Progres.Online

Global “görülip-eşidilmedik” derejede dogýan çagalaryň sany peselýär

BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) täze hasabatyna görä, esasy sebäpleriň biri dörän agyr sosial we ykdysady durmuş päsgelçiliklerden gelip çykýar. Ene-ata bolmak höwesi azalmaýar.

Her 5 adamdan biri, maddy ýagdaýynyň we geljege bolan ynamsyzlyk sebäpli isleýäninde has az çaga etjekdigini aýdýar.

UNFPA-nyň başlygy Natalýa Kanem “The Guardian” gazetine beren interwýusynda “Mesele isleg däl-de, mümkinçilikleriň ýoklugy” diýdi.

Hasabat dünýä ilatynyň 37%-ini emele getirýän 14 sany pes, orta we ýokary girdejili ýurtlarda ýaşaýan 14,000 adamyň pikirini içine alýar.

BMG görä, adamlaryň maşgala gurmagyna böwet bolýan esasy faktorlar:

  • Ykdysady howpsyzlyk: Soraga gatnaşanlaryň 39%-i az çagaly bolmagyň esasy sebäbi hökmünde ýaşaýyş jaýyň gymmat bolmagyny we çaga ideg etmek bilen bagly ýokarlanýan çykdajylary bellediler.
  • Gorkuly gelejek: 19% howanyň üýtgemegini we konflikt baradaky aladalary mysal getirdi.
  • Gender we zähmet dinamikasy: Aýallaryň 13%-i çaga dogurmakda, ideginde päsgelçilik hökmünde deň bolmadyk zähmet bölünişigini nygtadylar.

Türkmenistanda

2019-nji ýylda çaga dogurmagyň derejesi, her aýala 3.1-di (UNICEF MICs), şu wagt şu san 2.6 düşdi. Bu san ýurt boýunça çaga dogurýan ýaşdaky aýallaryň (15-49 ýaşdaky), ömründe çaga dogurjak ortaça sanyny hasaplaýar.

Ömür dowamlylygy: türkmenistanly erkek adamlar ortaça 67, aýallar 73 ýaşaýar. Bu sanlar Merkezi Aziýa boýunça iň pes sanlardyr.

UNFPA-nyň pikiriçe çözgütler:

Çaga sanyny artdyrmak üçin mejbury çaga dogurmak syýasaty (aborty çäklendirmek) we höweslendirme (bir gezeklik, çäklendirilen tölegler) netijesiz çärelerdir. Munuň ýerine hökümetiň ilata elýeterli ýaşaýyş jaýy we çaga ideg hyzmatlary (sadikler, mekdepler), ene-atalara tölegli rugsady we maşgala meýilleşdirmek hyzmatlaryny giňeltmek ýaly anyk hyzmatlara has köp maýa goýumlaryny ýatyrmagy gerek.

Çeşme: UNFPA