Progres.Online

Näme üçin zenanlar sosialist sistemada has lezzetli jyns gatnaşyklar edýär?

Aýlyksyz, işsiz, okuwsyz, sosial goragsyz oý bikesi bagtly bolup bilermi?

Antropolog Kristen Godseý-iň 2018-nji ýylda çap eden kitaby şu soraga jogap berýär.

“Näme üçin zenanlar sosializmda has lezzetli jyns gatnaşyk edýärler: we zenanlaryň ykdysady garaşsyzlygy üçin beýleki argumentler.” – kitabyň ady.

Why Women Have Better Sex Under Socialism: And Other Arguments for Economic Independence by Kristen Ghodsee.

Awtor kitapda sosializmda aýal-gyzlaryň sosial we ykdysady howpsuzlygy has adalatly bolup, has deňlige esaslanýan jemgyýet bolýandygyny öňe sürýär. Kapitalizmda (düzgünleşdirilmedik, eden etdilikli bazar ykdysadyýetinde) çaga dogurmak, terbiýelemek, çaga idegi, uly ýaşly adamlara ideg etmek we syrkawlara ideg etmek zähmetiň – mugt zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gerdenine düşýändigini belleýär. Argumentini subut etmek üçin Gündogar Ýewropa jemgyýetleriniň mysallaryny ulanýar.

Awtor 20-nji asyryň döwlet sosializmine gaýdyp gelmegi ret edýär. Munuň ýerine Gündogar Ýewropada, Skandinawiýada we Günbatar Ýewropada bolan käbir sosial, ykdysady howpsuzlyk programmalarynyň aýal-gyzlaryň durmuşyny gowulaşdyrjakdygyny öňe sürýär.

Sosialist gymmatlyklara esaslanan sistemada adamlary we maşgalalary ykdysady kynçylyklardan we garyplykdan goramak üçin döredilen hökümet maksatnamalary iş ýüzünde işleýär. Şeýle programmalar işsizlik, kesel, maýyplyk sebäpli we beýleki kyn durmuş ýagdaýlara düşen adama goldaw berýär. Netijeli döwlet maksatnamalary “howpsuzlyk ýassygy” hökmünde hereket edýär, adamyň aşa garyplyga düşmeginiň öňüni alýar. Garyplyk adam mertebesini peseldýär.

Awtor kitapda sosialistik gymmatlykly jemgyýetleriň aýallar üçin, gender deňligi üçin has gowudygyny öňe sürýär. Okyja ykdysady we syýasy nukdaýnazardan zähmet çekýän, beýnisini ulanýan ene bolmakdaky dürli garaýyşlary, modelleri hödürlenýär. Awtor Günbatar zurnallarynda we mediada ýygy-ýygydan peýda bolýan aýal-gyzlary seksual obýekt hökmünde suratlandyrýan şekilleri tankyt edýär.

Kapitalistik (bazar ykdysadyýeti) jemgyýet bilen deňeşdirilende aýal-gyzlar sosialist jemgyýetlerde has azat ýaşaýandygyny öňe sürýär. Erkek adamlar şeýle jemgyýetde aýal-gyzlary deň kabul edýärler. Bu bolsa erkek aýal gatnaşyklaryna, garaýşlara uly, oňyn täsir edýär. Aýallaryň kapitalistik jemgyýetlerde erkeklerden has az gazanç edýändiklerini şeýlelik bilen aýallaryň erkeklere has garaşly bolýandygyny we olara durmuşa çykmak üçin has köp basyş edilýädigini görkezýär.

Kitapda, Gündogar Germaniýadaky aýallaryň (sosialist gymmatlyklar) arasynda Günbatar Germaniýadakylar (kapitalist gymmatlyklar) bilen deňeşdirilende has lezzetli jynsy kanagatlylygyň bardygy baradaky gözleglere salgylanylýar. Öz erkiň, öz aýlygyň (ykdysady erkinlik) we döwlet sosial goraglyk bagtlylygyň, has adalatly durmuşyň açary bolup bilýär.