Progres.Online

Düşündiriş: Afrikaly-amerikanlar we sosial meseleler

2020-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda jynsparazlyga garşy uly protestler bolup geçdi. 20 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagyndaky protestler Mineapolisde afrikaly-amerikan Jorj Floýdyň polisiýa tarapyndan saklanyp öldürilmegi sebäpli başlady.

Floýdyň polisiýa tarapyndan öldürilmegi protestleriň tutaşmagyna sebäp bolsa-da, protestlara gatnaşýan adamlaryň nägilelikleri munyň bilen çäkli däldi. Has takygy, bu adamlar Birleşen Ştatlarda garaýagyz adamlaryň eýýäm ençeme ýyllap duçar bolup gelýän sosial deňsizligine garşylyk bildirip öz seslerini beýgeltdiler.

Amerikada bolup geçýän bu wakalaryň habary, elbetde, Türkmenistana-da tiz wagtda baryp ýetdi. Häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda ýaşaýanlygym sebäpli, maşgalam we tanyşlarym bolup geçýän wakalar barada menden sorap başladylar. Olar, garaýagyz adamlaryň näme sebäpli dürli şäherlerde protestler gurnap, öýleri we dükanlary weýran edýändikleri barada gyzyklanýardylar. Olaryň pikir etmeklerine görä, garaýagyz adamlar dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birinde ýaşaýandyklaryna şükür edip asuda ýaşabermelidi.

Şeýle pikirleri diňläp, Türkmenistandaky käbir adamlaryň, Birleşen Ştatlardaky garaýagyzlara garşy jynsparazlyk barada we garaýagyz adamlaryň gündelik durmuşda şol jynsparazlyk sebäpli nähili ýagdaýlary başdan geçirýändikleri barada hiç hili diýen ýaly pikir ýöredip bilmeýändiklerine göz ýetirdim. Şol sebäpli garaýagyz amerikanlaryň duçar bolýan jynsparazlygyna has ýakyndan şaýat bolýan biri hökmünde şu tema barada blog ýazyp meselä üns çekesim geldi.

Bu ýazgymda jynsparazlyga garşy protestleriň dowam etmegindäki sebäpleri, Birleşen Ştatlardaky garaýagyz jemgyýetiniň sezewar bolýan ykdysady, saglyk pudagyndan peýdalanmak we ýaşaýyş jaý üpjünçiligindäki deňsizlikleri barada maglumatlar bilen jemläp, bu ýagdaýa has dogry düşündiriş bermäge synanyşdym.

Ykdysady deňsizlik

 Ilat ýazuwy edarasynyň habar bermegine görä, Birleşen Ştatlaryň häzirki ilat sany 330 million adam. Afrikaly-amerikanlar bu sanyň 13 göteriminden (40 million adamdan gowrak) ybarat. Afrikaly-amerikanlar, Birleşen Ştatlardaky jemi ilatyň şeýle uly bölegini emele getirýändiklerine garamazdan ykdysady taýdan iň oňaýsyz jemagatlaryň biri bolup durýar.

Amerikan Progresi Merkeziniň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda ABŞ-nyň jemi ilatynyň takmynan 11.8 %-i (38.1 million adam) garyplykda ýaşady. Şol bir ýylda afrikaly-amerikanlaryň bolsa 20.9% töweregi garyplykda ýaşady. Bu göterim Birleşen Ştatlardaky islendik başga jynsy we etniki toparlardan ýokary.

Maşgala girdejisi maglumatlaryna seredenimizde hem afrikaly-amerikanlaryň akýagyz amerikanlara görä pes girdejisiniň barlygyny görmek mümkin. Meselem, 2018-nji ýylda afrikaly-amerikanlaryň ortaça maşgala girdejisi 41,361 amerikan dollary-ka, akýagyz amerikanlaryňky (ortaça maşgala girdejisi) 70,642 amerikan dollarydy. Bu ykdysady deňsizlik afrikaly-amerikanlary has garyp sebitlerde ýaşamaga mejbur edýär. Bu sebitlerde bolsa iş we okuw üpjünçiliginiň çäklidigini görmek bolýar.

 Global COVID-19 pandemiýasy Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine hem öz ýaramaz täsirini ýetirdi. 2020-nji ýylyň aprel aýynyň maglumatlaryna görä, ABŞ-da pandemiýa sebäpli amerikanlaryň 20 milliondan gowragy işsiz galdy. Bu pandemiýadan iň köp zyýan çekenler bolsa ýene afrikaly-amerikanlardy. Häzirki wagtda, afrikaly-amerikanlaryň takmynan 16.7%-i işsiz.

