Bütindünýä Bank Toparyna degişli Halkara Maýagoýum dawalaryny çözýän merkez russiýanyň mobil operatory MTS-iň (Mobil TeleSistemalar) Türkmen hökümetine garşy talap arzasyny ret etdi. Bu halkara arbitražy (araçy sud) halkara maýadarlaryň we aýry döwletleriň arasyndaky hukuk dawalaryny çözmek üçin döredildi. Türkmenistan hukuk işini alyp barmak üçin amerikan ýuridiki şereketi Squire Patton Boggs-y tutdy. 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda arbitorlar (araçy kazy) hukuk işini Türkmenistanyň haýryna tamamladylar. Bu waka hakynda Türkmenistanyň döwlet mediasynda habar berilmedi.
Mesele näme?
MTS 2005-nji ýylda şol döwüriň türkmen bazarynyň ýerli monopolist operatory Barash Communication Technologies satyn alansoň işe başlady. MTS Türkmenistanda işlemek üçin bäş ýyllyk ygtyýarnama (lisenziýa) aldy we arassa girdeýjisiniň 20% Türkmen hökümeti bilen paýlaşmaga ylalaşdy.
MTS-iň ygtyýarnamasy 2010-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan wagtlaýyn togtadyldy. Şol döwür MTS-iň 2.5 million, ýerli Altyn Asyryň bolsa 0.5 million müşderisi (abonent) bardy.
MTS 2012-nji ýylda Türkmenistanda işine gaýtadan başlady we öz gezeginde Türkmentelekom bilen arassa girdeýjisiniň 30% paýlaşmaga ylalaşdy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan MTS bilen şertnamasyny uzaltmady we ony ýurduň internet ulgamyndan aýyrdy.
2018-nji ýylyň awgust aýynda MTS Halkara Maýagoýum Dawalaryny Çözýän Merkezde Türkmenistana garşy dawa açdy. Ilki bu talap arzasynyň mukdary $750 milliondy, 2019-njy ýylda $1,5 milliarda galdy we soňra bolsa $2 milliarda ýetdi. Arzanyň esasynda Türkmenistanyň MTS bilen şertnamany uzaltmazlygy rus kompaniýasynyň işini elinden almak we Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki taraplaýyn şertnamanyň bozulmagy hökmünde garaldy.
2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň hukuk wekili bolan Squire Patton Boggs-yň web-sahypasynda arbitražyň MTS-iň ähli talap arzalaryny ret edendigini we Türkmenistanyň sud harajatlary üçin $11 million tölemegi MTS-e buýrandygyny belläp geçdi. Arbitorlar Türkmenistan MTS-iň ygtyýarnamsyny uzaltman hiç hili kanyny bozmady diýen netijä geldiler.