Progres.Online

Gelejege taýýar Türkmenistany gurmak: Demografiki çeýelik boýunça strategiýalar

Türkmenistan çaga dogluşynyň peselmesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emma, BMG-nyň Ilat Gaznasy (UNFPA) munuň juda erbet zat däldigini öňe sürýär. Demografiki üýtgeşmä jogap bermegiň esasy açary adamlaryň hukuklaryna hormat goýmak, saýlap-seçmek mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek we durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr.

Ýyllar boýy Merkezi Aziýada dogluş derejesi azaldy. Meselem: Türkmenistanda dogluş derejesi 1990-njy ýylda 4.3-den 2024-nji ýylda 2.5-e düşüp, 34 ýylyň dowamynda takmynan iki esse peseldi. Şeýle-de bolsa, Gündogar Ýewropa bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýanyň ýokary önelgelik derejesi we depginli ilat köpelmesi bar. Sebitiň ilaty ýaş bolup, ilatyň 43% – 54%-i ýaşlardyr.

Türkmenistanda ilat sany köpelse-de, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende ýurduň ilaty birneme haýal artýar. Ilatyň köpelmegini ömür dowamlylygynyň pesligi (70 ýyl töweregi) we ýokary derejede emigrasiýa bökdeýär. Diňe Türkiýede bir million türkmenistanly ýaşap, türkmenler wiza möhletinden artyk ýaşaýan bikanun migrantlar boýunça üçünji uly toparydyr.

UNFPA görä, demografiki çeýelik (ilatyň garramagy, azalmagy, emigrasiýa we ş.m sebäpli ýüze çykan demografiki üýtgeşmelere ilatyň ýa jemgyýetiň uýgunlaşmagy we üýtgeşmelerden baş alyp çykmagy) gazanmak üçin Türkmenistan ýaly ýurtlar köptaraply, maglumatlara esaslanýan, adam hukuklaryna we gender deňligine eýerýän çözgütleri kabul etmeli. Çözgütler adamlara we adam kapitalyna gönükdirilende hem-de adamlara saýlamaga mümkinçilik berilende has netijeli bolýar.

Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary üçin esasy kynçylyk ýaş ilatynyň ägirt uly mümkinçiliklerinden iň gowy şekilde nädip peýdalanyp biljekligidir. UNFPA görä, munuň üçin ösüşe gönükdirilen ykdysady syýasatlar we infrastruktura, tehnologiýa, adam kapitalyna maýa goýmak zerur. Türkmenistanyň hökümetiniň adam kapitalyny güýçlendirmek üçin ýerine ýetirip biljek birnäçe çäreleri bar:

  • gender meselelerine ünsi jemleýän maşgala syýasatlaryny öňe sürmek;
  • saglygy goraýyşa elýeterliligi gowulandyrmak;
  • maşgala meýilleşdirmek mümkinçiligini giňeltmek;
  • diskriminasiýa, üzňeleşdirme we zorluk ýaly gender deňsizliklerini çözmek;
  • ýaşlarda bilimi we ukyplary ösdürmek;
  • ýetginjekleriň göwreliliginiň öňüni almak.

UNFPA diňe önelgeliligi artdyrmaga ünsi jemlemezligi duýdurýar. Çünki, bu aýallara günä ýöňkelmegine we basyş edilmegine sebäp bolup biler. Onuň ýerine hökümetler bilim, ýaşaýyş jaýlarynyň elýetersizligi, durnuksyz işler, syýasy durnuksyzlyk we korrupsiýa ýaly maşgala gurmaga päsgel berýän we emigrasiýa sebäp bolýan meseleleri çözmeli.

UNFPA: “Dogluş derejesi pes bolsa-da ýurtlar gülläp ösüp biler. Emma, munuň üçin adam kapitalyna durnukly maýa goýumlary goýmagy we aýallaryň we beýleki çetleşdirilen toparlaryň ykdysadyýete we jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagy üçin heniz hem ýüzbe-ýüz bolýan ençeme päsgelçiliklerini aýyrmagy talap edýär.” – diýip belleýär.

Türkmenistan ýaly ýurtlar ykdysady we sosial ösüşi çaltlandyrmak üçin ilatyň sagdyn, bilimli, kuwwatly bolmagyny we işe alynmagyny üpjün etmek biçak möhümdir.

Suratlaryň çeşmesi:
UNFPA Turkmenistan

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: