Progres.Online

Maglumat söweşiniň pidasy bolmakdan goranalyň: propagandany saýgarmagy öwreneliň

CABAR.asia Niderlandiýanyň Groningen uniwersitetiniň Mediýa we žurnalistika ylymlary gözleg merkeziniň dosenti Dr. Raşid Gabdulhakow bilen bilelikde habarlary göreniňizde ýa okanyňyzda olaryň propagandadygyna nädip düşünmelidigini we propagandistleriň ulanýan usullary barada esasy maglumatlary taýýarladylar.

Propaganda näme?

Propaganda – adamlary bir zada ynandyrmak üçin döredilen mediýa we aragatnaşyk strategiýasy.

Häzirki döwürde, maglumatlar ýaraga öwrüldi. Indi, ​​uruşlar diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem mediýa giňişliginde-de alnyp barylýar. Propaganda diňe adamlary ynandyrmak üçin maglumat strategiýasy däldir. Ony adamlaryň dünýägaraýşyny, pikirlerini, käbir prosesslere we başgalaryň durmuşy babatda düşünjelerini manipulýasiýa etmek üçin hem ulanýarlar.

Şu günlerde munuň bilen bagly iň gowy mysal: Russiýanyň Ukrainadaky harby operasiýasyny aklaýan, onuň zerur we gutulgysyzdygyna ynandyrmak üçin ýaýradýan propagandasy. Bu çylşyrymly mysal, sebäbi Russiýada “uruş” sözüni ulanmak gadagan. Ýöne, bu uruş magtalýar we mukaddes borç hökmünde görkezilýär.

Propaganda nireden gelip çykdy?

Taryhda, propaganda katolik ybadathanasynyň wagyz etmek maksatly oýlap tapan adalgasydyr. XVII asyrda Rim katolik ybadathanasy Ynanjy propaganda etmek üçin birleşik (kongregasiýa) döredip, onuň agzalary hristiançylygy Ýewropa yklymynyň daşynda ýaýratmalydy.

Propaganda mydama erbetmi?

Propaganda manysy boýunça erbet zat däl. Onuň oňyn manysy hem bar. Meselem: sagdyn durmuş ýörelgesini ýa-da haýwanlara garşy zalymlyga garşy göreşmek propagandalary we ş.m.

Propaganda kime we näme üçin gerek?

Propaganda köplenç syýasy partiýalaryň, ýagny häkimiýet başyna geçen we ony saklamak isleýän ýa-da häkimiýeti gazanmak isleýän adamlaryň guralydyr. Propagandany dini liderler hem ulanýarlar. Propaganda sözüniň gelip çykyşyny nazarda tutsaň bu ýerlikli ulanyş. Elbetde, din bilen syýasat köp halatlarda baglanşykly.

Beýleki tarapdan, propaganda ideýany/pikiri köpçülige ýetirýänler üçin zerur. Olara resmileriň garamagyndaky işgärler: resmi däl ýolbaşçylar, sungat işgärleri, aýdymçylar degişli. Başgaça aýdylanda, teleýaýlymlarda, filmlerde, aýdym-sazlarda halka meşhur, halkyň ynanýan adamlary.

Näme üçin resmi däl aktýorlar propagandanyň wekili bolýarlar?

Her kimiň dürli gyzyklanmalary bar: kimine güýç gerek, kimi bir zat satmak ugrunda, kimi pul gazanmak isleýär, kimi hakykatdanam propagandanyň fanaty bolany üçin wekil bolýarlar.

Haýsy syýasy ulgamlar propaganda etmäge has ýykgyn?

Ählisi. Demokratik, awtoritar, totalitar we monarhiýa dolandyryşyly ýurtlarda bar.

Ýekeje tapawut: totalitar we awtoritar döwletlerde propagandadan başga alternatiwasy ýok. Olaryň propagandan başga maglumat çeşmesi elýetersiz.

Propagandistler haýsy gurallary we usullary ulanýarlar?

Olaryň ulanýan usullary kän. Meselem: gözleglere görä, adamlaryň aglabasy bir zady goldaýarlar (kanuny, hökümetiň syýasatyny we ş.m.) we “men köpçülikden yza galýarmykam?” diýip pikirlenmäge başlaýarlar. Ine, bu ýerde jebislik elementi ýüze çykýar. Has takygy, adamlarda döwletiň dogryçyl, gowy adamlar diýip kesgitlän köpçüligine goşulmak islegi döreýär.

Başga bir usuly “A siz näme?” diýip atlandyryp bolar. Mysal üçin: post-sowet ýurtlarynda koloniýa garşy gürrüňler meşhur. Rus propagandasy bu gürrüňleri alýar, özleriniň koloniýa geçmişini ret edýär we şol propagandalary Birleşen Patyşalyk, Fransiýa ýaly utandyryjy kolonial geçmişi bolan günbatar döwletlerine gönükdirýär. Netijede, köpçüligiň ünsüni üýtgeýär. Bu strategiýa öňki kolonial döwletler bolan Latyn Amerika we Afrika ýurtlarynda örän gowy işleýär.

Iň ýaýbaňlanan usullaryň biri misinformasiýa ýa-da hile. Geň ýeri, köplenç konspirasiýany we manysyz maglumatlary adamlar dogry hasaplaýar.

“NATO-nyň ösdürip ýetişdiren guşlary Covid-19-y ýaýratdy” diýen habar muňa mysaldyr. Şeýle hem, Russiýa çozuşlaryny aklamak üçin ýaýradan “Ukrainada çagalar öldürilýär” ýaly habarlar juda aladalandyryjy. Bu gürrüňleriň manysyzdygyna garamazdan, köpçülik bulara aňsat ynanýarlar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Deepfake we beýleki tehnologiýalar sebäpli dezinformasiýa ýaýratmak örän ýeňilleşdi. Käbir halatlarda, propagandistler ýalan sözleýärler. Olar öňki konfliktlerden ýa-da wideo oýunlaryndan suratlary alyp, suratlary söweş meýdanynda düşürendigini aýdýarlar.

