Progres.Online

Hasabat: Türkmenistanda söz we metbugat azatlygy ýok

Türkmenistanlylaryň maglumatlary seljermäge hukuklary, serişdeleri, ukyby ýok. Olar ýalňyş maglumaty tanamaýarlar ýa-da ret etmeýärler we maglumatlary saýlap seçip bilmeýärler.

2024-nji ýylda ABŞ-da ýerleşýän Halkara ylmy barlag we alyş-çalyşlar boýunça geňeşi (IREX) 2024-nji ýyl boýunça ýyllyk Işjeň maglumat barometri (Vibrant Information Barometer – VIBE) hasabatyny çap etdi. Bu ýylky VIBE hasabaty Ýewropa we Ýewraziýa, şol sanda Merkezi Aziýa boýunça 18 ýurduň media we maglumat ulgamyny seljerýär.

VIBE maglumatlaryň döredilişini, ýaýradylyşyny, ulanylyşyny we peýdalanylyşyny yzarlaýan ýyllyk hasabatdyr. Hasabat 4 sany ýörelgä, ýagny maglumatlaryň hili, köp kanallylyk, maglumatlaryň peýdalanylyşy, özgerýän işjeňlik ýörelgelerine esaslanyp, 0-40 arasynda bal berýär. Hasabat Türkmenistana ähli kategoriýalar boýunça “işjeň däl (netijesiz maglumat ulgamy)” reýtingini berip, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriň arasynda iň pes bal (3 bal) alan ýurtdyr.

Bal Türkmenistanyň mediasyny şeýle häsiýetlendirýär:

Ýurtda ýokary hilli maglumatlar örän çäkli. Olaryň köpüsi redaksiýadan garaşsyz däl, faktlara esaslanmaýar ýa-da adama zyýan bermek üçin niýetlenýär.

Adamlaryň uly mukdarda maglumatlary seljermäge hukuklary, serişdeleri, ukyby ýok. Olar ýalňyş maglumaty tanamaýarlar ýa-da ret etmeýärler we maglumatlary saýlap seçip bilmeýärler.

Repressiw syýasy ulgamy we giňden ýaýran şahsyýet kulty bolan Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we erkinligiň iň pes bolan ýurtlarynyň hataryna girýär. Garaşsyz media beýle-de dursun, ýurtda hatda söz we metbugat azatlygy ýok we Ýer ýüzünde iň berk senzura edýän döwletleriň arasyndadyr. “Serhetsiz habarçylar” (Reporters Without Borders) jemgyýetçilik guramasy 2024-nji ýylda metbugat azatlygy boýunça geçiren sowalnamasynda ýurtda žurnalistleriň yzygiderli senzura we gözegçilik edilýändigini belläp, Türkmenistany 180 ýurtdan 175-nji orunda goýdy. Bu “Freedom House” jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistana “erkin däl” diýip baha bermegini şöhlelendirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda giňden ýazgarylan saýlawlar arkaly kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine häkimýet başyna geçdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa ýurduň häkimýetiniň iň ýokary edarasy bolan Halk Maslakhatynyň başlygy boldy. Ol soňky karary berýän we ýurduň iň ygtyýarly şahsyýeti bolmagynda galýar. Döwletiň gözegçiligindäki media ýyllardyr pese gaçýan ýaşaýyş-durmuş şertlerini äsgermezlik edip, iki lideriň işine we üstünliklerine ünsi jemleýär. Media “bagtyýar halk, abadan mekan we paýhasly ýolbaşçylyk” baradaky resmi şygar astynda esasy borçlary bolan – habar bermek, kemçilikleri aýan etmek, faktlary we alternatiw garaýyşlary görkezmek arkaly adamlara habarly karar bermäge kömek etmekden gaçýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri diňe resmi syýasatyny makullaýan we ýurdy oňyn suratlandyrýan kontentleriň paýlaşylmagyny üpjün etmek üçin raýatlaryň sosial media hereketlerine ýakyndan gözegçilik edýärler. Hökümet köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berk gözegçilik edýär, internete girmegi düýpli çäklendirýär we sosial mediany, oppozisiýanyň websaýtlaryny, umumy täzelikler websaýtlaryny petikleýär.

Ýakynda geçirilen barlag Türkmenistanda 120,000-den gowrak domeniň petiklenendigini görkezdi. Geçen ýylky VIBE hasabatynda bolşy ýaly, ekspertler şu ýylky VIBE hasabatynda Türkmenistan boýunça 4 ýörelgäniň her birini “işjeň däl (netijesiz maglumat ulgamy)” diýip bahalandyrdylar. Şeýle hem, döwletiň gözegçiligindäki media ulgamynyň we senzuranyň gara çukuryndan çykmasy üçin bir alamat ýok diýip baha berdiler.

Ýurduň umumy ortaça baly 3 bolup, geçen ýyldakydan iki bal ýokarydyr. Ekspertler liberal media kanunynyň bolmagy we ýerli mediada ýigrençli diliň bolmazlygy ýaly ýurduň mediasynyň ownuk oňyn taraplaryna ýokary baha berdiler. Emma, ekspertler topary medianyň propaganda üçin ulanylmagy, möhüm maglumatlaryň halka beriliş akymy, internet senzurasy we hökümetiň sosial media ulanyjylary gözegçilikde saklamagy boýunça görkezijilerde 0 bal berdiler.

Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: