Progres.Online

Är-aýalyň bilelikde gazanan emlägini bölme

Türkmenistanyň kanunynyň Maşgala hukugy nika we är-aýal gatnaşykaryny dürli ugurlarda düzgünleşdirýär, muňa är-aýalyň umumy emlägi we onuň paýlaşylmagy hem degişlidir. Bu mowzuga düşünmek emläk paýlaşylanda köp duşulýan ýalňyşlardan gaça durmak üçin wajypdyr. 

Är-aýalyň bilelikde gazanan emlägi näme?

Bu är-aýalyň nikaly döwri gazanan mal-mülküdir. Oňa gozgalmaýan emläk, awtoulaglar, bank hasaplary, gymmatly kagyzlar, kärhanalar, biznesde paýy, bergiler we beýleki hususy serişdeler degişlidir. Bärde wajyp bolan hut “emläk satyn almak” ýada bir zat döretmekdir, meselem şereket gurmak ýada düşünje eserini döretmek. Şeýlelikde, nikaly döwri är-aýala sowgat edilen ýada miras berilen her bir zat bilelikde gazanylan emläk hasap edilmeýär. Käbir bergiler hem bilelikde gazanylan hasaplanýar.

Är-aýalyň bilelikde gazanylan emlägini bölme esaslary aşakdaky yzygiderlikde ýerine ýetirilýär:

  1. Mal-mülki we bergileri kesgitleme. Ilki bilelikde gazanylan ähli hususy serişdeleri we bergileri kesgitlemeli. Munuň üçin emläk resminamalary, bank hasaplarynyň göçürmesi we şertnamalar ýaly resmi güwanamalar talap edilip biliner. 
  2. Mal-mülke baha goýma. Mal-mülki adalatly bölmek üçin gozganmaýan emläk, iş paýy ýaly ähli hususy serişdeler bahalandyrylmaly.
  3. Bergileri hasaba alma. Paýlamada bergiler hem hasaplanyp, bilelikde gazanylan emlägiň umumy bahasyndan aýrylýar we är-aýala düşýän paýa täsir edýär. Şahsy däl-de maşgala bähbidi üçin edilen bergiler göz öňüne tutulýandygyny bilmeli. 
  4. Paýlamany ylalaşma. Är-aýal emlägi kazyýetsiz özara ylalaşyp paýlaşyp biler. Eger ylalaşyk gazanylan bolsa degişli resminamalar taýýarlanylmaly we notariusda tassyklanmaly. 
  5. Kazyýet üsti bilen çözme. Eger är-aýal özara ylalaşyp paýlaşyp bilmeseler, iş kazyýete geçirilip biler. Talap arzasy jogapkäriň ýaşaýan ýerinde berilýär. Şeýle hem arza berilmezden öňünçä döwlet pajyny tölemeli. Häzirki wagtda bu paç arzaçynyň (är ýada aýal) talap edýän emläk böleginiň bazar gymmatynyň 15% deňdir. Sud işiň ähli ýagdaýlaryna garaýar we gutarnykly karar kabul edýär. 

Bilelikde gazanan emläk bölünende köp duşulýan ýalňyşlar

  1. Bergileri hasaba almazlyk: Bergileriň ýalňyş hasaplanmagy gelejekde maddy kynçylyklary döredip biler.
  2. Är-aýalyň biriniň maddy taýdan üstün bolmagy: Nikaly döwri är-aýalyň biri (köplenç aýal) çaga terbiýesi bilen meşgullanýar we maddy işlere ýagny mal-mülk satyn almaga gatnaşmaýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 52-nji maddasy, är-aýalyň haýsynyň emlägi edinendigi ýada kimiň adyna resmileşdirlendigine garamazdan, mal-mülki bilelikde gazanylan hökmünde kabul edýär. 
  3. Däp-dessurlar we olaryň hukuk ýagdaýy: Toýdan öňünçä öýlenjek ýigit geline galyň töleýär we gymmat bahaly zatlary sowgat edýär. Täze nikalaşan we birnäçe aýdan soň aýrylşmak isleýän ýaş maşgalalaryň esasy ýalňyşy galyňy we berilen gymmat bahaly zatlary bilelikde gazanylan emläk hökmünde pikirlenmegidir. Kanunda galyň düşünjesi ýokdyr, şol sebäpli dabarada berilen gymmat bahaly zatlar we şaý-sepler doly hukukly sowgat hasaplanýar. Bular bilelikde gazanylan emläk hasap edilmeýär we sowgat berilen ärde ýada aýalda galýar. 
  4. Paýlama prosesine başlamak: Köplenç är-aýal bilelikde gaznylan emlägi aýrylyşandan soňra bölünýär diýip pikir edýär. Türkmistanyň Maşgala kodeksiniň 56-njy maddasynyň 1-nji bendine görä är-aýalyň bilelikdäki emläginiň bölünmegi olaryň biriniň talap etmegi boýunça nikaly döwründe hem, ol bozulandan soň hem geçirilip biliner. 

Çözgüdi hukugyň çäginden daşarda bolan mesele

Emläk bölünende möhüm meseleleriň biri hem hökümet tarapyndan mugt berilen hususylaşdyrlan jaýlaryň ýagdaýydyr. Maşgala kodeksiniň 54-nji maddasynda nika baglaşylmazdan öň är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň şahsy eýeçiligi bolup durýandygyny kesgitleýär. Emma hökümet tarapyndan mugt berilen hususylaşdyrlan jaýlaryň ýagdaýy hukuk taýdan düzgünleşdirilmedigi üçin hukuk tejribesinde kynçylyk döredýär. Şonuň üçin muňa bagly jedelleri kazyýet aýratyn garaýar we her hili karar berip bilýär. 

Netije

Är-aýalyň bilelikde gazanan emläginiň bölünmegi – ähli maliýe ýagdaýlara jikme-jik garalmagyny talap edýän çylşyrymly prosesdir. Emläk bölünmeginiň esaslaryna düşünmek we giňden ýaýran ýalňyşlardan gaça durmak är-aýalyň wagtyny, puluny tygşytlar we ruh saglygyny gorar. 

Her bir iş aýratyn häsiýete eýedir we egerde siz emläk bölünmegi bilen bagly kynçylyklara duçar bolsaňyz, degişli hünärmene ýüz tutmak paýdaly bolar. 

Türkmenistanyň aklawjylar kärdeşliginiň (adwokatlar kollegiýasy) aragatnaşyk maglumatlaryny almak üçin Adalat ministrliginiň internet sahypasynyň salgysy – Hukuk kömegi.

Şeýle hem Adalat ministliginiň internet sahypasynda Türkmenistanyň ygtyýarnamaly (lisenziýa) hukuk şereketleriniň we ýuristleriniň (hukuçy) maglumatlary bilen tabyşyp bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: