýär.
  3. Psihologik zorluk. Bu jenaýatkär ygtyýarlyklarynyň pidanyňkydan güýçlüdigi sebäpli pidadan seksual gatnaşyk isläp, basyş edende ýüze çykýar. Bu element sekstorşeni gender zorlugyndan, zulumyň we basyşyň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýan esasy aýratynlygyň biridir. Ygtyýarlylygy güýçli adam gorkuzyp ýa haýbat atyp, pida psihologik zorluk edip biler. Meselem: “meniň bilen seksual gatnaşykda bolmasaň işiňden çykararyn/okuwa almaryn/raýatlykdan mahrum ederin” we ş.m.

Sekstorşen hadysalaryna mysal berip, düşündirip bolsa-da, psihologik zorlukly sekstorşeniň örän subýektiw (şahsy tejribä, duýga we ş.m esaslanýar) bolany zerarly köplenç ony subut etmek kyn we günäkärlenýäniň jezadan aňsat sypmagy mümkin. Çünki, kazyýet pidadan belli bir basyş ýa-da mejburyýet astynda bolany barada subutnama talap edýär.

Bellemeli zat: Günäkär “korrupsiýa” sebäpli kazyýet jogäpkärçiligine çekilende “psihologik zorluk” parahorlygyň esasy elementi hökmünde kesgitlenilmeýär. Şeýle-de bolsa, kä ýagdaýlarda, aýratynam kiçi kazyýet işlerinde muňa korrupsiýanyň bir bölegi hökmünde garalyp bilner.

Sekstorşeniň beýleki kesgitlemeleri:

Döwletler we edaralar/guramalar sekstorşene dürli kesgitlemeleri berýärler:

  • ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy (FBI): “Sekstorşen – onlaýn ýüze çykýan jenaýat bolup, uly ýaşly adamyň 18 ýaşdan kiçileri web kamera arkaly seksual suratlary paýlaşmaga ýa-da seksual hereketleri etmäge yrmagy».
  • Birleşen PatyşalygyňMilli Jenaýat Agentligi: “Sekstorşen – web kameralar arkaly haýbat atmagyň bir görnüşi bolup, jenaýatçylaryň galp profilleri ulanyp pidalar bilen onlaýn dostlaşyp, olary web kameranyň öňünde seksual hereketleri etmäge yrmagy».
  • AwstraliýanyňeSafety Komissiýasy: “Sekstorşen – haýbatyň bir görnüşi bolup, eger jenaýatçynyň talaplaryny ýerine ýetirmese, pidanyň pynhan suratlaryny onlaýn paýlaşjagyny aýdyp gorkuzmagy».
  • ÝUNISEF: “Sekstorşen – çagany masgaralamak bilen gorkuzyp, ony seksual materiallary (pornografiýa, ses ýazgylar, pynhan suratlar) döretmäge mejbur etmek».
  • EUROPOL hem sekstorşeni “çagalary onlaýn haýbatlara we zorluga sezewar etmek” diýip kabul edýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: