- Biz adamlaryň gürrüňini etmegi däl, döwlet edaralarynyň netijeli işlemegini öňe sürýäris.
Biziň çykarýan maglumatlarymyz ýurt dolandyryş meselelerini anyklap, analizleri we maslahatlary hödürleýär. Maslahatlarymyz hem ulgamlaýyn reforma geçirip, Türkmenistanyň hökümetiniň aç-açan, jogapkärçilikli, netijeli we inklýuziw ýöredilmesi we ilata hyzmat etmesi üçin kanunlarydyr kadalary döretmäge gönükdirilýär. Biz awtoritar, ýapyk döwlet dolandyrylyşygyna düşünmek üçin sanlary, ylmy we faktlary ulanýarys.
- Biz tebigy baýlyklara-esaslanýan awtokratiýada hiç kimiň açmak islemeýän meselesini gozgaýarys: adam ösüşi.
Biziň ýazgylarymyz, derňewlerimiz we analizlerimiz hökümetiň eşitmek islemeýän wajyp meselelerini ýüze çykarýar. Biz hiç bir türkmenistanlynyň yzda galdyrylmazlygy ugrunda göreşýäris.
- Biz eşidilmeýän seslere ses goşýarys.
Biz Türkmenistanda gürlemäge çekinýän ýa-da özleriniň diňleniljegine şübhelenýän adamlaryň seslerini eşitdirip bilmesi üçin forum hödürleýäris.
- Biz jemgyýet we raýdaşlyk gurýarys.
Awtoritar hökümet we onuň tarapdarlary biziň raýat jemgyýetimize hernäçe äsgermezlik etseler-de, biz jemgyýet we raýdaşlyk gurmak ugrundaky tagallalarymyzdan el çekmeýäris.
- Biz adalatsyzlygyň öňünde boýun egmeýäris.
Ýurdumyzyň intellektual, ykdysady, sanly we medeni taýdan bütin dünýäden üzňeleşen döwründe, biz awtokratiýa, gorka, öwrenilen ejizlige we ýigrenjiň ähli görnüşlerine garşy çykýarys. Biz bilim berýäris, döwlet edaralarynyň kämilleşdirilmegini öňe sürýäris, şeýle-de hyzmatdaşlyga açyk ähli taraplar bilen parahatçylykly we konstruktiw aragatnaşyk edýäris.
- Biz türkmen ekspertleri, ylmy barlagçylary we talyplary bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
Biz diňe bir hyzmatdaşlyk etmän, eýsem möhüm potensiýaly ösdürme traininglerini (meselem, ýazmakda we taslama işläp taýýarlamakda) üpjün etmek arkaly, hyzmatdaşlyklarymyza maýa goýum goýýarys.
- Biz umyt döredýäris.
Awtoritar režimde umytlylyk aňsat başartmaýar. Biz türkmen bolup erkin pikirlenmäge we gürlemäge gurşaw döredýäris. Adalatly we açyk Türkmenistany hyýalymyzda janlandyrmak biziň jemgyýet hökmünde edip biljek iň möhüm we gujurly işimizdir.





