Progres.Online

Aýal-gyzlaryň gerdenine düşýän bimöçber aladalar: Türkmenistanyň döwlet syýasaty aýallaryň ýüküni agyrlaşdyrýar

UNFPA guramasynyň hasabatyna görä, kän ýurtlar ene-atalyk rugsadynda öňegidişlik gazanan hem bolsa, Türkmenistan atalara we döwlet pudagynda işlemeýän ene-atalara çäkli goldawy döwrebaplaşdyrlmady, terbiýeçi, öýde hyzmatkär hökmünde enelere bil baglaýar.

UNFPA-nyň hasabatynda Türkmenistanda maşgala syýasatynyň käbir esasy goraglarynyň bardygyna garamazdan, bu syýasatlaryň henizem çaga idegini enelere ýükleýändigi we atalaryň gatnaşmagyny höweslendirmek üçin az iş edýändigi aýdylýar.

Ýurtda döwrebap atalyk rugsadynyň ýoklugy gender deňsizligini has çüňlaşdyrýar.

Türkmenistanda 16 hepdelik çaga dogurmak rugsadyny döwlet pudagynda zähmet çekýän enä berilýär, ýöne döwlete degişli däl edaralarda zähmet çekýän enene pul kömegine, ýeňilliklere hukugy ýok. Hususy edaralaryň ene-atalara nähili goldaw berýäni barada hiç hili maglumat ýok. Kanuny taýdan, enelik rugsady diňe aýratyn ýagdaýlarda (meselem, ene keselände ýa-da ölüminde) kakasyna geçirilip bilinýär.

  • Atalyk rugsady üçin hiç hili düzgün-tertip ýok. Türkmenistan şeýle goldawyň bolmadyk az ýurtlaryň sanawyna girýär. Şeýle-de bolsa, kakalara 156 hepde çenli ene-atanyň rugsady (çaga 3 ýaşyna ýetýänçä) berilýär teoriýada, ýöne şeýle goldawy hususy kärhanalarda işleýän kakalara elýeterli däl. Şeýle uzak möhletleýin atalyk rugsady çaganyň ideginde goldaw bolup biler, ýöne maşgalada girdejiniň ýitirilmegi we medeni, türkmençilik normalary göz öňünde tutsak, şeýle ýagdaý atalar üçin özüne çekiji, amatly hasaplanmaýar.
  • Şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygy umumy ideg zerurlyklary üçin ýylda 10 güne, aýratyn ýagdaýlar üçin 14 güne (meselem, 3 ýaşa çenli çaga seretmek ýa-da 14 ýaşa çenli bolan köp çagany terbiýelemek) tölenmedik rugsat berýär. Muňa garamazdan, ene-atanyň şeýle rugsady tölenilmeýär.
  • Iş nukdaýnazaryndan, göwreli aýallara we 14 ýaşa çenli çagaly enelere ýarym günlük iş aňsatlyk bilen tapdyrmýar.
  • Türkmenistanda 3 ýaşdan başlap başlangyç bilim berýän ulgamy bar. Şeýle-de bolsa, 2 ýaşa ýetmedik çagalar üçin hiç hili milli ideg ulgamy, maksatnamasy ýok. Bu bolsa çaga seretmek syýasatynyň dörän boşlugyna goşant goşýar – ene-atanyň rugsady gutarýança we döwletiň elýeterli çaga ideginiň başlanýan aralygy. Şeýle ýagdaý bolsa aýallary işlerinden galyp öýde oturmagyna mejbur edýär.
  • Ýurtda çaga 18 aýlyk bolýança her üç sagatdan tölegli, ene süýdi bilen iýmitlendirýän enelere arakesmeler berilsede, arakesmeleriň dowamlylygy, şertleri (ýörite otagyň bolmagy) belli däl.