Prezident Serdar Berdimuhamedow ne prezidentlige dalaşgärlik eden döwründe ne-de 2022-nji ýylyň martynda prezidentlige saýlanandan soň syýasy gün tertibini paýlaşmady. Ol haýsydyr bir syýasy ileri tutulýan ugurlary, anyk meýilnamalary ýa-da ölçäp bolýan maksatlary aýdyň beýan etmedi. 2022-nji ýylda “Progres” topary onuň prezidentliginiň mümkin bolan we ölçäp bolýan gysga möhletli ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Soňra, raýatlaryň durmuşyny gowylandyrmak üçin özgertmeleriň geçirilendigine ýa-da geçirilmändigine düşünmek üçin onuň prezidenliginiň ilkinji 100 gününi we ilkinji 1 ýyllyny seljerdi.
Soňky iki ýylda Türkmenistan ykdysady we esasy azatlyklara baha berýän dürli halkara reýtinglerinde pes bal almagyny dowam etdirdi.
Korrupsiýa: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet pudagyndaky endemik korrupsiýa has-da erbetleşdi. Türkmenistanyň reýtingi ýurdy dünýäniň iň korrumpirlenen döwletleriniň hataryna goşdy. Türkmen dolandyryjy elitasynyň döwlet edaralaryna awtoritar gözegçiligi düýpli ornaşdy. Korrupsiýa häkimiýeti saklamak we jogapkärçilikden gaçmak üçin ulanylýar.
Ykdysady maglumatlar: Bütindünýä banky we Halkara pul gaznasy (HPG) ykdysady maglumatlaryň ygtybarlylygyny soraglaýarlar. 2018-nji ýyldan bäri Bütindünýä banky hasabatlaryna Türkmenistan boýunça maglumatlary goşmaýar. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD) Türkmenistanyň “bazar ykdysadyýetine geçiş döwrüniň hilini” Merkezi Aziýada iň pes diýip baha berýär. Weýran ediji goşa walýuta hümmeti syýasaty (ýa-da syýasatyň ýetmezçiligi) dowam edýär.
Manadyň goşa walýuta hümmetiniň weýrançylykly täsiri ilata we kiçi göwrümli bizneslere ýaramaz täsirini ýetirýär. Hökümet bolsa bu iki hümmeti birleşdirmek üçin hiç hili ädim ätmedi. 2016-njy ýyldan bäri resmi walýuta alyş-çalyşygy 1 ABŞ dollary üçin 3.5 Manat bolmagynda galdy. Emma, 1 ABŞ dollarynyň gara bazar nyrhy 2021-nji ýylda 40 manat bolanlygyndan, 2023-nji ýylda 19.5 manata çenli üýtgedi.
Türkmenistanlylaryň arasynda iş üpjünçiligi we ykdysadyýet barada optimizmiň bolmazlygy: 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen jemgyýetçilik pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň diňe 7%-i Türkmenistanda bahalaryň we saglygy goraýyş ulgamynyň gowudygyna ynanýarlar we 5%-i ykdysadyýete, 2.8%-i iş üpjünçilige oňyn ugurlar hökmünde garaýarlar. 2023-nji ýylda Ykdysady azatlyk indeksinde Türkmenistan 46.5 bal alyp, 176 döwletiň arasynda 161-nji ýeri eýeledi. Bu öňki Sowet ýurtlarynyň arasynda iň pes reýtingdir.
Soňky ýyllarda iş mümkinçilikleri Türkmenistanda iş orunlaryny döretmegiň peselenligi sebäpli azaldy. Täze iş orunlary işsizleriň diňe 7%-ini iş bilen üpjün etmäge ýetýär. Işe ukyply ýaşdaky adamlaryň ýarysy bolsa işe girmek synanşyklaryny bes etdiler.
Internet elýeterliligi: 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hökümeti internet tory bilen bagly bolmadyk we internetden bölünip aýrylan “Özbaşdak Milli sanly toruny” döretmegi teklip etdi. Bu ýurtda internet petiklemeleriň we agressiw senzuralaryň dowam edýän wagtynda yglan edildi. Türkmenistan döwlet pudagyny sanlylaşdyrmakda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde iň erbet ýurt bolup, Owganystandan hem yza galýar.
Media azatlygy: Soňky iki ýylda media azatlygy boýunça ýurduň reýtingi 3-den 1-e düşüp, has ýaramazlaşdy. Türkmenistanda ýokary hilli maglumatlar juda çäklidir. Maglumatlaryň aglabasy redaksiýa taýdan garaşsyz däl (hökümet, edara, gurama we ş.m tarapyndan gözegçilik edilmegi), faktlara esaslanmaýar ýa-da zyýan bermek üçin niýetlenendir. Adamlaryň uly mukdarda maglumatlara elýeterlilik hukugy, serişdeleri ýa-da mümkinçilikleri ýok. Ilat misinformasiýalary saýgarmaýarlar we ret etmeýärler hem-de haýsy maglumatlar bilen gyzyklanmak isleýändiklerini saýlap bilmeýärler. 2023-nji ýylyň iýunynda ÝHHG-nyň media azatlygy boýunça wekili Teresa Ribeiro Türkmenistana eden saparynda ýurtdaky media azatlygy boýunça birnäçe meseleleri, şol sanda maglumatlaryň erkin akymyny we maglumatlara elýeterliligiň onlaýn we offlaýn çäklendirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Ol türkmen häkimiýetlerini söz azatlygy we media azatlygy baradaky ÝHHG-nyň degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
Esasy azatlyklar: “CIVICUS Monitor” global raýat jemgyýeti bileleşigi Türkmenistana 197 ýurduň arasynda dünýäde “iň ýapyk” altynjy ýurt reýtingini berdi. Türkmenistan 2018-nji ýyldan bäri yzygiderli “ýapyk” ýurt hasaplanýar.
Türkmenistanyň raýatlary uly mukdarda daşary ýurda göçýärler. 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Green Card üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 5.7 esse artdy. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede ýaşamak üçin uzak möhletli rugsat we gysga möhletli wiza alýanlaryň arasynda birinji orunda bolup, görkezijiler degişlilikde 110,863 we 71,089 adam. Russiýa syýahat edýän türkmenistanly turistleriň sany 2022-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda 9.5 esse artyp, 2022-nji ýylda 3,600 bolanlygyndan 2023-nji ýylda 34,700-e ýetdi.
Serdar Berdimuhamedow häkimiýete gelenden soň abort etdirmek jenaýatlaşdyryldy we möhleti gysgaldyldy. 2022-nji ýylyň aprelinde hökümet gümürtik abort görkezmeleri çap edip, halkara standartlaryna ters gelýän we hiç hili jemgyýetçilik maslahatlaşmalary geçirmezden abort etdirmegi göwreliligiň 12 hepdesinden 5 hepdä çenli gysgaltdy. BMG-nyň Aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany ýok etmek komiteti (CEDAW) hökümetden bu regressiw görkezmeleri haýal etmän düzetmegini sorady.
Türkmenistanda aýallary öýdäki we gender esasly zorlukdan goraýan we öňüni alýan kanun ýok. Saglygyň sosial media syn taslamasynyň netijelerine görä, aýal-gyzlara garşy zorlugy goldaýan onlaýn kontekstler 2021-nji ýyldan bäri köpelip (2.8%), soňky iki ýylda sosial media postlaryň we teswirleriň 18%-ine ýetdi.
Klimatyň üýtgemegi we suw ýetmezçiligi, şeýle hem hökümetiň bu meseleleri ýeterlik derejede çözmezligi ýakyn gelejekde Türkmenistanyň ýaşap bolmajak ýere öwrüljekdigini aňladýar. Owganystan Koş Tepa kanalynyň gurluşygyny tamamlandan soň, Türkmenistan suw gorlarynyň 50%-ini ýitirmegi mümkin. Hökümet tebigy betbagtçylyklar we çäge tupanlary hadysalarynyň ýygylaşmagy barada halka habar ýa-da maglumat bermeýär. Ilat bu çäge tupanlarynyň saglyga ýetirýän ýaramaz täsirlerini nähili azaldyp biljeginden habarsyz.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çäre görmedik durmuş meseleleri we ugurlary boýunça Seniň sanawyň haýsylar? Ol haýsy ugurlarda ösüş gazandy?