Progres.Online

Berdimuhamedowyň prezidentliginiň üçünji ýyly: Artýan Meseleler, Ujypsyz Ösüş

Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň üçünji ýylynda-da, onuň administrasiýasy içerki meseleleriň barha artýan sanawy bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam edýär. Özgertmelere garaşylýandygyna garamazdan, onuň prezidentligi aç-açanlygyň ýoklugy we halk köpçüligi, garaşsyz media, raýat jemgyýeti bilen gatnaşygyň ýetersizligi bilen tanaldy.

Aşakda, 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Serdar Berdimuhamedowyň häkimýet başyna geçeni bäri onuň hökümetiniň çäre görmedik ulgamlaryna we gazanan çäkli ösüşine baha berýäris. 2022-2024-nji ýyllaryň wakalar barada has giňişleýin maglumat almak üçin web saýtymyza serediň.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çäre görmedik meseleleri we durmuş ugurlary boýunça seniň sanawyň haýsylar? Ol haýsy ugurda ösüş gazandy?

Çäkli oňyn ösüşler

  • Halkara Pul Gaznasy (HPG) Türkmenistana missiýasyny amala aşyryp, ýurduň goşa walýuta bahasyny birleşdirmek üçin teklipler hödürledi. Emma, olar durmuşa geçirilmedi.
  • Hökümet 2022-nji ýylda geçirilen ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwynyň doly netijelerini 2024-nji ýylyň dekabrynda çap etdi, ýöne maglumatlary mediada yglan etmedi. 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň ýoklugy netijeleri deňeşdirmäge we wagtyň geçmegi bilen üýtgeýän tendensiýalary seljermäge mümkinçilik bermeýär.
  • Hökümet pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşmek üçin Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen gatnaşyk saklasa-da, 2023–2024-nji ýylyň hasyl ýygymynda göze görüner üýtgeşme bolmady.

ESASY STRUKTURA (DÜÝPLI) MESELELERİ ÇÖZÜLMÄN GALÝAR

Korrupsiýa

  • Türkmenistan Korrupsiýa Indeksinde 100 baldan 17 bal aldy we dünýäniň iň korrumpirlenen 15 ýurdunyň hataryna girdi. 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ýurduň reýtingi pese gaçyp, bu dolandyryşyň ýaramazlaşýandygyny aňladýar. “Türkmenistanyň dolandyryjy elitasynyň döwlet edaralaryna awtoritar gözegçiligi düýpli ornaşyp, korrupsiýa häkimiýeti şol durşuna saklamak we jogapkärçilikden gaçmak üçin ulanylýar”.

Ykdysadyýet

  • Goşa walýuta hümmeti ulgamy üýtgewsizligine galýar. Bu maliýe hyzmatlaryny we halkara pul geçirimleri çäklendirýär.
  • Türkmenistanda günlük median girdeji bary-ýogy $2.40 bolup, deňeşdirsek Gazagystanda bu görkeziji $10.42.
  • Jikme-jik döwlet býujeti köpçülige elýetersiz we ol tebigy gazy we nebiti satmakdan gazanylýan girdejileri öz içine almaýar.
  • Hökümet garyplyk we inflýasiýa derejesi ýa-da işsizlik baradaky maglumatlary hasaba almaýar we çap etmeýär.
  • Ýurduň ykdysady maglumatlaryna bolan halkara skeptisizmi (şüphelilik) dowam edýär: 2018-nji ýyldan bäri Bütindünýä Banky Türkmenistany hasabatlaryndan aýyrdy we Ýewropada dikeldiş we ösüş banky (EBRD) ýurduň bazar ykdysadyýetine geçişine Merkezi Aziýada iň erbet reýtingini berýär.
  • 2025-nji ýylda EBRD Türkmenistanyň ykdysadyýetini Merkezi Aziýada “iň pes dolandyrylýan” diýip baha berdi we goşa walýuta hümmetini beýnileriň syzmagynyň (ýokary bilimli we ökde adamlaryň ýurdy terk etmegi) we emigrasiýasynyň esasy sebäbi hökmünde görkezdi.
  • Seminarlardan we duşuşyklardan başga Halkara Söwda Guramasyna (HSG) goşulmakda manyly we ähmiýetli öňe gidişlik ýok.

Saglygy goraýyş

Jemgyýetçilik saglyk maglumatlary we epidemiologiki, şol sanda COVID-19, inçekesel we AIW/AIDS baradaky hasabatlar köpçülige mälim edilmeýär.

Aýallar we gyzlar

Hereket azatlygy

  • 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip biljek döwletleriniň sanawy möhüm bir ýurdy – Türkiýäni ýitirdi.
  • Türkmenistan öz ilçihanalarynyň üsti bilen daşary ýurtdaky raýatlarynyň pasportlaryny täzelemeýär ýa-da çalyşmaýar. Bu ençeme migrantlary ýerleşýän döwletiniň immigrasiýa kanunlaryna eýermegine mümkinçilik bermeýär. Bu syýasat raýatlaryň hereket azatlygy, saglygy goraýyş, iş üpjünçiligi, bilim we sosial gorag ýaly esasy hukuklaryny çäklendirýär.

Internet we maglumat elýeterliligi

  • Döwlet tarapyndan alynyp barylýan agressiw internet senzurasy we petiklemeleri dowam edip, bu raýatlaryň sosial, ykdysady we medeni hukuklaryny bozýar.
  • 2022-nji ýylyň dekabrynda hökümet global tordan aýrylan we oňa birikmeýän “özbaşdak interneti” döretmegi teklip etdi.
  • Türkmenistan döwlet sektoryny sanlylaşdyrmakda Ýewropada we Merkezi Aziýada iň erbet görkezijili ýurt bolup, Owganystandan hem yza galýar.
  • Döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän media 2022-2024-nji ýyllarda ykdysady we sosial meseleler ýa-da tebigy betbagtçylyklar barada dymmagyny dowam etdi.
  • ÝHHG-nyň wekili Tereza Ribeiro 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana eden saparynda media azatlygynyň we maglumat elýeterliliginiň çäklendirmelerini nygtap, hökümeti ÝHHG bolan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Taraplaryň hiç biri bu babatda soňraky ädimleri ätmedi.

Bilim

  • Bilim pudagy çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. Uniwersitetlere giriş synaglarynda giň ýaýbaňlanan korrupsiýa, gender deňsizligi we bilimiň hiliniň pesligi saklanyp galýar.
  • Uniwersitetleriň talyplary köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär. Daşary ýurtlarda okamak bank çäklendirmeleri we daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar etmegiň çylşyrymly düzgünleri we proseduralary sebäpli kyn bolmagynda galýar.

Ýaşaýyş jaýy

  • Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” – diýip beren wadasyna garamazdan, bu barada milli meýilnama ýa-da syýasat çap edilmedi.
  • Adalatçynyň 2023-nji ýyldaky hasabatynda esasy iki şikaýatlara: jaýa elýeterlilik we kanuny ýaşaýyş rugsatnamasyny (propiska) almak degişlidir.
  • Öýleriň we jaýlaryň kärende bahalarynyň juda ýokarlanmagy ortaça aýlyk haklaryndan aşýar we köp raýat üçin Aşgabat şäherine göçmek mümkin däl diýen ýaly.

Oba hojalygy

  • Klimatyň üýtgemegi bilen bagly howplara garamazdan oba hojalygy özgertmesi barada hiç hili teklip edilmedi.
  • Pagta we bugdaý öndürmek boýunça döwlet kwotalary üýtgewsizligine galyp, döwlet sektorynda işleýänleriň mejbury zähmete çekilmegine we daýhanlaryň az girdeji gazanmagyna getirýär.

Raýat jemgyýeti

  • Täze jemgyýetçilik guramalary hasaba alynmady. Bu ilatyň jemgyýetçilik, durmuş hyzmatlaryna we raýat başlangyçlaryna elýeterliligini çäklendirýär.
  • Hökümet DÖM bilen baglanyşykly raýat jemgyýetiniň ösüşi barada maglumat bermeýär (maksat 16, 17).
  • Türkmenistan syýasy we jemgyýetçilik azatlyklary boýunça dünýäde yzygiderli iň pes reýting alanlaryň hataryna girip, bu raýat jemgyýetiniň umumy ýagdaýynyň erbetdigini görkezýär.

Daşky gurşaw

Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine üç ýyl dolsa-da, Türkmenistan korrupsiýa, ykdysady taýdan ýaramaz dolandyryş, aç-açanlygyň ýoklugy we raýat azatlyklarynyň berk çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Halkara institutlary bilen ujypsyz gatnaşyklar alynyp barylan bolsa-da, wajyp reformalar geçirilmän galýar. Hökümetiň jemgyýet bilen maslahatlaşmagy, garaşsyz media we global standartlaryna yzygiderli we tutanýerli perwaýsyzlygy manyly üýtgeşmelere garşydygyny görkezýär.

Progres.online ýokary hilli barlaglaryň we syýasy derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmegi öňe sürýän onlaýn analitiki žurnaldyr.

Berdimuhamedowyň prezidentlik möhletindäki işine has çuňňur düşünmek üçin öňki makalalarymyza serediň:

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: