Progres.Online

Dünýäde energiýa we azyk ýetmezçiligini azaltmakda Türkmenistanyň orny

Atlantic Council guramasy “Gazagystan dünýäniň energiýa we azyk ýetmezçiligini azaltmak üçin Merkezi Aziýada ýolbaşçylyk edip biler” atly hasabatyny 2023-nji ýylyň aprelinde çap etdi. Bu hasabatda Türkmenistan hem ýer alýar we onuň gysgaça mazmunyny size ýetirmegi makul bildik.

Atlantic Council ABŞ-da ýerleşýän jemgyýetçilik guramasy bolup, halkara gatnaşyklar mowzugynda dürli makalalary we hasabatlary çap edýär. Hasabatyň awtorlary: Ariel Cohen, Margarita Assenova, we Wesley Hill. Aşakdaky belleniljek pikirleriň mazmunlarynyň hemmesi hasabatyň awtorlaryna degişlidir.

Hasabata görä, Russiýanyň Ukrainany basyp almagy dünýä ykdysadyýetine uly täsirini ýetirdi. Onuň netijesinde, ýangyç-energetika bahalary ýokarlandy we oba-hojalykda ulanylýan dökünleriň bahasy artdy, şeýle hem ýokary azyk inflýasiýasy ýüze çykdy. Bular sebäpli, Merkezi Aziýanyň energiýa we azyk çeşmelerini dünýä bazarynda eksport etmeklerine uly mümkünçilikler döredi.

Türkmenistanyň gaz geçirijileri

Hasabatda gaz geçiriji taslamalar barada pikir ýöretmeler

Ýewropa

Ýewropadaky energiýa krizisi we tebigy gazyň bahasynyň artmagy netijesinde Trans-Hazar gaz geçirijisine bolan gyzyklanma artdy. Bu gaz geçiriiji heniz amala aşyrylmady. Ol Türkmenistandaky çykýan tebigy gazy Hazar deňziniň aşagyndan turbageçiriji çekip, Azerbeýjana ugratmagy meýilleşdirýär. Gysgaça, Türkmen gazy ilki bilen Azerbeýjana barar, ol ýerden “Günorta Gaz Koridory” arkaly Türkiýä, ol ýerden hem Ýewropanyň Balkan ýurtlaryna elýeterli bolar.

Ýewropa ýurtlarynyň alternatiw gaz çeşmelerine mätäçligi bolan döwründe, Türkmenistan hem gaz eksportlaryny diwersikasiýa etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Azerbeýjan we Türkmenistan häkimiýetleri iki ýurt arasyndaky 42 deňiz mil araçägi bolan Hazar deňzindäki deňiz ýataklaryny nädip birleşdirip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ABŞ-niň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem gatnaşmagy zerurdyr diýip ekspertler belleýär.

Russiýa

Russiýa bu taslamanyň gurluşygyna garşy çykmagyna dowam edýär. Emma Russiýa Ukraina garşy söweş açanyndan soňra, Ýewropadaky müşderilerini ýitirdi we ykdysady tarapdan gowşady. Russiýanyň gaz satyp biljek ýeketäk uly ýurtlarynyň biri Hytaý bolup galdy. Bu sebäpden, Russiýanyň häkimiýetleri Hytaýa gaz satmak üçin Türkmenistan bilen bäsdeşlik etmegiň ýerine, Aşgabadyň Ýewropa gaz satuwyna rugsat bermegi mümkin.

Hytaý

Hytaý döwleti Merkezi Aziýa-Hytaý turbageçirijisine 6.7 milliard dollar maýa goýum etdi we onuň üsti bilen Türkmenistan Hytaýa gaz eksportlaryny amala aşyrýar. Emma bu taslamanyň netijesinde, Türkmenistanyň gaz eksportlary diňe Hytaýa gönükdirilmek bilen netijelenip gaz eksportlaryndan geljek girdejiniň mukdary azaldy.

Hasabatyň awtorlaryna görä, Türkmenistanyň gaz eksportlarynyň Hytaýa garaşly bolmagyny azaltmak we Hytaý döwletiniň Türkmenistana bolan ykdysady we syýasy täsirini peseltmek üçin Günbatar ýurtlary Türkmenistana kömek etmeli. ABŞ we ÝB ýurtlary Türkmenistanyň Trans-Hazar gaz geçirijisini we TAPI (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijilerini amala aşyrmagyny goldamaly. TAPI taslamasy netijesinde, energiýa çeşmelerine uly zerurlygy bolan Pakistan we Hindistan hem peýdalanar.

Ekin dökünleri

Oba hojalygynda ulanylýan ekin dökünlerini öndürmekde tebigy gazyň orny uludyr. Türkmenistanyň tebigy gaz rezerwleriniň köp bolmagy dökünleri öndürip, olary Ýewropa eksport etmäge mümkünçilik döredýär.

Türkmenistanyň iň uly ekin dökünlerini öndürýän kärhanasy (Garabogazkarmabid) 2018-nji ýylda Hazar deňziniň gündogar kenarynda açyldy. Bu dökün toplumy bir ýylda 1.2 million tonnadan gowrak karbamid öndürmäge ukyby bar we şolaryň 90%-den gowragy eksport üçin niýetlenen. Garabogazkarmabid kärhanasynda şeýle hem ammiak önümçiligi amala aşyrylýar we onuň ýyllyk kuwwaty 730,000 tonnadan gowrak. Bu desgany gurmak üçin Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Bankyndan 1,16 milliard dollarlyk karz kömegi alyndy. 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýylda 1,3 million tonna kuwwatlykda kaliý öndürýän uly desga açyldy.

Ýewropadaky dökün işläp çykarýan zawodlary tebigy gazyň gymmatlanlygy sebäpli ömümçilik kuwwadyny peseltdi we Merkezi Aziýanyň dökün kärhanalary bolsa önümçilik kuwwadyny artdyrmaga başladylar. Gazagystan dökün öndürýän pudagyny hususylaşdyrdy. Özbegistan bolsa hususylaşdyrma prosesine indi başlaýar, emma Türkmenistan beýle işlerden uzakda.

Muňa garamazdan, bu ýurtlaryň üçüsi hem himiýa pudagyna Ýewropadan we Aziýadan uly mukdarda daşary ýurt maýa goýumlaryny aldylar. Bu bolsa kärhanalaryň üýtgedilip gurulmagyna we dolandyrylmagyna oňyn täsir eder. Tebigy gazyň we kaliý ýataklarynyň uly rezerwlerine eýe bolmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleri ekin dökünleriniň öňde baryjy eksportçysy bolmak mümkinçiligine eýedirler diýip hasabatda bellenilýär.

Doly hasabaty şu salgydan okap bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: