ABŞ hökümetiniň Hasap Palatasy (GAO) “ABŞ-da Dissidentleriň (başga pikiriň tarapdary) yzarlanmagy we beýleki döwletara repressiýa tärlerine garşy göreşmek üçin zerur bolan gulluklaryň hereketi” atly hasabaty çap etdi. Hasabatda ilkinji nobatda daşary ýurt hökümetleriniň ABŞ-daky dissidentleri gepletmezlik üçin içaly programmalaryndan başlap, olary yzarlamak we daramak ýaly dürli tärleri ulanýandyklary hakynda aýdylýar, şeýle tejribeleriň bütin dünýäde bardygy hem bellenip geçilýär. Hususan hem, 2023-nji ýylda döwletara repressiýa jogapkär ýurtlaryň arasyna Türkmenistany goşan Freedom House guramasyna salgylanýar.
Döwletara repressiýa (DAR) hökümetleriň daşary ýurtda ýaşaýan dissidentleri we diasporalary dymdyrmak üçin haýbat atmagy we zulum etmegidir. Muňa adam öldürme, bikanun deportlar, alyp gaçma, sanly ulgamdan haýbatlar we maşgalalary gorkuzma degişlidir. Freedom House-yň maglumatlaryna görä Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtda ýaşaýan raýatlaryna garşy fiziki döwletara repressiýany amala aşyrýar.
Surat 1. 2017-2021Hasabat ýyllarynda ABŞ-dan ýarag alan we/ýada hasabatlarda döwletara repressiýa jogapkär hökmünde atlandyrlan daşary ýurt hökümetleri (2022–2023 çap edilen)
Döwletara repressiýanyň üstüni açmagy we ýok etmäni kynlaşdyrýan dürli faktorlar şulardyr:
- Döwletara repressiýany kesgitleýän laýyk kanunlaryň ýoklugy.
- Dürli döwlet guramalarynda we ýerli hukuk goraýjy edaralarynda DAR hakynda umumy düşünjäniň ýoklugy.
- DAR pidalary, hususan hem öz ýurtlarynda hukuk goraýjy edaralary bilen ýakymsyz wakalary başdan geçiren bolsa, hadysalary habar bermäge göwünsiz bolýarlar.
- Pidalar DAR wakalaryny habar beräýen ýagdaýynda, hökümetleriň ar almagyndan gorkýarlar.
- Pidalar basyşyň kadalaşdyrlan ýurtlaryndan gelen bolsalar, DAR hereketlerini aňşyrman bilýärler.
- Bu jenaýatlaryň daşary ýurt baglanşyklaryny kesgitlemegiň çylşyrymlylygy.
- Onlaýn ölüm haýbaty we yzarlamalar köplenç aýdyň däldigi üçin sanly ulgamdaky DAR-y kesgitlemegiň çylşyrymlylygy.
- Sosial mediýadaky DAR-ny has giňden ýaýaran mesele bolan onlaýyn yzarlamadan tapawutlandyrmagyň kynçylygy.
Hasabat DAR-yň ABŞ-da ýaşaýan kişilere garşy ýaňy-ýakyndaky amala aşyran işlerini nazara alyp, DAR Amerikanyň milli howpsuzlygyna howp salýar diýen netijä geldi. ABŞ-yň hukuk goraýjy gulluklary raýatlylygna garamazadan, ABŞ-da ýaşaýan her adamyň söz azatlygyny kepillendirýär we döwletara repressiýa pidalaryna özlerine iň ýakyn FBI bölümine ýüz tutmagy maslahat berýär.