Propaganda hemişe ýalana deňmi?

Ýok, nädogry. Käte maglumatlary belli bir görnüşde beýan etmek ýeterlikdir. Hakykatyň diňe bir bölegini aýdýarlar we adamlaryň dünýägaraýyşy üýtgeýär.

Bir mahabatdan mysal bereliň: Kartoşka çipsileri zyýanly önüm. Öndüriji kompaniýa çipsileri täze pakede gaplaýar we olaryň düzüminde köne paketlere garanyňda 20% az ýagyň bardygyny mahabatlandyrýar. Belki bu dogrydyr, emma munuň bilen çipsiler peýdaly iýmite öwrülmeýär. Ine, şeýle ýagdaýda manipulýatiw düşünjeler berilip, bu çipsi öndürijilere bähbitli bolýar.

Galyberse-de, propagandistler maglumatlary ygtybarly görkezmek üçin başga usullary ulanyp bilerler. Meselem: Günbatar mediýasyny aýyplaýan maglumatlaryň kändigine garamazdan, rus çeşmeleri günbatarly žurnalistleriň berýän ygtybarly maglumatlaryna salgylanýarlar.

Propagandalaryň ideologiýasy nämä esaslanýar?

Döwlet propagandasy köplenç döwletiň özüne, taryhyna, haýsydyr bir topara degişlidigine (biz kim?) gönükdirilýär. Şeýle ýagdaýda “ýitirilen jennet” ideologiýasy (halk wajyp gymmatlygy, çeşmeleri we ş.m ýitirdi ýa ýitirme howpy abanýar diýip adamlary herekete getirmek, goldaw almak we ş.m. üçin syýasatda peýdalanylýan kuwwatly ritorika) ulanylýar.

Şeýle hem, “gowy adamlar däl” diýilip bir ilatyň sosiologiki gatlagy kesgitlenýär. Olar bolan zatlar üçin günäkärlenýär. Propagandistler diňe bir ýagdýada “ýitiren jennetimize” dolanyp bileris diýýärler. Mysal üçin: Meksika bilen ABŞ arasynda diwar gurmak, SSSR-i täzeden esaslandyrmak, bosgunlary Ýewropadan kowmak we ş.m.

 Propaganda ideologiýasy “bu biz däl” diýen ideýa hem esaslanyp bilner. Bu ýagdaýda maglumatlar şeýle berilýär: “bu bize keseki”, “bu biziň däp-dessurlarymyz däl”, “biziň maşgala gurluşymyz başgaça”.

Messenjerler, sanly we sosial mediýa döwründe toplumlaýyn propaganda bolup bilermi?

Hawa. Muny etmek üçin halky gorkuzmak, alternatiwa barada pikir etmekden çekindirmek ýeterlikdir. Meselem: adamlar käbir habarlara “like goýmaga” hem gorkýarlar. Çünki, bu ekstrimizm hökmünde kabul edilmegi ahmal, hatda tussag edilmegi mümkin. Şol sebäpli, internetdäki islendik hereket üçin adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmäge mümkinçilik berýän kanunlar ýazylýar.

Şeýlelikde, bir adam VPN (wirtual hususy tor) arkaly alternatiw çeşmelere girmek mümkinçiligi bolsa-da, ilki bilen VPN-e girýäni sebäpli agyr jezalandyrylmak gorkusyny ýeňip geçmeli bolar. Mundan başga-da, adamyň VPN ulanmagy üçin tehnologiýa bilimi bolmaly we alternatiw maglumat öwrenmegi üçin syýasy/ideologik islegi bolmaly.

Propaganda habarlaryny nädip saýgarmaly?

Propagandany saýgarmak kyn bolup biler. Sebäbi gowy propaganda adatça göze ilmeýär.

Emma, propaganda mahsus birnäçe alamatlar bar:

  • Emosional we gaýtalanýan propaganda;
  • Propagandada başga pikiriň bolmazlygy;
  • Maglumatlary wagyz edýän aktýorlaryň üýtgemezligi;
  • Propagandistler elmydama göz aýlan ýeriňde;
  • Yzygiderli birmeňzeş maglumatlar akymynyň bolmagy;
  • Dyngysyz propagandalaryň adamlara dynç bermezligi.

Propagandany şu görnüşde saýgaryp bilersiňiz: Okanyňyzdan ýa eşideniňizden soň özüňize soraň: “Men özümi nähili duýýaryn? Belli bir topara garşy ýigrenjim döredimi? Olara garşy bir zat etmek isleýärinmi?”

Propagandanyň pidasy bolmazlyk üçin näme etmeli?

Birnäçe maglumat çeşmesini okaň! Wakalary, habarlary kimdir biri bilen ara alyp maslahatlaşyň! Ýöne bu teoriýadyr. Aslynda, propaganda bilen göreşmek örän kyn. Sebäbi, bu köp babatda dine meňzeýär, ýagny adamlaryň çylşyrymly soraglaryna ýönekeý jogap berýär.

Hakykatda, propaganda garşy göreşmek üçin giň gerimli habardarlyk kampaniýasyny geçirmek, mekdeplerde we uniwersitetlerde mediýa sowatlylygy sapaklaryny girizmek zerur. Žurnalistika etikasyna eýerilmegini gazanmalydyrys. Raýat jemgyýeti bilen işleýän we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýän jemgyýetçilik guramalaryny gysman, olary goldamak zerurdyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: