Halkara Zähmet Guramasy (HZG) we Türkmenistanyň hökümeti “ileri tutulýan çäreleri” jikme-jikleşdirýän hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny kabul etdiler. Ýol kartasynyň maksady Merkezi Aziýanyň biçak repressiw ýurdynyň hassahana, mekdep we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işgärleri ýaly on müňlerçe döwlet pudagynyň işgärlerini her ýyl pagta ýygymyna mejbury çekmegiň öňüni almaga gönükdirilendir.
Meseleler uly, köpdürli we ulgamlaýyn: Pagta önümçiligine bütinleý döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär. Döwlet jerime salmak we ýerlerini elinden almak ýaly jeza bermek bilen haýbat atyp, daýhanlara agressiw kwotalary goýýar. Pagta ýygyjylar şuňa meňzeş mejburyýete sezewar bolýarlar. Ýygyma gatnaşmak islemeýän ýa-da pagta ýygyp bilmeýän işgärler öz ýerine pagta ýygyjyny hakyna tutmak talap edilýär ýa-da aýlyk hakynyň kesilmegi we işsizlik töwekgelçiligine sezewar bolýarlar. Hökümet indi resmi taýdan çagalary ýygyma çekmeýär. Ýöne, 10 ýaşyndaky çagalary hem köplenç maşgalalary üçin pul gazanmak ýa-da garyndaşlarynyň ýerine hakyna tutma pagta ýygyjy hökmünde pagta ýygýandyklaryny görmek bolýar. Mejbury zähmetiň düýp sebäpleri – arkalaşyk azatlygynyň, söz azatlygynyň we köpçülikleýin şertleşik hukuklarynyň bolmazlygy endemik we giň ýaýbaňlanan bolup, takyk ygtybarlylyk barlagyny bütinleý diýen ýaly geçirip bolmajagyny görkezýär.
Şol sebäpli 2018-nji ýyldan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türkmen pagta önümleriniň we türkmen pagtasy bilen tutuşlygyna ýa-da bölekleýin öndürilen önümleriň Ýurda Girmesini Togtatmak Buýrugyny (WRO) saklamasy ýöne ýerden däldir. Şeýle-de, Adidas, Amazon, Gap Inc., H&M Group we Calvin Klein-iň eýesi PVH Korporasiýasy ýaly 150 sany halkara brendler we bölek satyjylar HZG-nyň türkmen pagtasynda mejbury zähmetiň ulanylmaýanlygyny kesgitleýänçä türkmen pagtasyndan gaça durmak barada jemgyýete ygrarlylyk beýannamasyna gol çekmeleri tötänlik däl.
Emma, 2023-nji ýyldaky pagta hasyly täze üýtgeşmäni görkezdi. Pagta kampaniýasynyň esasy hyzmatdaşlary bolan Turkmen.News we Adam Hukuklary boýunça Türkmen Başlangyjynyň (TIHR) yzgiderli on ýyl syn eden döwründe hökümet ilkinji gezek mugallymlary we lukmanlary pagta ýygyma çekmedi we öz ýerine pagta ýygyjy üçin pul tölemäge mejbur etmedi. Guramalara görä, bu kararyň kabul edilmesiniň HZG-nyň missiýasynyň Türkmenistana eden saparyna gabat gelmegi oňa itergi beren bolmagy ahmal. Muňa garamazdan, bu ädimiň täsiri çäkli boldy. Missiýa deslapky hasabatynda “saparda bolan ähli welaýatlarynda döwlet işgärleriniň mobilizlenmeginiň göni ýa-da gytaklaýyn subutnamalaryny” tapandygyny belledi.
Şeýle-de bolsa, ýakynda çap edilen “Ýol Kartasynyň uly umyt beriji tebigaty Türkmenistan bilen HZG-nyň arasyndaky gatnaşyklar barada “seresaply optimizmde” bolmaga ýol açýar. Ýol kartasynyň ähli ileri tutulýan düzümleri ýerine ýetirilen bolsady, mejbury zähmet ulgamyny kem-kemden ýok etmäge başlamak üçin biçak ähmiýetli bolardy” – diýip, Waşingtonda ýerleşýän Pagta Kampaniýasyny alyp baryjy girdeji gazanmaýan jemgyýetçilik guramasy bolan Global Zähmet Adalaty – Halkara Zähmet Hukuklary Forumynyň mejbury zähmet maksatnamasynyň direktory Allison Gill belleýär.
Resminama mejbury ýa-da hökmany zähmeti we 18 ýaşa ýetmedikleriň işlemegini ýurduň konstitusiýasynyň gadagan edýändigini gaýtadan tassyklaýar. Resminama hökümetden pagta ýygymda mejbury ýa-da hökmany zähmeti ulanmagy ýazgarýan jemgyýetçilik beýanaty bermegini, pagta ýygyjylary meýletin pagta ýygmaga höweslendirmek üçin “adalatly we ýerlikli” aýlyk haklaryny kesgitlemegini, işçileriň arzalary we nägilelikleri gizlin bildirmegi üçin “ýönekeý we elýeterli” usul döretmegini, pagta önümçiliginiň gyzyklanýan taraplarynyň arasynda jemgyýetçilik gepleşiklerini ösdürmegini we mejbury mobilizlemekde ýa-da zor bilen pul almakda günäkärlenen şahslary we döwlet resmilerini jogapkärçilige çekmegini soraýar.
Turkmen.news-iň redaktory Ruslan Mýatiýew: “ilkinji gezek mejbury zähmeti ýok etmek meselesi gümürtik şertlerde ara alnyp maslahatlaşylmaýar. Hökümet bu meseläni entek aç-açan boýun almasa-da, şeýle jikme-jik meýilnama umyt berijidir” – diýip belleýär.
Emma, Gilliň iki sany nägileligi bar. Ilki bilen, ýol kartasy garaşsyz jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýazylmadyga meňzeýär. Gilliň aýtmagyna görä, “hakyky” sosial gepleşikler gatnaşýan taraplaryň biri-birinden garaşsyz bolmagyny talap edýär, ýöne Türkmenistanyň Iş berijiler guramasy we ýurduň ýeke-täk Kärdeşler arkalaşygy hökümet bilen berk baglanyşykly.
Ikinjiden, ýygnanyşmak azatlygyny we beýleki esasy zähmet hukuklaryny üpjün etmek meselesinde ygrarlylygyň bolmazlygydyr. “Mejbury zähmetiň we zähmet ekspluatasiýasynyň öňüni almagyň we çözmegiň iň gowy usuly işçilerde güýç bolan halatydyr” diýip Gill belleýär. Ýerlikli amatly şertler bolmazdan, Türkmenistanda gazanylan islendik öňegidişlik Özbegistanyňka meňzäp biler. Özbegistanda ykdysady özgertmeler arkaly döwletiň mejbury zähmetiniň soňuna çykmakda “taryhy üstünlik” gazanylsa-da, raýat azatlyklarynyň çäklendirilmegi dowam edýänligi zerarly öňki ýagdaýyň täzeden gaýtalanma howpy abanýar. Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary jeza berilmeginden gorkman öz bähbitlerini gorap bilmese, işçiler mejbury zähmet ýaly ekspluatasiýa amallaryna garşy juda ejizdirler.
“Türkmenistanda hakykatdanam möhüm bir zady gazanmagyň bosagasyndakak, şeýle düzümleriň henizem ýetmezçilik etmegi meni aladalandyrýar. Çünki, Türkmenistanda mümkinçilikler üçin pursat köp bolmaýar we bu ösüş örän wajypdyr. Bu düzümler [ýol kartasyna] goşular we HZG garaşsyz jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna we döwlet tarapyndan mejbur edilýän zähmeti ýatyrmak meýilnamasynyň bir bölegi hökmünde esasy zähmet hukuklaryna, şol sanda arkalaşyklaryň azatlygyna ünsi jemlär diýip umyt edýärin.” – diýip Gill nygtaýar.
Makala awtoryň rugsady bilen terjime edildi.
Awtory: Jasmin Malik Chua
Çeşme:
ILO, Turkmenistan Adopt Roadmap to
Eradicate Forced Labor in Cotton Fields