2020-nji ýylda, Linkoln uniwersitetiniň professory Riko Isaaks “Merkezi Aziýa respubliklary bolan Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň şahsy awtoritar režimlerinde partiýa bähbitleriniň beýan edilişiniň roly” atly gözlegini çap etdi. Gözleg Merkezi Aziýanyň awtoritar režimli ýurtlarynda syýasy partiýalaryň roluny derňedi. Professor Merkezi Aziýanyň hökümetlerinde syýasy partiýalaryň ähmiýetini we olaryň bähbitlerini ünsden düşürmezligiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň mysallaryndan görnüşi ýaly awtoritar režimi saklamakda syýasy partiýalar wajyp orun eýeleýär.
Syýasy partiýalaryň modelleri
Bu ýurtlarda syýasy partiýalaryň 2 modeli kesgitlenilýär:
- Bähbit modeli – hökümet režiminiň gönimel agzasy bolmadyk elitalaryň maliýe we syýasy bähbit gazanmak maksatly partiýalary ulanmagy. Bu modelde tütjarlaryň (oligarh) we elitalaryň syýasata täsir edip bilmesi üçin partiýalar döredilýär.
- Utgaşdyrma modeli – prezidentiň we onuň administrasiýasynyň belli bir syýasy we ykdysady peýda görmegi üçin partiýa döretmegi. Bu modelde partiýa öz bähbitlerini öňe sürýän kanunlaryň aňsatlyk bilen kabul edilmegini üpjün edýär. Şeýle ýagdaýda, adatça beýleki partiýalara nähili ses bermelidigini we haýsy syýasy meseleleri öňe sürüp biljekdigini buýurýan bir agalyk ediji partiýa (Prezidentiň /Lideriň partiýasy) bolýar.
Bu modeller halkyň bähbidini däl-de, döwlet resmileriniň ýa-da tütjarlaryň şahsy bähbitlerini goramak üçin ýörite döredilýär.
Türkmenistan
- Türkmenistan bähbit modeline eýerýär. Gurbanguly Berdimuhamedow 10 ýyldan gowrak prezidentlik döwründe, özüniň agza bolan Türkmenistanyň Demokratik Partiýasyndan (TDP) başga-da partiýalary döretdi. 1991-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli, bu partiýa resmi taýdan hasaba alynan ýeke-täk partiýady. Bu ädimi ätmek bilen, Berdimuhamedow daşary ýurt maýadarlaryny gyzyklandyrjak gurşawy döretmäge synanyşdy.
- Şeýlelikde, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy (TSTP) döredildi (2012-nji ýyla çenli resmi taýdan hasaba alynmady). Bu täsirli partiýa Türkmenistanda hökmürowanlyk edýän oligarh Aleksandr Dadaýewiň bähbitlerini goramak üçin esaslandyryldy.
- Dadaýew Türkmenistanda üstünlikli telekeçi boldy. Emma, bu Berdimuhamedowyň resmi däl ýardamy we TSTP-ny kanunylaşdyryp, oňa arka durmagy sebäpli boldy.
- Bu Dadaýewe kanunlary öz peýdasyna ulanmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, Dadaýewiň bizneslerine täze binalaryň gurluşygy üçin ýerleriň bölünip berilmegi, hökümet binalarynyň gurluşygy üçin şertnamalary baglaşmak ýaly artykmaçlyklar berildi.
- Netijede, TSTP şahsy gyzyklanmalaryň we bähbitleriň guraly hökmünde ulanylýar.
Täjigistan we Gazagystan
- Täjigistan bilen Gazagystan hem bähbit modeline ýykgyn edýärdi. Ýöne, prezident Nursultan Nazarbaýew (Gazagystan) we Emomali Rahmon (Täjigistan) güýjüni berk ornaşdyrandan soň, syýasy elitalaryň täsiri peseldi. Elitalaryň peýdasy üçin döredilen partiýalar prezidentiň güýjüne howp abandyrýardy. Şol sebäpli, iki ýurtda hem syýasy partiýalaryň bähbit modeli utgaşdyryjy modele geçdi.
- Gazagystanda dolandyryjy partiýa Nur Otan (häzirki ady Amanat) prezidentiň gyzyklanmalaryny goramak üçin bähbit araýan beýleki partiýalary özüne çekdi.
- Täjigistanda Täjigistanyň Halk Demokratik Partiýasy (THDP) Gazagystanyň Amanat partiýasy ýaly bir maksada hyzmat edýär. Emma, Amanatdan tapawutlylykda, THDP bähbit araýan partiýalary özüne çekmän, olary çetleşdirýär.