Ýaşaýyş jaý üpjünçiligindäki deňsizlik

Birleşen Ştatlardaky afrikaly-amerikanlaryň duçar bolýan meseleleriniň ýene biri hem ýaşaýyş jaý üpjünçiligindäki adalatsyzlyk we öýsüzlik meselesidir. Häzirki wagtda, Birleşen Ştatlaryň öýsüz ilatynyň sany 567,715 (8) adamdyr. Öýsüzleriň 40%-i garaýagyzlardan ybarat.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde afrikaly-amerikanlaryň jaý üpjün etmekde gabat gelýän päsgelçiliklerini has takyk görmek bolýar. Şol barlaglaryň maglumatlaryna görä, kireýine jaý almak islänlerinde öý eýeleri afrikaly-amerikanlary kabul etmek islemeýärler ýa-da olardan has köp töleg talap edýärler. Mundan başga-da, jaý satyn almak üçin gerekli bolan kredity garaýagyz amerikanlar almak islänlerinde banklar tarapyndan hem köplenç kabul edilmeýärler. Öýsüzlik we jaý üpjünçiligindäki deňsizlik afrikaly-amerikan jemgyýetiniň ösüşine-de uly zeper ýetirýär.

Saglykdaky deňsizlik

Jynsparazlyk, afrikaly-amerikan jemagatynyň fiziki hem-de ruhy taýdan saglygyna örän uly täsir etdi we häzir hem täsiri dowam edýär. Afrikaly-amerikanlar “dowamly keselleri we akyl taýdan saglyk näsazlyklaryny, akýagyz amerikanlaryna garanyňda has ýygy başdan geçirýärler”. Olaryň jynsparazlyk zerarly çaknyşyklary bedeniň dürli agzalarynyň alawlama hadysalaryny ýüze çykarmak bilen olaryň kesellemek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Jynsparazlyk bilen çaknyşmagyň netijesinde döreýän dowamly keselleriň sanyna ýiti ýürek agyry, nerw degeneratiw keseli we metastazly rak keseli girýär.

Mundan başga-da, süýji keseliniň (diabet) ýüze çykmagy hem-de rak we ýürek kesellerinden ölüm ähtimallygy afrikaly-amerikanlarda akýagyzlara garanyňda has ýokary. Ykdysady taýdan üpjünçiligi pes jemagat hökmünde, olar köplenç ýokary hilli hassahanalaryň we saglygy goraýyş edaralaryň ýetmezçilik edýän sebitlerinde ýaşaýarlar.

Göwrelilige degişli meseleler hem afrikaly-amerikan jemgyýetiniň kyn ýagdaýyny aýan edýär. Geçirilen gözlegler esasynda, afrikaly-amerikan zenanlar göwrelilik döwründe köp sanly kynçylyklary başdan geçirýärler. Akýagyz zenanlara garanyňda göwrelilik bilen baglanşykly ýagdaýlardan üç esse kän ölýärler. Ondan başga-da, bäbek ölümleriniň sany afrikaly-amerikan toparda akýagyz bäbeklere garanyňda iki esse ýokary.

Bu agzalyp geçilenler, afrikaly-amerikanlaryň sosial deňsizligini şekillendirýän we amerikan raýatlarynyň jynsparazlyga garşy protestlere gatnaşmaga mejbur edýän meseleleriň diňe kiçi bir bölegidir. Jynsparazlyga garşy protestler esassyz ýüze çykmaýar. Olar çylşyrymly bolup, mundan beýlägem öwrenilmäge we has çuňňur akyl ýetirilmäge mynasyp. Afrikaly-amerikanlar Birleşen Ştatlaryň gurulmagyna uly goşant goşdular. Emma olaryň goşantlary köplenç amerikan milletiniň kölegesinde galýar.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakda bellenen kitaplary okamagy maslahat berýärin.

Okamana maslahat berilýän kitaplar:

  1. Zinn, H. (2015). A people’s history of the United States: 1492-present. Routledge. Говард Зинн, Американская империя. С 1492 года до наших дней
  2. Alexander, M. (2020). The new Jim Crow: Mass incarceration in the age of colorblindness. The New Press. Мишель Александер, Новый Джим Кроу: массовое заключение в эру цветовой слепоты
  3. Glaude Jr, E. S. (2016). Democracy in black: How race still enslaves the American soul. Broadway Books.
  4. Wayne, M. (2014). Imagining Black America. Yale University Press.
  5. Kelley, R. D., & Lewis, E. (Eds.). (2000). To make our world anew: A history of African Americans. Oxford University Press.

Awtoryň pikiri redaksiýanyň garaýyşlary bilen gabat gelmän biler.

Aýlar Saparowa

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: