Progres.Online

Birleşen Patyşalygyň Jemgyýet Palatasynyň hasabatynda Türkmenistan barada bellikler

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Birleşen Patyşalygyň Jemgyýet palatasy “Öwrülişik pursatyndaky ýurtlar: Birleşen Patyşalygyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşygy” atly hasabaty çap etdi. Jemgyýet palatasy hasabatda Birleşen Patyşalygyň (BP) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygyny seljerýär, sebitiň döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda bar bolan meseleleri belleýär we BP-niň şol meselelere nähili çemeleşmelidigi, haýsy ugurlar boýunça Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk saklamalydygy we hökümetiň bu sebit boýunça daşary işlerini nähili alyp barmalydygy barada maslahatlar berýär.

Jemgyýet palatasy Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş edarasynyň we oňa degişli döwlet gurluşlaryň çykdajylaryny, dolandyryşyny we syýasatyny barlamak üçin Daşary işler komitetini wezipä belleýär. Jemgyýet palatasynyň hasabaty BP-niň Merkezi Aziýadaky her 5 ýurda bellenilen ilçilerinden alynan derňewleri, 27 şahsyň we guramanyň beren ýazmaça subutnamasyny, 13 ekspertiň we BP-da okaýan we ýaşaýan Merkezi Aziýalylaryň dilden beren subutnamalaryny öz içine alýar.

Hasabatda Türkmenistan boýunça esasy bellenilenler:

Söwda: 2022-nji ýylda Birleşen Patyşalygyň Türkmenistan bilen söwdasy £52 million, BP-niň göni daşary ýurt maýa goýumy £28 million boldy.

Türkmenistanyň pagtasy: Türkmenistanyň pagta senagatynda pagta ýygmak üçin mejbury zähmeti ulanýandygy kän habar berilýär. “Anti-slavery International” adam hukuklaryny goraýjy gurama görä, türkmen hökümeti her ýyl müňlerçe döwlet pudagynyň işgärlerini pagta ýygmaga iberýär we hususy kärhanalary pagta ýygymy goldamagy üçin transport we iýmit üpjün etmäge mejbur edýär. Pagta kwotasyny ýygmadyklara işinden çykarylmak töwekgelçiligi abanýar we olaryň çagalary hem bilelikde pagta ýygmaga mejbur edilýär. Gurama pagta atyzlaryndaky şertleri “aýylganç” diýip suratlandyrýar. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar Türkiýäniň önümlerinde türkmen pagtasyny ulanylýandygyny aňladýar. Şeýle önümleriň Birleşen Patyşalykda hem ulanylma töwekgelçiligi bar.

2018-nji ýylda ABŞ türkmen pagtasyny import etmegi gadagan etdi. Türkmenistanyň hökümeti pagta ýygymda mejbury zähmeti ulanýandygyny inkär edýär.

Metan gazynyň syzmasy: 2023-nji ýylda The Guardian neşiri Türkmenistanyň dünýäde iň köp metan çykaryjy ýurtdygyny ýüze çykardy. 2022-nji ýylda Türkmenistan Hazaryň günbatar we gündogar ýakasyndaky gaz ýataklaryndan umumy 366 million tonna metan gazy syzypdyr. Bu Birleşen Patyşalygyň ýyllyk zyňyndysyndan hem köpdür.

Russiýa garaşly bolmak: Merkezi Aziýa döwletleri söwdany we maýa goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmagy, Russiýadan çetleşmegi göz öňünde tutýarlar. Emma, Dr. Şarşenowa görä, sebitiň döwletleri ykdysady taýdan, esasanam Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan energiýa geçiriji infrastruktura babatda Russiýa garaşlydyr.

Ýewropa bilen gatnaşyklar: Türkmenistandaky adam hukuklary meselesi sebäpli Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk we gatnaşyk şertnamasyny Ýewropa Parlamaneti tassyklamady. Ýewropa syýasaty we energiýasy boýunça ekspert Annette Bohra görä, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ägirt uly gaz gory we “Orta Geçelgäni” ösdürmek bilen gyzyklanýar. Ýöne, Türkmenistan gazyny günbatara gönükdirmäge ymtylyş görkezmeýär. Tersine, Russiýa we Hytaý bilen has ýakynlaşýana meňzeýär. Häzirki wagtda, Hytaýyň tebigy gaz importynyň 76%-i Türkmenistandan gelýär.

Suw meselesi: Professor Peter Frankopan Daşary Işler komitetine şeýle diýdi: “Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan içerki sarp ediş, senagat we oba-hojalyk üçin suw zerurlygy ýokary akymdaky, ýagny Täjigistandaky we Gyrgyzystandaky buzluklara we gar suwlaryna garaşlydyr. Emma, buzluklaryň tiz eremegi ähli 5 ýurdy hem suw howpsuzlygy babatda töwekgelçilige salýar”.

Türkmenistana we Özbegistana suwunyň 80-90%-i ýurduň daşyndan gelýär. Merkezi Aziýa döwletleri suw baýlyklary boýunça hyzmatdaşlygyň ýetmezçiligi sebäpli $4.5 milliard ýitgi çekmegi mümkin.

Ýaraglaryň satuwy: KCS Topary Birleşen Patyşalygyň harby üpjünçiligi barada aladasyny beýan etdi: “Eger howpsuzlyk çäreleri amala aşyrylmasa, Birleşen Patyşalyk awtokratlar we diktatorlar bilen gatnaşyk saklamakdan hoşal diýip aýyplanmagy ahmal. Repressiw Türkmenistana ýarag satylmagynyň dowam etmegi munuň aýdyň mysalydyr”.

Gomoseksual gatnaşyklary: Türkmenistandaky LGBTQ+ jemgyýetine döwlet güýçli repressiýa edip, erkek bilen erkegiň arasyndaky jynsy gatnaşyk jenaýatlaşdyrylandyr. Daşary syýasat merkezi Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gomoseksual gatnaşygy subut etmek üçin medisina hünärmenleri bilen barlag geçirmek boýunça bilelikde işleýän dünýäniň 8 ýurdunyň biridigini belleýär.

Türkmenistanyň Birleşen patyşalyk bilen ministrler we hökümet ýolbaşçylary derejesindäki duşuşyklary, saparlary Germaniýa we Fransiýa garanyňda az bolup, diňe 2023-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Patyşalykda saparda boldy.

Jemgyýet palatasy hasabatynda Birleşen Patyşalygyň hökümetine Türkmenistanda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we Türkmenistandaky mejbury zähmet esasynda öndürilen önümleriň ýurduň üpjünçilik zynjyryna düşmezligi babatda çärleri alyp barmagy teklip edýär. Şeýle-de, hökümete Owganystanda gurulýanKoş Tepa kanalynyň taslamasy Amyderýanyň suwunyň akýan ýurtlary üçin ekologik we syýasy krizise sebäp bolmajakdygyna göz ýetirmek bilen, bu meseläniň Özbegistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň esasy ileri tutulýan ugury bolmalydygyny maslahat berýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: