TECTONICS-da çap edilen täze makalada alymlar Türkmenistanyň çäginde işjeň tektonikalar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň bilelikdäki taslamasynyň netijelerini beýan edýärler. Tektonika ýer gabygynyň gurluşy we içerki dartyş güýçleri tarapyndan emele gelişi, üýtgeýişi we hereket edişi baradaky geologiýanyň bölümi.
1948-nji ýylda, Türkmenistanda Merkezi Köpetdagyň gündogaryndaky döwüminde 7.3 ball ululykda we 1895-nji, 1946-njy we 2000-nji ýyllarda 6.0–7.5 ball ululykda Hazar çöketliginde weýrançylykly ýer titremeler boldy. Şondan soň, Merkezi Köpetdag döwüminiň (MKD) bütin uzynlygy boýunça uly ýer titremeleri hasaba alynmady. Emma, onuň 200 km uzynlygyny göz öňünde tutsak, teoretiki taýdan MKD >7.5 ululykdaky uly ýer titremeleri ýüze çykaryp bilýär. Şol sebäpli, döwümiň süýşme derejesini ölçemek ýer titremäniň abandyrjak howpuna baha bermek üçin möhümdir.
Döwüm – daşlar ikä bölünip, biri-birinden aýrylmagy. Bu iki daş blogy biri-birinden süýşüp aýrylýan wagty ýer titreme ýüze çykýar. Olaryň süýşýän ýer gatlagyna bolsa döwüm diýilýär. Süýşme derejesi döwümiň iki daş blogynyň biri-birine görä typma tizligidir.
2016-njy ýylyň noýabrynda, Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň alymlarynyň bilelikdäki topary MKD-niň uzak möhletleýin süýşme derejesini ölçemek üçin MKD-e gözleg saparynda boldular. Alymlar süýşme derejesiniň örän çalt hereketlidigini, ýagny ýyllyk 9.1 ± 1.3 millimetrdigini kesgitlediler. Bu MKD-niň bütin Arabystan-Ýewraziýa çaknyşma zonasynyň iň çalt döwümidigini aňladýar. Şeýle ýokary süýşme derejesi MKD-iň ýokary ýer titreme howply zonadygyny görkezýär. Ýer titremeleriň ýüze çykmasyny we wagtyny çaklamak üçin güýçli ýer titremeleriň uzak möhletleýin alamatlaryny öwrenýän paleoseýsmiki derňewleri geçirmek zerurdyr.