Progres.Online

Podkast: Türkmen pagtasyny düýpgöter ulanmazlyga çagyryş we düşündiriş

2023-nji ýylyň awgustynda, Ecotextile Talks – global dokma we egin eşik üpjünçilik zynjyryna täsir edýän meseleriň öňüni almak baradaky platformadan Dawid Styles Global zähmet adalatlygy guramasynyň mejbury zähmet maksatnamasynyň direktory Allison Gill bilen podkast geçirdi. Söhbetdeşlikde Allison Gill ýakynda, Pagta Kampaniýasynyň çap eden Türkmenistandaky ulgamlaýyn mejbury zähmet hakyndaky “Üýtgeşmeleriň wagty geldi” atly hasabaty barada belleýär. Şeýle hem, Allison Gill Türkmenistanyň pagta ýygymynda mejbury zähmet meselesi, onuň ulanyşynyň geçmişi, şu güni we gelejegi babatda birnäçe soraglara jogap berdi.

Bu makalada podkastyň bölekleýin terjimesi berilendir. Podkastyň doly görnüşini şu ýerden okap we diňläp bilersiňiz.

Dawid Styles: Näme üçin Türkmenistanda çaga zähmeti uly meseledigini düşündirip bilersiňizmi? Bu ýagdaýa çagalar nä derejede sezewar bolýarlar?

Allison Gill: Türkmenistan adamlary öz isleglerine garşy pagta ýygmaga çekmek syýasatynyň bir bölegi hökmünde çaga zähmetini ulanýardy. Birnäçe ýyl ozal Türkmenistan muny bes edip, çagalary pagta ýygmaga döwletiň mobilizirlemeginiň öňüni almak üçin syýasy çäre durmuşa geçirene meňzeýär.

Türkmenistandaky meseleleriň ýene biri hem erkinligiň ýoklugy we repressiw ýagdaý sebäpli beýle kararlara bil baglap bolmaýar. Şeýlelikde, hökümetiň erkin isleginden başga çaga zähmetiniň gaýtadan dikeldilmegine päsgel berip biljek hiç zat ýok.

Emma, möhüm bilmeli zat: Türkmenistanda ululary mejbury zähmete çekýän ulgam bar. Bu çaga zähmetine itergi berýär. Döwlet çagalary pagta ýygymyna mobilizasiýa etmese-de, hökümet edaralaryndan ýa-da kärhanalaryndan aýlyk alýan ulular, mugallymlar, saglyk işgärleri we beýleki işgärler mejbury pagta ýygmaga çekilýär. Ýa-da öz jübülerinden pagta ýygyjylara töleg tölemäge mejbur edilýär. Bu jezanyň bir görnüşi bolup, işgärler ýa pagta ýygmaly ýa-da tölemeli.

Mejbury zähmete çekilen köp adamlar ýa ene-atalar pagta ýygmak üçin öz ýerlerine çagany iberip biler. Ýa-da pul gazanmak isleýän garyp çagalar pagta ýygmaga we pagta ýygyja tölemäge mejbur edilen adamyň ýerine töleg garşylygyna pagta ýygyp biler. Netijede, çagalar meýletin işlemän, eýsem pul gazanmak üçin işleýärler. Bu görnüşdäki çaga zähmeti mejbury zähmet esasynda ýüze çykýar.

Dawid Styles: Türkmenistanda üýtgeşmeleriň boljagyna oňyn garaýarsyňyzmy? Üýtgeşmelere BMG ýaly guramalar ýolbaşçylyk edip bilermi? Siziň pikiriňizçe, üýtgeşmäniň durmuşa geçirilmegiň wagty geldimi?

Allison Gill: Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlaryndan biridir. Ýurt BMG-nyň agentlikleri, halkara guramalary üçin daşarky synlara ýapyk, hatda СOVID-19 krizisinde ilatyň saglygyna gözegçilik etmek mümkin däldi.

Emma, iki möhüm üýtgeşme boldy:

  • Goňşy Özbegistanda pagta ýygmakda döwletiň maliýeleşdirýän mejbury zähmet ulgamy bardy. Ýurt birnäçe ýyl bäri ençeme özgertmeleri amala aşyrdy we döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmeti ýok etdi. Türkmen hökümetiniň Özbegistanda bolup geçen wakalara syn edýändigini we döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmetden uzaklaşdyrjak käbir çäreleri amala aşyrmaga synanyşýandygyny görkezýän alamatlar bar. Türkmen hökümetiniň Halkara Zähmet Guramasy bilen pagtaçylyk pudagynda kömek almak üçin gepleşik geçirýändigini bilýäris. Bu geljegi uly alamat we öň gören alamatymyz däl.
  • Ikinji uly ösüş, üpjünçilik zynjyrynyň dolandyrylyşy ýa-da halkara global üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrýan düzgünler üýtgedi. Türkmenistanyň pagta we pagta ýüplükleriniň ýa-da matalarynyň global üpjünçilik zynjyryna girýändigini bilýäris. Kompaniýalaryň önümlerinde mejbury zähmeti ulanmazlyk barada borçnamasy bar. ABŞ türkmen pagta önümlerini import etmegi gadagan etdi.

Bu iki möhüm zat: Özbegistanda döwletiň mejbury zähmeti bes etmegi, üpjünçilik zynjyrynyň düzgünleriniň berkleşdirilmegi we pagta üpjünçilik zynjyrlarynda mejbury zähmete bolan ünsüň artmagy Türkmenistanda üýtgeşmeleriň geçirilmegi üçin umydyň bardygyny aňladýar. Şol sebäpli, bu ýylky hasabaty “Üýtgeşmeleriň wagty geldi” diýip atlandyrdyk.

Dawid Styles: Siziň pikiriňizçe, özgerişleriň amala aşyrylmagy üçin kompaniýalar we biznesler türkmen pagtasyna boýkot etmelimi?

Allison Gill: Kompaniýalar we biznesler türkmen pagta önümlerini düýpgöter ulanmaly däldirler. Olaryň şeýle etmezlikde kanuny borçnamasy bar. Iň bolmanda, muňa ABŞ-nyň importlar barada borçnamasy we Ýewropanyň käbir kanunçylygynda ygtybarlylyk barlagyny (hyzmatdaşy, kompaniýany ýa-da maýa goýum mümkinçiligini derňemek, barlamak we ygtybarly maglumat toplamak) geçirmek borçnamasy degişlidir. Şeýle hem, kompaniýalar mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagta önümlerini ulanmazlyk üçin BMG-nyň bizneslerdäki adam hukuklary baradaky ýörelgesi we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ýörelgesi boýunça etiki borçnamalary ýaly kanuny borçnamalary bar.

Türkmenistanda pagta ýygýan adamlar we pagta ösdürip ýetişdirýän daýhanlar pul gazanmaýalar. Hökümet ýurtdaky ýeke-täk pagta öndürüji we satyn alyjydyr. Şeýlelikde, döwlet daýhanlary hökümetiň kesgitlän bahasyndan pagta ösdürip ýetişdirmäge mejbur edýär we maýa bilen üpjün edýär. Daýhanlar has girdejili başga ekinleri ösdürmegi makul bilseler-de, hökümet olary pagta ösdürmäge we döwlete satmaga mejbur edýär. Şol sebäpli, hökümetden başga hiç kim pagtadan girdeji gazanmaýar.

Dawid Styles: Üpjünçilik zynjyrlaryna maýa goýýan we üýtgeşmelere itergi bermek üçin kömek etmäge synanyşýan diňleýjilere näme maslahat berip bilersiňiz?

Allison Gill: Kompaniýalar diňe mejbury zähmet esasynda öndürilen harytlary üpjünçilik zynjyryndan aýyrman, eýsem bu barada köpçülige mälim edenlerinde uly özgerişlik emele getirerler. Pagta Kampaniýasy Özbegistan üçin “Pagta Kasamy” kampaniýasyny geçirdi. Onda kompaniýalar mejbury zähmet bilen öndürilen özbek pagtasyny ulanmazlyk barada wada berdiler. 330-dan gowrak meşhur brendler we söwda kompaniýalary Pagta Kasamyna gol çekdi. Bu Özbegistanyň hökümetine, abraýyna we ykdysadyýetine uly täsir edip, wagtyň geçmegi bilen Özbegistanyň pagta eksportynyň azalandygyny gördük.

Biziň Türkmenistan üçin hem “Pagta kasamy” kampaniýamyz bar. Kompaniýalar “Türkmen Pagta Kasamyna” gol çekip, mejbury zähmet bilen öndürilýän türkmen pagtasyny üpjünçilik zynjyrynda ulanmazlyga wada bermeli. Soňra, kompaniýalar üpjünçilik zynjyryndaky çig mallara çenli gözden geçirip, üçünji taraplaryň, ýagny pagta üpjün ediji hyzmatdaşlarynyň türkmen pagta önümlerini satyn almaýanlygyny anyklamak üçin ygtybarlyk barlagyny amala aşyrmaly.

Dawid Styles: Ýurtdaky režimiň repressiwligini göz öňüne tutsak, Türkmenistan adamlara daranyşy boýunça iň erbet ýurtmy?

Allison Gill: Gynansak-da, bütin dünýäde pagta önümçiliginde zähmet hukuklarynyň bozulýandygyny görýäris. Emma, Türkmenistanda döwletiň amala aşyrýan ulgamlaýyn mejbury zähmeti bar. Bu kompaniýalaryň degişli ygtybarlylyk barlagyny geçirip bilmejegini we öz üpjünçiligini döwletiň ýöredýän ulgamlaýyn mejbury zähmetinden tapawutlandyrmak üçin özbaşdak çäre görüp bilmejekdigini aňladýar. “Has Gowy Pagta” başlangyjy (daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda pagta ösdürip ýetişdirýän jemgyýetlere ýardam edýän başlangyç) ýaly durnuklylyk başlangyçlary Türkmenistanda işläp bilmez.

Türkmenistandaky ýagdaý Hindistan ýaly esasy pagta öndürijilerden tapawutlanýar. Hindistanda hem zähmet hukuk bozulmalary, çaga zähmetiniň ulanylmasy bar. Emma, ýurtda pagta öndürýän müňlerçe daýhan bolup, kompaniýalar öz üpjünçilik zynjyryny gözden geçirip we zähmetiň ulanylyşynyň standartlara laýyk gelýänini anyklap bilýär. Muny Türkmenistanda edip bolmaýar. Kompaniýalaryň Türkmenistandan pagta alyp bilmesi üçin düýpli özgertmeler gerek.

Mejbury zähmet meselesini çözmek üçin gözegçilik, hasabat berme, tehniki kömek, kanunçylygyň üýtgedilmegi, zulum edijileriň jezalandyrylmagy zerurdyr. Şeýle hem, işçileriň we daýhanlaryň örän güýçlendirilmegi gerek. Şeýle edilende, olaryň özleri hem işleýän şertlerini üýtgetmek üçin sesleriniň eşidilmesini gazanyp bilerler.

Çeşme: Ecotextile News

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: