Progres.Online

Pikir soraşyk: Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň daşary ýurtlardaky haklary

Merkezi Aziýa barometri guramasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşaýjylaryndan sowalnama aldy. Onuň netijeleri 2022-nji ýylyň sentýabrynda çap edildi. Sowalnamanyň temasy Merkezi Aziýaly migrantlaryň daşary ýurtlardaky haklary we ol ýurtlarda migrantlara bolan garaýyşlary öz içine alýar. Sowalnama telefon söhbetdeşligi arkaly geçirildi we her ýurtdan ortaça 1000-2000 adam gatnaşdy. Sowalnama alynan ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem ýer aldy.

Sowalnama gatnaşan türkmenistanlylaryň arasynda iň ýaýgyn jogap “Bilemok” we gatnaşyjylaryň 37%-i bu jogaby beripdir. Sowalnamanyň awtorlaryna görä, bu jogabyň beýle ýokary paýy almagy ýurduň syýasy dolandyryşy sebäpli gatnaşyjylaryň şahsy howpsuzlygy üçin seresaply jogap bermegi bilen düşündirýärler. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň bu mesele boýunça:

  • 20%-i hiç aladalanmaýar;
  • 28%-i örän aladalanýar;
  • 10%-i biraz aladalanýar.

Sowalnama gatnaşan türkmenistanlylaryň 33%-i bu soraga “Bilemok” diýip jogap berdi.

Sowalnama gatnaşanlaryň pikirlerine görä, türkmenistanly zähmet migrantlarynyň işlemäge iň köp gidýän ýurtlary:

  • 21% – Russiýa;
  • 18% – Türkiýe;
  • 2% – Hytaý;
  • Jogap berenleriň 20%-i agzalan 3 sany ýurduň hiç birini saýlamadylar.

Çeşme: Awareness of Migrant Rights in Central Asia: Survey Results

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: