Progres Fondy Türkmenistanda ykdysadyýet, sosial we daşky gurşaw meseleleri hem-de jemgyýetiň saglygy bilen gyzyklanýan gaýbana ýazyjylary işe çagyrýar.
Talaplarymyz:
- Tejribe hökman däl;
- Türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde düşnükli we aýdyň ýazyp bilmeli;
- Meselelere gowy düşünmäni we sanlar/grafikalar bilen işlemäni başarmaly;
- Russiýada ýa-da Belarussiýada ýerleşýän bolmaly däl.
Türkmenistan barada analitiki ýazgylar bilen gyzyklanýanlar biziň üçin ideal kandidatlardyr. Ýazyjynyň işiniň agramly bölegi maglumat seljermekden we köpçüligi bilimlendirmek hem-de konstruktiw gürrüňdeşliklere ýol açmak maksatly original işleri döretmekden ybarat bolar.
Dalaşgärler rezýumesini we bir sany nusgalyk makalasyny email arkaly turkmen.progres@gmail.com adresine ýollamaly. Makala Saglyk.org ýa-da Progres.online platformalarynda çap edilmäge laýyk şekilde ýazylmaly we 500 sözden uzyn bolmaly däl. Biziň websaýtlarymyzdaky makalalary mysal hökmünde ulanyp bilersiňiz.
Size üstünlik arzuw edýäris we arzalaryňyza garaşýarys.
Progres we Saglyk topary