Progres.Online

Betmiň? Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) näçesini ýatdan biljek?

Sen Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) we Türkmenistan hem onuň agzasydygy barada belki eşdensiň. Maglumatlaryň aglabasynyň diňe iňlis we rus dillerinde elýeterli bolany üçin, global maksatlaryň, olaryň Türkmenistana nähili degişlidigi we ol maksatlara ýetmekde seniň nähili roly oýnaýandygyň barada gysgaça umumy syn ýazmagy ýüregmize düwdük. Bu gysgaça synymyzyň maksady sen ýaly ýaş adamalaryň durmuşuna, gelejegine degişli bolup biljek görkezijileri nygtap geçmek bilen DÖM hakyndaky maglumatlary türkmen dilinde elýeterli etmekdir. Muny ýazmak bilen biz öz okyjylarymyzy habarly etmegi we durmuşyna täsir edýän möhüm meseleler barada habarly söhbetdeşligi höweslendirmegi umyt edinýäris

DÖM-lar näme?

Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli garyplygy aradan aýyrmaga, planetany gorap saklamaga we hemmeler üçin deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen 17 sany global derejeli maksatlaryň ýygyndysydyr. Bu maksatlar 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň 193 agza döwletleri tarapyndan kabul edildi.

Şekil: Awtor BMG-niň resmi reňklerini, nyşanlaryny we tipografiýasyny ulanyp bu şekiljikleri bilim maksatlary üçin türkmen dilinde döretdi. Çeşme: BMG-niň kommunikasiýa materiallary  

DÖM-lar Türkmenistana degişlimi?

Milli meýilnamalaryna we strategiýalaryna goşmak bilen Türkmenistan 17 maksadyň hemmesini resmi taýdan kabul eden ilkinji ýurtlaryň hataryna girdi.

2019-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy atly DÖM-lara ýetmek boýunça ýedi ýyllyk Herekelter Meýilnamasyny kabul edildi. Türkmenistan 169 global maksatdan 148-sini kabul edip, şolardan 121 sany üýtgedilmedi we 27-si milli ileri tutulýan ugurlaryň hataryna düzüldi.

Şu aşakdaky diagrammada 17 maksadyň Türkmenistanyň pudaklaýyn, milli we sebit maksatnamalaryna we maliýe meýilnamalaryna integrirlenişiniň (goşulsynyň) göterimi görkezilýär. Integrasiýa bu global maksatlary milli kontekste uýgunlaşdyrmak prosesi we bu maksatlary ýurduň hemme ýerinde we dürli pudaklarda yzygiderli amala aşyrmakdyr.

DÖM ugrundaky ösüşi yzarlap we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirlende Türkmenistanyň görkezijilerini görüp bolarmy?

Hawa, bolar. Geliň DÖM-laryň global indekslerine seredip geçeliň. Bu indeks ýurtlaryň DÖM-lara üstünlikli ýetmegiň derejesine 0-dan, iň erbet, 100-e – iň gowy netijelere çenli baha berýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň umumy indeks baly 64,3 bolup, bu 17 maksada ýetmegiň ýolunyň ortaça 64,3% bolandygyny görkezýär. Sebit bilen deňeşdirilende, ortaça 68,9 bal bolup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň görkezijileri iň erbet bolup durýar. Global derejede Türkmenistan 162 ýurtdan 101-nji orunda durýar. Şeýle-de bolsa, indeksde iň köp bal gazanan ýurtlaryň (meselem, Daniýa 85.2), ähli DÖM-lara ýetmekde möhüm boşluklary bar. Şonuň üçin belli bir maksatlardaky çynlakaý kemçilikleri gizläp biljek diňe ballar bilen çäklenmezlik möhümdir.

Emma Türkmenistan DÖM-laryň her birini nähili ýerine ýetirýär?

Türkmenistanyň global maksatlarynyň her biri dogrusynda ýerine ýetirýän işlerini görmek üçin geliň DÖM derejesinde jikme-jik bölünen maglumatlara seredip geçeliň. DÖM dolandyryş panelinden maglumatlary ulanyp döredilen aşakdaky diagrammada 17 DÖM-laryň ählisinde Türkmenistanyň güýçli we gowşak taraplary görkezilýär. Onda Türkmenistanyň belli bir maksada ýetmekden näderejede uzakdygyny görkezmek üçin dürli reňkleri ulanylyp, maksatlar 4 kategoriýa bölünýär.

DÖM-laryň baly belli bir maksat üçin ähli görkezijileriň ortaça hasaplamasy bolup durýar. Şonuň üçin diňe DÖM-laryň balyna seredilen ýagdaýynda şol bir maksatdaky käbir ölçeglerde uly kemçilikler gizlin bolup biler. Mysal, Türkmenistan DÖM 4 (ýokary hilli bilim) boýunça 99,6% bal gazandy. Şeýle-de bolsa, bu bal sowatlyk derejesiniň ýeke-täk maglumat çeşmesine esaslanyp ýüze çykaryldy. Awtorlaryň sereden beýleki 2 görkezijisinde (başlangyç bilime kabul etmek we orta bilimi tamamlamak derejesi) hiç hili maglumat ýokdy. Şonuň üçin ýokardaky diagrammany okanyňyzda diňe göterim derejesine seretmäni, eýsem DÖM-laryň degişli toparlara bölünmegine hem üns beriň.

Ýaşyl kategoriýa (ýetilen DÖM-lar) Türkmenistanyň DÖM 1-e ýetendigini görkezýär (Garyplyk ýok). Gyzyl kategoriýa (Esasy kynçylyklar) türkmen hökümetiniň ünsüni talap edýän maksatlary öz içine alýar we şol sebäpli hereket üçin ileri tutulmalydyr. Bular DÖM 3 (Sagdyn durmuş we abadançylyk), DÖM 6 (Arassa suw we arassaçylyk), DÖM 8 (mynasyp işleri üpjün etmek we ykdysady ösüş), DÖM 9 (Senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura), DÖM 13 (Howanyň üýtgemegine garşy göreş) we DÖM 16 (Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar). Mundan başga-da, çal toparlara DÖM 4 (Ýokary hilli bilim), DÖM 10 (Deňsizligiiň azaldylmagy) we DÖM 14 (Deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak) bilen baglanyşykly ýeterlik maglumatlar ýetmezçilik edýär, bu bolsa şu ugurlardaky ösüşe baha bermek mümkinçiligimizi çäklendirýär.

DÖM-laryň gyzyl we çal kategoriýalary ýaşlar üçin iň derwaýys we möhümdir, sebäbi olar ýokary hilli bilime, saglygy goraýyş ulgamyna, deňlige, iş üpjünçiligine, ykdysady ösüşe, netijeli edaralara we arassa daşky gurşawa bolan elýeterli bolmak mümkinçiligiňize degişlidir.

Edilmeli zatlaryň has anyk mysallaryny berip bilersiňizmi?

Döwlet derejesinde DÖM-laryň ösüşini, ýagny öňe gidişligini, ölçemek üçin Türkmenistanyň hökümeti meýletin milli synyny taýýarlady. Bu hasabat saglygy goraýyş, bilim, iş üpjünçiligi, ykdysady ösüş, deňsizlik, howa, parahatçylyk, adalatlylyk, netijeli edaralar we halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly 17 maksatdan 7-sini öz içine alýar. Bu syn ýurduň öňünde goýlan 2030-njy ýyla çenli wezipelerde kämilleşdirmäge we çaltlaşdyrmaga degişli bolan ugurlary kesgitlemäge kömek edýär. 80 sahypadan ybarat bolan syny okanymyzdan soň, şu ýerde DÖM 3 (sagdyn durmuş we abadançylyk), DÖM 4 (ýokary hilli bilim), DÖM 5 (gender deňligi) bilen baglanyşykly ýurda degişli bolan görkezijileri gysgaça belläp geçmek kararyna geldik. Aşakda paýlaşylan ähli statistika maglumatlary Türkmenistanyň ministrlikleri tarapyndan üpjün edilen we meýletin milli synda çap edilen.

Görşüňiz ýaly, “✔” belgisi bilen bellenen bellikler Türkmenistanyň hakykatdanam gowy işleýän ugurlaryny görkezýär we “✖” belgisi bilen bellenen bellikler ýurtda möhüm kynçylyklaryň bardygyny görkezýär.

Men bu maglumatlary näme edeýin?

Türkmenistan DÖM-lara ýetmek ugrunda ep-esli üstünlik gazanyp, garyplygy ýok edip bildi diýen ýaly bolsa-da, “hiç kimiň yzda galmazlygy” we her bir türkmen raýatynyň deňlik, adalatlylyk we abadançylykdan peýdalanmagy üçin has köp işler edilmeli.

Çaga ölüminiň, ýürek-damar keselleriniň we rak keseliniň ýokary derejesi, çagalaryň arasynda sowatlylyk we san taýdan pes başarnyklary, ýaşlaryň işsiz ýa-da okuwsyz bolmagy, aýallara garşy fiziki we jynsy zorluk, aýal-gyzlar üçin deň bolmadyk bilim we iş mümkinçilikleri siziň ünsüňizi çekmeli käbir zerur kynçylyklardyr. Bu meseleler çözülmese, sizi, siziň çagalaryňyzy we olaryň çagalaryny biynjalyk eder we Türkmenistanyň global ösüşi bilen deň dereje hereket etmek ukybyna päsgel berer.

Bu hasabatda çap edilen statistika jemgyýetiň ösüşine we tendensiýalaryna düşünmäge kömek edip biler. Bu gysgaça syn size we siziň geljegiňize täsir edýän meseleleri çözmek üçin habarly diskussiýalara gatnaşmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris. Şeýle maglumatlar bilen DÖM-lar ugrundaky ösüşi yzarlap bilersiňiz, syýasy kararlaryň we maýa goýumlaryň netijeliligine baha berip bilersiňiz we Türkmenistanda jemgyýetçilik zerurlyklaryny öňe sürýän iň oňat çözgüt teklip edip bilersiňiz. Yurduňyzdaky ösüşi üpjün etmek siziň hukugyňyz we jogapkärçiligiňizdir.

Men bir zatlary etmek isleýärin, ýöne nireden başlajagymy bilemok!

  1. Habarly boluň – dünýäde we Türkmenistanda bolup geçýän zatlar bilen gyzyklanyň. Ilki bilen DÖM-lar we Türkmenistanyň bu maksatlara ýetişi bilen baglanyşykly aşakdaky çeşmeleri okaň.
  2. Statistika bilen gyzyklanyň – statistika içgysgynç däl. Maglumatlara düşünmek we olary ulanmak arkaly faktlara we subutnamalara esaslanýan manyly diskussiýalary alyp baryp bilersiňiz.
  3. Başgalardan öwreniň – sebitdäki Türkmenistandan has gowy işleýän ýurtlar haýsylar we biz olardan öwrener ýaly olar başgaça näme edýärler? Mysal üçin, Gyrgyzystan 71,6% üstünlik gazanyp, 162 ýurtlaryň arasynda dünýä derejesinde 48-sinde orundaky iň gowy ýerine ýetiriji bolup durýar.
  4. Başgalara hem öwrediň – pikirleriňizi sosial mediýada paýlaşyň, dostlaryňyz bilen pikir alyşmaga başlaň, maşgalaňyza habar beriň we çözgüt kabul edýänlere – ene-atalara, mugallymlara, lukmanlara ýa-da döwlet işgärlerine öz pikirleriňizi aýdyň. Özüňiz üçin iň möhüm meseleleri saýlaň, gowy gözleg-agtaryş işini geçiriň we blog ýazyň ýa-da sosial mediýada ýazgy ediň. Hemmeler üçin ösüşi gazanmak her bir adamyň gatnaşmagyny talap edýär. Her kim, şol sanda SIZ, pikir alyşmak, çözgütleri teklip etmek we ukyplaryňyz bilen goşant goşmak arkaly ösüşe ýetmek üçin kynçylyklary çözmäge goşant goşmalydyr.

Siziň wakaňyz näme? Jemgyýetiňizdäki ösüşe nähili baha berýärsiňiz? Umuman, global maksatlara ýetmäge nähili goşant goşup bilersiňiz? Aşakdaky heştegleri ulansaňyz, biz sizi we siziň işleriňizi yzarlap bileris.

  1. #hiçkimiyzdagaldyrmalyň2030
  2. #bilelikde2030
  3. #dömturkmenistan2030
  4. #döm2030adalat
  5. #döm2030deňlik
  6. #döm2030ösüş

DÖM-lar barada türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanda Durnukly ösüşüň maksatlaryna ýetmekde biziň işlerimiz. (2020, March 21). Birleşen Milletler Guramasy. Retrieved from https://turkmenistan.un.org/tk/sdgs

17 Durnukly ösüş maksatlar: Durnukly ösüş maksatlar barada Türkmen dilinde ilkinji neşir. (2020). Birleşen Milletler Guramasy. Retrieved from https://turkmenistan.un.org/tk/876-17-durnukly-osus-maksatlar

Turkmenistan Voluntary National Review 2019. Sustainable Development Goals. Retrieved from https://sustainabledevelopment.un.org/memberstates/turkmenistan

Sachs, J., Schmidt-Traub, G., Kroll, C., Lafortune, G., Fuller, G. (2019): Sustainable Development Report 2019. New York: Bertelsmann Stiftung and Sustainable Development Solutions Network (SDSN). Retrieved from https://dashboards.sdgindex.org/#/TKM

Ritchie, Roser, Mispy, Ortiz-Ospina. “Measuring progress towards the Sustainable Development Goals.” SDG-Tracker.org, website (2018). Retrieved from https://sdg-tracker.org

Awtor: Ogulgerek Palwanowa

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: