Progres.Online

Erkin däl habarlarymyz

Soňky aýlarda Türkmenistanda birnäçe habar gulluklary has göze ilip başlady. “Atavatan Türkmenistan” we “Salamnews” habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri 2022-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ilçihana söhbetdeşlikleriň bolup geçendigi baradaky habary ilçihananyň Instagram we Facebook sahypalarynda paýlaşdy. Döwlet metbugaty we ilçihana söhbetdeşlikleri çap etmedi.

Biz “Turkmenportal”, “Orient”, “Arzuw.news”, “Atavatan Türkmenistan” we “Salamnews” tarapyndan neşir edilýän habarlara göz aýladyk. Olaryň işinde şeýle umumy aýratynlyklary synlap bolýar:

  • Olaryň habarlary mazmuny boýunça, döwlet habarlar gullugynyň habarlaryndan tapawutlanman, göçürilip gaýtadan neşir edilýär.
  • Türkmenistanlylaryň gündelik durmuşlarynda ýüzebe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat berilmeýär: saglyk, bilim, iş üpjünçiligi, syýahat çäklendirmeleri, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik we ş.m.
  • Halkyň sesini we aladalaryny eşidýän, olara jogap berýän bölüm ýok.
  • Ýol heläkçiligi, ýaramaz howa hadysalary, tebigy betbagtçylyklar ýaly “negatiw” habarlary berilmeýär.
  • Nekrolog bölümi ýok.
  • Habarlary okaýan aýal-gyzlaryň geýiminde çäkli bir derejede erkinlik bar.

Türkmenistanda metbugat azatlygy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada

Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Wikipediýa: Türkmenistandaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, metbugat, ähli gazetler hökümet tarapyndan dünýäde iň berk gözegçilikde saklanýanlaryň arasynda. Döwlet syýasaty resmi pikirleri görkezmeýän ähli habar beriş serişdeleri netijeli ýok edýär. Jezalandyrylmazlyk üçin içerki we daşary ýurtly zurnalisteri öz-özüni senzura edýärler.

“Serhetsiz habarçylar” 2022-nji ýyldaky metbugat azatlygy indeksinde, Eýrandan, Eritreýadan we Demirgazyk Koreýadan öňde, 180 ýurtdan Türkmenistany 177-nji orunda goýdy. “Dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe rezhimi wasp edýär. Hökümetiň ýöredýän syýasaty ähli tankytlary basyp ýatyrýar, raýatlary gorkuzýar we ilatyň metbugata bolan ynamsyzlygyny artyrýar. “

Freedom House: Metbugat azatlygy gaty çäklendirilen. Döwlet ähli ýaýlym we çap metbugatyna diýen ýaly gözegçilik edýär. Hökümetler garaşsyz habarlary berýän web sahypalary, oppozisiýanyň web sahypalaryny bloklaýar. Global Erkinlik indeksinde Türkmenistana 100-den diňe 2 bal berildi.

Human Rights Watch: Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok. Gazetler we elektron habar beriş serişdeleri döwlet tarapyndan dolandyrylýar. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistana gaty seýrek girip bilýärler. Häkimiýetler garaşsyz sesleri basyp ýatyrýarlar we daşary ýurt mediasi bilen hyzmatdaşlyk saklaýan žurnalistlerden ar alýar. Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Kän web sahypalar, sosial media ulgamlary, messenjerler petiklenýär. Hökümet ähli aragatnaşyk serişdelerine gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, seniň üçin Türkmenistanda “erkin habarlaryň” bolmagy nämäni aňladýar? Ýurdumyzda habar beriş gulluklaryň işine baha bermek üçin haýsy ölçegleri ulanýarsyň? Habar beriş serişdelerinde nähili meseleler barada maglumatlaryň çäp edilmegini islärdiň?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: