Türkmençe kitap okaýanlaryň kluby.
Her aý biz türkmen dilinde kitap okamakçy. Türkmen dilinde kitap okap medeniýetli, erkin söhbet edesiň gelýärmi?
Onda bize goşul.
Mart aýynda biz Akpamyk ertekisini okadyk. Şu soraglary orta alyp pikir alyşdyk:
- Akpamyk ertekisini näçe ýaşda okadyň? Çagaňa okap berjekmi (okadyňmy)? Näme üçin?
- Akmapyk ertekisi – “Türkmen milli ruhunyň aýnasy” bilen ylalaşýamyň? Näme üçin?
- Akpamyk bilen döwüň arasyndanky dinamikany nädip hasiýetlendirýäň? (Akpamyk – goňşular, Akpamyk – ene-ata, Akpamyk we doganlary, Akpamyk – Akmaýa-köşek, Akpamyk we ýeňňeleri, Akpamyk we ogly, Akpamyk we patyşanyň ogly)
- “Akpamyga är gerek, ýüregine kär gerek” diýilmegine nähili düşünmeli?
- Akpamyk ertekisiniň ýaş nesli terbiýlemekde roly barmy? Anyk näme öwredýär?
- Erteki bir topar zulumy kada edip görkezýär. Sen şonda-da çagaňa okap berjekmi? Näme üçin?
Gyzykly, oýandyryjy, oýlandyryjy aýdylan pikirler:
- Näme üçin Akpamygyň doganlary soraman idemän goňşylarynyň aldap goýýan gurjagyna ynanýalar? Bu mill häsiýeti aňladýarmyka?
- Näme üçin ýedi dogan hiç haçan ene atasyna dolanyp baranoklar, habar tutanoklarka? Ertekide ene ataň roly nähili görkezilýär?
- Göňşularyň görüpligi diňe türkmenlere mahsus däl, bu bir adamlara, adamlaryň bolan ýerinde mahsus häsiýet.
- Akmapyga görkezilýän dürli zulum- bu dumuşdaky kynçylyklaryň metaforasy. Akpamyk 8-nji mart baýramyny bellärdi.
- Akpamyk “öwrenilen ejizlige” (oбученная беспомощность) ýol bermän, gaýduwsyz başgalaryň bagty üçin göreşýär.
- Akpamygyň häsiýetinde, hereketlerinde “feminizm”, öz hukuklary barada düşünjesi ýok ýaly görünýär şonuň üçin ol 8-nji marty bellemezdi. Onda “öz hukuklaryň”, “öz hukuklaryňy goramak” düşünjesi ýok.
- Näme üçin ertekide Akpamygyň sözleri, aýdanlary il arasynda ýatda galmandyr? Ertekide Akpamyk az gürleýär, onuň öz sözi, pikiri, pozisiýasy ýok ýaly görünýär. Ol diňe çydap ýaşaýar, ähli zada janyny bermäne taýýar, özüni başgalaryň bagtly durmuşy üçin gurban etmäne taýyar.
- “Akpamyga är gerek, ýüregine kär gerek”. Şol döwürde äre çykmak, ariň käriň we ähli zadyň bolupdyr. Şu döwürde hem şeýle düşünje ýaýraýar.
- Akpamyk pahyrjykmy ýa-da gaýduwsyz, mert göreşiň gahrymany?
- Erteki dürli ýaşly çagalar üçin adaptirlenmeli. Ýaman kän zorluk, zorlukly hereketler bar, şu döwürde ony şeýle formatda kiçi çagalara okap bermek üçin bir hili bolýar.
- Näme üçin Akpamyk ýamanlyga ýamanlyk edip jogap berýär (meselem ýeňňelerine)? “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”.
Okyjynyň pikiri:
Dokuz on ýaşlyja Akpamyk, ýaşynyň kiçiligine garamzdan akyllyja, öz pikirlije, dogumly, batyr, gaýduwsyz hekeret edip, maksadyna ýetip, bagtyny gorap saklamak üçin hiç bir kynçylykdan gorkman, hemme päsgelçiliklere döz gelip göreşýär, maksat myradyna ýetýär. Akpamyk şol häsiýeti bilen şu günlere ýetip ýaşan bolsa, soňky maşgala durmyşynda kynçylyk dörän bolsa göreşerdi.
Emma maşgala durmuşundan daşarky meseleleri çözmäge gatnaşyp bilmezdi. Sebäbi “türkmençilikde” urp-adat diýen bir kanuna ýazylmadyk düzgün bar. Akpamygyň ýeňňeleriniň “Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek” diýip aýdyşy ýaly, oý hojalygyň aladalaryny çözmegi, maşala durmuşyny dolandyrmagy özüne kär edinip, özdiýenli, keýwany, öý bikesi bolardy.
Ol döwürde kär saýlamak beýlede dursun, aýal adamyň durmuşda, jemgyýetde bolup geçýän meseleleri, nowsanlyklary çözmäge hat-da pikir aýtmaga haky ýok. Gepleseň, Akpamygyňky ýaly bokurdagyna “gurşun guýup”, fiziki-psihiki hüjüm bilen geplemez ýaly edýärler.
Ygtyýar erkek adamlaryň dilinde, elinde. Şolaryň aýdany, diýeni, edeni dogry hasaplanýar. Häzir hem aýal-gyzlar erkekler bilen deň hukukda diýýlär weli, şol hukuk kagyz ýüzünde bolaýmasa!?…
Akpamyk hem 8-nji mart baýramynyň döreýşiniň taryhyna düşünmän, şu wagtky köp aýal-gyzlaryň düşünişi ýaly pikir bilen baýramy bellärdi.
Bize goşul: turkmen.progres@gmail.com
Surat: Akpamyk, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014,
suratçy O. Çerkezowa