Progres.Online

Konfliktlerde adam mertebesini peseldiji dil ulanmagyň netijeleri

Mediýada konfliktli taraplaryň biri birini kemsitmek, ýigrençli dil ulanmak, adam mertebesini peseltmek (дегуманизация) ýaly suratlandyrmalaryna ýygy duş gelmek bolýar. Adam mertebesini peseltmek – bu adamyň ýa toparyň adamzada degişlidigini inkär etmäge gönükdirilen herketler ýa-da sözlerdir.

Şol sebäpli ulanýan we eşidýän sözlerimizden näme üçin hüşgär bolmalydygymyzy düşündirýän ençeme akademiki barlaglar bar:

“Ýigrenilýän, äsgermezlik edilýän we ynamdan gaçan toparlar köplenç haýwanlara deňeşdirilmek arkaly adamyň ynsanlyk mertebesini peseldiji, şahsyýetini kemsidiji usullar bilen suratlandyrylýar. Geň galdyryjy ýeri, adam mertebesini peseldiji ritorikalaryň agressiw hereketleri oýandyrýanlygy barada az subutnamalar bolsa-da, şeýle ritorikalar bilen bilelikde agressiw hereketleriň amala aşyrylýandygy babatda kän subutnamalar bar” – diýip Melburun uniwersitetiniň psihologiýa professory Nik Haslam belleýär.

Alan Turing institunyň onlaýn howpsuzlyk toparynyň uly ylmy işgäri Florens Enokyň we Ýork uniwersitetiniň gözlegçi alymy Harriet Oweriň geçiren barlagyna görä, bir toparyň adamlaryny haýwan häsiýetlerinde suratlandyryp kemsitmek we olary jemgyýetiň islemenýänligini (ýa isleýänligini) aýdyp düşünjeleri üýtgetmek, adamlaryň şol topara zyýan ýetirmegi makullamak islegini artdyrýar.

Bu täsiriň mysaly hökmünde Kent uniwersitetiniň psihologlarynyň 2013-nji ýylda geçiren barlagyny görkezip bolar. Awtorlar barlaga gatnaşan hristianlara musulmanlary adam mertebesini peseldiji sözler bilen suratlandyrýan näçe köp teskt berseler, hristian gatnaşyjylaryň şonçada uruşda ýesir alynan musulmanlara garşy gynamalary goldaýandyklaryny anykladylar.

Emma, alymlar hristian gatnaşyjylara musulman medeniýetini “döredijilige bolan teşnelik” we “zähmetsöýerlik” ýaly dürli häsiýetlerde beýan edýän teksti berenlerinde, şol teksti okan hristianlar bitarap teksti okan gatnaşyjylara seredeniňde musulmanlary suratlandyrmak üçin adam mertebesini peseldiji sözleri has seýrek ulandylar. Şeýle-de, olar gynamalary ulanmazlygy makullamaga has ýykgyn etdiler.

Şeýlelikde, eger bir topar barada ynsanlykdan pes görüji suratlandyrmalary näçe kän eşitseňiz, özüňiz hem şol topara garşy adam mertebesini peseldiji dili ulanma ähtimallygyňyz ýokary.

Bu migrasiýa bilen bagly meselelerde hem şeýle. Bir barlagyň awtorlaryna görä, belli bir migrant toparyny ýokanç keselleriň we parazitleriň ýaýramagy bilen baglanyşdyrmak adamlaryň umuman migrasiýa barada has negatiw garamagyna sebäp bolýar.

Bu jyns meselesine-de degişlidir. Şu mesele boýunça geçirilen bir barlag aýallaryň jynsy aýratynlyklaryna ýa-da funksiýalaryna ünsi jemlemek aýallara adam mertebesinden mahrum bolan haýwanlara deňemek ýaly adamkärçiliksiz garalmagyna getirýändigini ýüze çykardy. Aýallary “ýyrtyjy haýwanlar” bilen deňeşdirmek we olary “ýyrtyjy” hökmünde suratlandyrmak adamyň duşmançylykly jynsparaz garaýyşlar bilen razylaşmagyna sebäp bolýar.

Emma, adam mertebesini peseltmegi bes etmegiň ýollary bar:

  • Dürli toparlaryň arasynda oňyn tejribeler barada aýtmagy ýaýratmaly.
  • Ritorikalaryň adamkärçilikli aýdylmagyny gazanmaly.
  • Eger özüňiz uly görgüleri başdan geçirýän bolsaňyzam, adamlar barada aladalanmak töweregiňizdäkilere adamkärçilikli çemeleşmegi aňladýar.

“Biz adam mertebesini sylamagyň duýgudaşlyk bilen baglydygyny bilýäris. Adam pajygasy hakynda eşidenimizde, ol içimizde uly duýgudaşlyk oýarýar. Ölümçilik ýa-da ganhorluklar barada statistika aýtsak, ol duýgudaşlygy az oýandyrýar” – diýip Nur Kteýli belleýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: