Hukuk goraýjy edaralar güýç ulanyjy we jeza beriji organlardyr. Post-sowet ýurtlarynda kazyýet ulgamy biraz özgeren hem bolsa, polisiýa uýtgemän sowet polisiýasy bolup galdy. Polisiýa jemgyýetden ýokary durýar we ilat bilen dialoga gatnaşmak islemeýär. Ýöne jemgyýetde problemalar günsaýyn köpelýär we polisiýa maşgaladaky zorlugy ýa-da milli azlyklaryň hukuklary ýaly has inçe meseleleri çözüp bilmeýär.
Elbetde, polisiýa reformasy çylşyrymly meseledir. Dünýäde hiç bir ýurt henizem hemmeleri kanagatlandyrjak polisiýa güýçlerini we gullugyny döredip bilmedi. Merkezi Aziýa ýurtlarynda bu diňe bir sowet mirasynyň galyndysy bolman, polisiýa syýasy rezimiň bähbitlerini goraýar.
Islendik polisiýanyň reformasy – polisiýanyň zorlukly funksiýalaryny azaltmaga we ilata kömek etmegiň başga usullaryny göz öňünde tutýar. Muňa nähili ýetilýär? Post-sowet ýurtlarynda polisiýanyň anyk jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem işini has aç-açan etmek zerurdyr. Içeri işler ministrligini we beýleki güýç ulanyjy edaralary jemgyýet, parlament, metbugat we raýat hünärmenleri üçin has açyk bolmaga mejbur etmeli we polisiýa syýasy rezime hyzmat etmän, jemgyýete hyzmat etmeli. Polisiýanyň işi raýatlaryň töleýän salgydyna garaşly bolýar. Şu döwürde ilatda jenaýatçylardan we polisiýadan deňräk derejede howatyrlanmagyň bardygyny bellesek ýalňyşmarys.
Merkesi Aziýada sowet usulda işlemäni dowam etdirip biljekdigine ynanýan hukuk goraýjy ulgam we köne durmuşda ýaşamak islemeýän jemgyýet döredi. Jemgyýet polisiýadan, kazyýetlerden, prokurorlardan daşda durmagy saýlaýar. Bilermenlere görä, bu fonda beýleki täsirli toparlar köpelýär, yslam dinine ýakyn bolan toparlar köpelýär sebäbi mollalar adamlaryň meselelerini has çalt çözýärler.
Post-sowet ýurtlarda Içeri işler ministrliginiň gurluşy
Post-sowet ýurtlarynyň köpüsinde milisiýa merkezleşdirilen usulda Içeri işler ministrligiň gözegçilik astynda saklanýan, sowet mirasynyň galyndysydyr. Şeýle hem polisiýa harbylaşdyryldy. Esasanam soňky ýyllarda Içeri işler ministrliginiň garamagynda OMON ýaly ýörite güýçler döredildi. Häkimiýetler näçe seminar geçirsede, täze programma reformalaryny kabul etsede, milisiýa öňküligine galdy.
Esasy meseleleriň biri polisiýa halkara polisiýanyň standartlaryna doly laýyk gelmezligidir. Onuň professional taýdan könelişen organa öwürlmegidir. Polisiýanyň işgärine kanun dälde, başlygyň buýrugy has möhüm bolup durýar.
Sowet Soýuzy döwründe milisiýa jemgyýetde giň wezipeleri ýerine ýetirýärdi: olar diňe bir kanuna we tertibe gözegçilik etmän, jenaýatyň üstüni açmalydylar, propaganda işleri, resminamalar ulgamy bilen meşgullanýardy, meselem pasportlary bermek. Şeýle hem hökümet edaralaryny goraýardy. Post-sowet liderleri häkimiýet başyna gelenlerinde, olar üçin polisiýanyň bu wezipelerini dowam etdirmek amatly boldy, sebäbi bu wezipeler syýasy rezimi raýatlardan goramaklygy öz içine alýardy.
Polisiýa raýatlaryň arasyndaky nägileligi basyp ýatyrdylar. Şol sebäpden, Gyrgyzystan ýa-da Ukraina ýaly ýurtlarda bäsdeşikli saýlawlar arkaly syýasatçylaryň häkimiýete gelendiklerini görenimizde-de, syýasy ýolbaşçylaryň ilki bilen polisiýany özgertmäge synanyşandyklaryny gördük. Hakykatda bolsa polisiýa olara hyzmat edýändigi sebäpli reformalaryň hemmesi puja çykdy ýa-da diňe populist çykyşlar bolup galdy. Gynansagam, bu mesele Sowet Soýuzy dargansoň üç onýyllykdan soňam dowam edýär.
Polisiýanyň mäliýeleşdirmesi
Polisiýanyň maliýeleşdirmesi dürli ýurtlarda tapawutlanýar: Gazagystanyň maliýeleşdirmek mümkinçilikleri has giň bolýar, sebäbi döwlet býudjeti muňa rugsat berýär; beýleki ýurtlarda (Gyrgyzystanda, Täjigistanda) Içeri işler ministrligi beýle gowy maliýeleşdirilmeýär. Emma aslynda munuň post-Sowet Içeri işler ministrligi üçin ähmiýeti ýok, sebäbi beýleki döwlet pudaklaryndan tapawutlylykda (Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi ýa-da Saglygy goraýyş ministrligi) Içeri işler ministrligiň 1990-njy ýyllardan başlap, elmydama başga resmi däl maliýe çeşmeleri bardy. Has açyk aýtsak, polisiýa ilatdan para has netijeli ýygnap bilýär. Biz köp ýurtda korrupsiýanyň gurluşynyň piramida meňzeýändigini bilýäris: iň pes derejeli polisiýa işgärleri köçede para alyp bilýär, ýöne belli wagtda ýolbaşçylary bilen paýlaşmaly bolýarlar. Başlyklar ýokardaky başlyklara berýär. Beýleki býurokratlardan tapawutlylykda polisiýanyň “resmi däl baýamak çeşmelerinden” peýdalanmak üçin has köp mümkinçilikleri bar. Elbetde, dürli hökümetler muňa garşy göreşmäge synanyşýarlar ýöne bu gaty kyn. Bu gaty kyn, sebäbi mugallymlardan ýa-da käbir beýleki býurokratlardan tapawutlylykda polisiýa işgärleri jemgyýete garşy zorlugy kanuny ýa-da bikanun ulanyp bilýär. Şonuň üçin polisiýa ilatdan para almak has aňsat bolýar. Elbetde, ilatyň medeniýetini hem göz öňünde tutmalydyrys sebäbi ilatyň arasynda parahorluk medeniýeti ösdi. Adamlar üçin resmi däl ýagdaýda jerime tölemek has aňsat bolýar. Ilat üçin korrupsiýa baş goşmazlyk kyn bolup galýar.
Dürli ýurtlarda Içeri işler ministrliginiň gurluşyny üýtgetmek üçin köp synanyşyklar boldy. Bu synanyşyklaryň köplenç Içeri işler ministrliginiň içinde, ministrligiň ýolbaşçylygynda ýa-da ministrliligiň syýasy wepalylygyna bil baglaýan syýasy ýolbaşçylar tarapyndan edilýärdi. Bu reformalar köplenç puja çykýar. Şular ýaly özgertmeleriň netijesi: polisiýanyň milisiýa adynyň üýtgedilmegi ýa-da formanyň, enjamlaryň, tehniki bazasynyň (awtoulaglar, ýaraglar we ş.m) üýtgemegi boldy. Emma bu maddy üýtgeşmeleriň toplumy reforma hasaplamak bolmaýar.
Içeri işler ministrliginiň reformasy näme?
Polisiýanyň reformasy enjamyň, formanyň üýtgemegi sebäpli däl-de, eýsem polisiýanyň jemgyýete bolan garaýyşynyň üýtgemegi sebäpli bolup geçýär. Polisiýa jemgyýetiň öňünde hasabat berip başlaýar.
Merkezi Aziýanyň her bir raýaty syýasy ýolbaşçylar tarapyndan Içeri işler ministrliginiň reformasy yglan edilende, bu reforma bolmajakdygyny ýatdan çykarmaly däldir. Hakyky reforma ministrligiň daşyndaky institutlarda başlanýar. Demokratik ýurtlarda bu parlamentiň, kanunçylyk binýadynyň, kazyýetleriň kömegi bilen gurnalýar. Içeri işler ministrligini özgertmek üçin raýat jemgyýeti bilen ministrligiň arasynda aragatnaşyk gurmak üçin platforma döretmek möhümdir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynda anyk näme edip bolar?
Edip boljak işler bar. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny, raýat aktiwistleri bilen bir zalda, polisiýa tarapyndan zorlugy, bikanun zorlugy başdan geçiren adamlary, adam hukuklaryny goraýjylary, parlamentiň deputatlary bilen bir ýere ygnamak we diňe bir gezeklik duşuşyk däl-de, ulgamlaýyn bir dialog başlanmaly. Belki, metbugat wekilleri hem gatnaşdyrylmalydyr.
Näme we nirede ileri tutulmaly, haýsy zorlukly usullar ýok edilmeli, jemgyýetde polisiýanyň nähili roly bardygy barada gepleşik yzygiderli bolmaly we muny “reforma” diýip atlandyryp bolar. Jemgyýetiň nämä mätäçdigini we polisiýanyň muny edip biljekdigi barada haýsydyr bir ylalaşygy döretmegi maksat edinmeli. Bu gaty haýal proses we hiç zada alyp barmýan ýaly prosess bolup, her kim düýbünden başga zatlary talap edýän ýaly görünsede, bu demokratiýada bolup geçýän zerur prosesdyr. Şeýlelik bilen, jemgyýet bilen gepleşik arkaly polisiýa we hökümet has köp ynam gazanyp biler.
Siziň pikiriňizçe, ideal polisiýa işgärleri barmy ýa-da bu diňe isleg-hyýal bolýarmy? Başga ýurtlardan anyk mysallar barmy?
Ideal polisiýa işgäri ýokdyr, ýöne hemişe bu ideala ýetmek üçin synanyşýan polisiýa işgärleri bar. Bu esasan has demokratik ýurtlarda bolýar. Içeri işler ministrliginiň reformasy näme? Bu diňe bir taslama däl, eýsem jemgyýet bilen alnyp barylmaly hemişelik, dowamly gepleşikdir. Jemgyýet üýtgeýär. Şeýle bir jümle bar “polisiýa jemgyýetiň aýnasydyr”. Mysal üçin LGBT adamlaryny kemsitmek ýaly, maşgaladaky zorluk ýaly meseleler jemgyýetiň göreşmek isleýän çynlakaý meselelerine öwrülýär. Polisiýa hem muňa garşy göreşmeli. Häzirki wagtda Amerikada polisiýanyň nähili işleýändigi ýa-da garaýagyz amerikalylary nädip kemsidýändigi we öldürýändigi barada köp çekeleşigiň bardygyny hemmämiz bilýäris. Amerikada çynlakaý gepleşik we polisiýanyň jyns azlyklara bolan garaýşyny üýtgetmek synanyşygy bar. Beýle üýtgeşmeler hemişe bolup geçmeli. Şeýle gepleşikler jemgyýetde alnyp barylmasa gaty erbet ýagdaýlar, zulum ýüze çykýar. Şonuň üçin polisiýa bir ýerde durmaly däl, olar jemgyýeti hemişe diňlemeli, täze meseleleri göz öňünde tutmaly we wezipelerini jemgyýetiň zerurlygyna görä üýtgetmeli.
Postsowetistan podkasty: Cезон 3. Власть и общество в Центральной Азии. Эпизод 1. Реформа полиции