Progres.Online

Alymlar Ahal-teke atlarynyň aslyny ýüze çykardylar

Hytaýyň Lanzhou şäherindäki Gansu Oba Hojalyk Uniwersitetinden sekiz alym Ahal-teke atlarynyň aslyny we nesiliniň gözbaşyny öwrenmek üçin, bütin dünýäden 22 tohumdan (481 at) umumy genom maglumatlary we 24 tohumdan (544 yzygiderlik) mitohondria yzygiderligi ulandylar. Barlag geçirijiler Ahal-teke atlarynyň tohumynyň ýokary derejede genetiki dürlülige eýediklerini we Ahal-teke atlarynyň taryhy taýdan öz toparyny giňeltmedigini anykladylar. Ahal-teke aty bilen Hazar atynyň arasynda genetiki baglanşyk ýada Ahal-teke atynyň Merkezi Aziýadan Ýakyn Gündogara göçendigi barada hiç hili subutnama ýok.

Barlag geçirijiler Ahal-teke aty bilen Ýakyn Gündogar at toparlary, aýratyn hem Arap atlarynyň arasynda ýakyn genetiki baglanşygy ýüze çykardylar. Ahal-teke atlarynyň aslynyň baglanşygyny kesgitlän derňewçiler, Ahal-teke atlarynyň aslynyň 26% Arap atyndan, 18% bolsa Hazar atyndan ybaratdygyny ýüze çykardylar. Ylmy barlag işi Ahal-teke atlarynyň aslynyň Ýakyn Gündogarda dörändigi barada netijä geldi.

Ahal-teke aty azyndan 3000 ýaşyndadygy çaklanylýar we ol dünýäniň iň gadymy at tohumlaryndan biridir. Sportiw aýratynlygy zerarly çapar atlar toparyna degişlidir. Ahal-teke atlary gazaply howa şertlerine uýgunlaşyp, owadan görnüşi we öwüşginli ýüň reňki bilen meşhurdyr. Şeýle hem barlag geçirijilere görä Ahal-teke atlarynyň sany kem-kemden azalýar we ýok bolma howpy abanýar. Häzirki döwürde Ahal-teke atlary köplenç diňe Türkmenistanda bar.

Dünýädäki käbir arassa ganly at tohumynyň biri bolmagyna garamazdan, Ahal-teke atynyň asly örän jedellidir. Iň ýaýraň ylmy çaklama Ahal-teke atynyň Merkezi Aziýada dörändigi we Ýakyn Gündogara getirlendigidir. Ahal-teke atynyň ýewraziýa sähralarynda, günorta-günbatar Aziýada we Ýakyn gündogarda dörändigi barada tassyklamalar hem bar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: