Progres.Online

Merkezi Aziýadaky konspirasiýa teoriýalary

Covid-19 5G telefon ulgamynyň üsti bilen ýaýraýan eken. СOVID-19 Hytaýyň gizlin bio ýarag programmasynyň önümi. Belarusda/Gruziýada oppozisiýanyň protestleri hökümete bolan hakyky nägilelige esaslanýarmy ýa-da olar Gündogar tarapyndan tölenýärmi?

2014-nji ýylyň mart aýynda gündogar Ukrainanyň üstünden barýan Malaýziýanyň uçaryny kim düşürdi? Russiýa tarapdar separatistlermi ýa-da Ukrainanyň hökümetimi? “Yslam döwletiniň” döremegine nädip düşünmeli? Bu topar Yrakda özbaşdak emele geldimi ýa-da ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy Gündogarda ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak üçin döretdimikä?

Wiktor Hramow, Wladimir Umnow we Aleksandr Zadan çyndanam türkmen hökümetiniň maslahatçylarymy ýa-da olar barada gürrüňler ilaty özüni erksiz duýmagy, öz ykbalyna eýe çykman ruhdan düşürmek üçin ýaýradylýarmy?

Konspirasiýa (dildüwşük) teoriýasy

  1. Uly, ähmiýetli bir syryň köpçülikden gizlin saklanýandygyny öňe sürýän teoriýa.
  2. Gizlin, kölegede bolan ýöne güýçli bir toparyň ýa-da guramanyň ýagdaýlara jogapkärdigine bolan ynam.

Konspirasiýa teoriýalaryna ynanýan adamlar

Dildüwşük teoriýalaryny az sanly, paranoýaly samsyklaryň ynançlary diýip hasaplamak aňsatdyr ýöne bu konspirasiýa pikirlenişe, ynançlara çynlakaý baha bermeýär. Türkmenistanda konspirasiýa teoriýalaryna ynanmak giň ýaýran. Bir tarapadan bu adam psihologiýasynyň bir bölegi, başga tarapdan teoriýalar juda täsirli bolýar.

Dildüwşük teoriýasyna ynanmak kimdir birini akylsyz, nadan ýa-da ýaman adamdygyny aňladanokdyr. Bu adamyň ýaramaz hilli maglumatlara duş gelendigine aňladýar – şu günler ýaramaz, ýoýlan, ýalan maglumatlar we habarlar giňden we çalt ýaýraýar.

Şeýle düşünjeleriň sowatsyz adamlaryň arasynda has giň ýaýran ýaly görünsede, bu topara okuwly-bilimli adamlar hem girýär. Dildüwşük teoriýasy adamyň dünýägaraýyşyna laýyk gelýän bolsa, bilimli adamlaryň hem olary goldaýandygyny görüp bolýar.

Dildüwşük teoriýalary emosional taýdan köşeşdiriji bolup şeýle ynançlara eýerýän adama kanagat tapdyrýar. Konspirasiýa teoriýalary başgaça düşündirip bolmajak, tötänleýin ýaly görünýän wakalara we köplenç syýasy garşydaşlary erbet edip görkezýän wakalara düşündirişler berýär. Mundan başga-da, teoriýalara ynanýanlar özlerini artykmaç hasap edýärler, sebäbi “hakykaty” ýalan we gizlin maglumatlaryň arasynda “ýeke özeri görüp düşünýän” ýaly duýgy astynda bolýarlar.

Adamyň gylyk-häsiýeti hem möhüm rol oýnaýar. Buýruk bilen göberilýän paýhaslara we hökümete şübhe bilen garaýan adamlar konspirasiýa ynançlara eýermege ýykgyn bolýarlar.

Konspirasiýa ynançlary we beýnimiz

Adamyň dildüwşük teoriýalaryna ynanmaga ýykgyn etmegini beýnimizde bir näçe aň-düşünjäniň işine degişli ýagdaýlar bilen düşündirip bolýar. Bularyň biri proporsional tarapkeşligi (proportionality bias) – uly wakalaryň uly sebäpleriniň bardygyna bolan ynam. Şeýle ynam bizi wakalaryň kimdir biri ýa-da bir zat tarapyndan meýilleşdirilendigini çaklamaga mejbur edýär. Esassyz tassyklamak (сonfirmation bias) – biz öz pikirlerimizi, ynançlarymyzy tassyklaýan subutnamalaryň gözleginde bolýandygymyzy aňladýar. Bu bolsa biziň öz düşünjelerimize, bilimmize aşa ýokary baha bermegine eltýär. Şeýle ýagdaýda biz özümizden tapawutly pikirli adamyny diňlemeýäris, özümize hüjüm hökmünde olara agressiw ähende jogap berýäris.

Merkezi Aziýadaky konspirasiýa teoriýalary

Şeýle ynançlar diňe sebitimizde bolman, olara dünýäniň islendik ýurdynda duş gelip bolýar. John Heathershaw Merkezi Aziýadaky kospirasiýa teoriýalarynyň aýratynlyklary barada gyzykly synlaryny paýlaşýar.

Dildüwşükli gürrüňleri, teoriýalary hökman syr bilen örtülen bolýar. Olara ynanýanlara hiç hili düşündiriş ýeterlik bolmaýar. Wakany düşündirýän birnäçe wersiýalar giň ýaýrap jemgyýetiň syýasy durmuşyna täsirini ýetirýär.

Konspirasiýa teoriýalary çapraz gelýän maglumatlardan doly bolup jemgyýetdäki erk we kuwwat bir näçe adamlaryň elinde jemlenýär düşünjäni öňe sürýär. Konspirasiýa gürrüňleriň düzüjileriň içine gybatlar we myş-myşlar hem girýär.

Awtora görä, Merkezi Aziýada giň ýaýran konspirasiýa teoriýalaryny esasan iki topara bölüp bolýar: häkimiýet başyndakylara, presidente we onuň maşgalasyna degişli (deep state) we daşary ýurtlaryň howpy (foreign threat) baradaky teoriýalar. “Howply gizlin guýçlere” ABŞ, Istam döwleti, Sionistler, Masonalar hem girýär. Ýöne esasy ýurt Russiýa bolup durýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynda “beýik güýçleriň agalygy” (Russiýa, Hytaý) düşünje syýasy durmuşda esasy düşünjeleriň biri bolup durýar.

Heathershaw-a görä, teoriýalaryň hemmesi syýasy hasaplanmalydyr, sebäbi konspirasiýa teoriýalarynda adamlaryň syýasy erk we ygtyýarlyk baradaky soraglary, pikirleri, aladalary öz beýanyny tapýar. Şeýle ynançlar hasam ýapyk ýurtlarda, garaşsyz mediýanyň bolmadyk, jemgýetiň pikiri çäklendirilen ýurtlarda, derňew zurnalistikasynyň ýok, çeşmeleri barlap bolmaýan ýerinde has hem möwj alýar. Türkmenistanda konspirasiýa teoriýalaryň bolmagy we ýaýramagy ilatda sagdyn skeptisizmiň, müňkürligiň bardygyndan, ähli maglumatlaryň syýasatlaşdyrylýandygyndan we ilatyň hakykatyň gözlegindedigini aňladyp biler.

Konspirasiýa teoriýasynyň ähmiýeti maglutmatlaryň takyksyzlygy ýa-da nädogrylygy däl-de, eýsem olara ynanýanlaryň we olary ret edýänleriň jemgyýetiň syýasy medeniýetine we pikirlerine täsir edýändiginde. Dildüwşük teoriýalary post-sowet Merkezi Aziýanyň syýasy gurşawynyň möhüm we düşünilmedik, öwrenilmedik tarapydyr.

“Eý diýdim, beý diýdim, hiç diňlänokda!”

Konspirasiýa teoriýalarynyň ýaýramagyny aňsat duruzup bolanok ýöne olara ynanýanlara empatiýa görkezmek ilkinji netijeli ädim bolup biler.

Dildüwşük teoriýasyna ynanýan dostumyz, joramyz, maşgala çlenimiz bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, onuň prikirini uýtgetjek bolup biz ählimiz sesimize bat berip gygyrmak, äsgermezlik, logika ýa-da ylmy subutnamalary ulanmak ýaly metodlaryny ulanandyrys. Ählisi şowsyz çykan ýagdaýynda, biz şeýle ynançly adamdan gaça durmagy we onuň bilen gürrüňdeş bolmazlygy saýlaýarys.

Bu çemeleşmäniň gowşak ýeri bar. Bu usullar konspirasiýa teoriýasyna ynanýan adama özüni hujum edilýän ýaly, gabawda düýup öz galp düşünjelerine bolan ynanjyny has hem berkidýär.

Klimatyň üýtgemegi ýa-da СOVID-19 sebäpleri ýaly möhüm meselelerde, dildüwşük teoriýalary subutnamlara esaslandyrylan jedellere, pikir alyşma we hereketlere uly böwet bolýar.

Adamlary galp habarlar we propaganda baradaky pozisiýalaryna täzeden garamaga çagyrmakda nädogry maglumatlaryň ýaýramagynyň umumy mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmakdan başlamak peýda berip biler.

New Sсientist

John Heathershaw, Of National Fathers and Russian Elder Brothers: Conspiracy Theories and Political Ideas in Post Soviet Central Asia, The Russian Review 71, October 2012.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: