BMG-nyň ösüş maksatnamasynyň (UNDP) çap eden makalasyna görä,howanyň hapalanmagy dünýäniň iň uly meseleleriň biri bolup galýar. Ýewropa we Merkezi Aziýa dünýäniň iň köp uglerod zyňyndylaryny bölüp çykarýan sebitleriniň hataryna girýär. Bu sebitde ulanylýan energiýa çeşmesiniň 88%-i gazylyp alynýan ýangyçlardan gelýär (kömür, nebit we tebigy gaz) we howanyň hapalanmagyna uly derejede goşant goşýar.
Diňe 2019-njy ýylyň içinde hapa howa 6.7 million adamyň ölümine sebäp bolup, dünýädäki ölümleriň we maýyplyklaryň dördünji töwekgellik faktoryna öwrüldi. BSGG howanyň hapalanmagy netijesinde ilatda demgysma, rak, öýken we ýürek keselleriniň ýüze çykýandygyny eýýäm subut etdi. Soňky barlaglar bolsa, howanyň hapalanmagy bilen süýji keseliň, nerw ulgamynyň ösüşiniň bozulmalarynyň, çaganyň wagtyndan ir dogulmagynyň we pes agramly dogulmagynyň arasynda baglanyşyk tapdylar. BSGG şeýle hem, hapa howanyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramasyny güýçlendirýändigini tassyklady we Garward Uniwersitetiniň hünärmenleri howadaky PM2.5 mukdarynyň bary-ýogy 1 mikrogram köpelmeginiň COVID-19 ölümlerini 11% artdyrýandygyny görkezdiler.
BSGG-nyň maslahatyna görä, howa hapalaýjy we öýkene zeper ýetiriji madda bolan PM2.5 bölejikleriň howadaky mukdary ýyllyk ortaça 10 μg/m3-den geçmeli däl. Muňa garamazdan, 2020-nji ýylda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki paýtagtlaryň aglabasynda onuň mukdary maslahat berleninden artyk boldy. Biziň sebitimizde 2020-nji ýylyň PM2.5 görkezijileri: Aşgabat: 17, Nur-Sultan: 21.9, Taşkent: 29.9, Duşanbe: 30.9 we Bişkek: 43.5.
Günbatar Ýewropa bilen deňeşdirilende, Gündogar Ýewropada, Günorta-Gündogar Ýewropada, Kawkazda we Merkezi Aziýada daşardaky howanyň hapalanmagynyň netijesinde ýitiriljek adam ömri 20% ýokary. Mysal üçin, Täjigistanda 2017-nji ýylda ilatyň 80%-i PM2.5 konsentrasiýasynyň iň ýokary derejesini başdan geçirdi.
UNDP-niň hasabatynda howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin birnäçe çözgütler öňe sürülýär:
- Ýaşyl transport: Ulaglaryň bölüp çykarýan zyňyndylaryny azaltmaly, ýangyjyň hil standartlaryny ýokarlandyrmaly, agyr ulaglar üçin gaýtadan işleme programmalaryny ýola goýmaly we elektrik ulaglary ýaly, arassa ulag tehnologiýalaryny ösdürmeli. Bişkekde 420,000 sany awtoulag hasaba alyndy, emma bu şäher diňe 50,000 awtoulag üçin niýetlenendir.
- Netijeli ýyladyş: Kömür peçleriň ýerine arassa we netijeli ýyladyş ulgamlaryny ösdürmeli. Energiýany tygşytlamak we binalaryň ýylylyk saklaýjylygyny gowulandyrmak üçin hökmany gurluşyk kodekslerini girizmeli.
- Arassa galyndylar: Senagat we iýmit galyndylaryny dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýalaryny işläp düzmeli (meselem, galyndylary azaltmak, bölmek, ýygnamak, gaýtadan işlemek, arassalamak we zibil desgalaryny gowulandyrmak) we ýygnalan galyndylaryň açyk howada ýakylmagyny gadagan etmeli.