Progres.Online

Türkmenistanyň Pagtasy: Täze hasabat hökümetiň pagta ýygyma çekmegi azaltmak babatda käbir ädimlerine garamazdan, ulgamlaýyn mejbury zähmeti ýüze çykardy

Global brendler Türkiýedäki, Päkistandaky we beýleki ýurtlardaky satyn alyjylar mejbury zähmet bilen öndürilen türkmen pagtasyny ulanmak töwekgelçiligi astynda.

Dünýäniň iň uly 14-nji pagta öndürüjisi bolan Türkmenistan dünýädäki iň repressiw ýurtlaryň biridir. Döwlet jemgyýet durmuşynyň hemme ugurlaryna gözegçilik edýär we ähli raýat azatlyklaryny çäklendirýäredýär. Hökümet ýyllyk pagta ýygymynda döwletiň mejbury zähmetini giňişleýin we ulgamlaýyn ulanýar. Döwlet edaralary her ýyl awgust-noýabr aralygynda döwlet işgärlerini işden boşatmak ýa-da iş wagtyny ýa zähmet hakyny azaltmak bilen gorkuzup, pagta ýygmaga ýa-da öz ýerine pagta ýygyjy üçin pul tölemäge mejbur edýär.

2024-nji ýylyň pagta ýygymyna syn eden garaşsyz raýat jemgyýetiniň ýüze çykaran esasy netijeleri we synlary:

  • Döwlet işgärleri pagta ýygmak ýa-da öz ýerine pagta ýygyjy üçin töleg tölemäge mejbur edildi.
  • Käbir welaýat hassahanalarynyň lukmanlary we mekdepleriň mugallymlary mejbury zähmete çekilmsede, beýleki edaralaryň lukmanlary we mugallymlary mejbury zähmete çekildi.
  • Döwlet işgärleriniň käbir toparlary, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň we saglyk öýleriniň tehniki işgärleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň işgärleri mejbury zähmete sezewar edildi.
  • Döwletiň çagalary mundan beýläk pagta ýygyma çekmeýänligine, 2024-nji ýylda hökümetiň pagta ýygmagy howply iş diýip kesgitlemegine we ony 18 ýaşa ýetmedik çagalar üçin gadagan etmegine garamazdan, 2024-nji ýylyň pagta ýygymynda çaga zähmeti ulanyldy.
  • Hökümet pagta ýygyş nyrhyny artdyrdy. Bu käbir etraplarda pagtany meýletin, şol sanda çagalaryň ýygmagyna itergi berdi.
  • Hökümet pagta satyn alyş bahasyny ýokarlandyrdy.

Global üpjünçilik zynjyrlaryna aralaşma

Pagta kampaniýasy mejbury zähmet bilen öndürilen türkmen pagtasynyň kesgitli söwda ýollary arkaly global üpjünçilik zynjyryna syzmagyny öwrendi. Global üpjünçilik zynjyry – harytlaryň we hyzmatlaryň taýýar önüm halynda sarp edijilere satylýança öndürme, eltme we ş.m ýaly ençeme ädimlerini öz içine alyp, şol ädimleriň birnäçe ýurtlarda amala aşyrylmagydyr. Mysal üçin: Türkmenistan pagtasyny Türkiyä satýar. Türkiýe şol pagtany taýýar önüm halyna getirip Ýewropa satýar. Ýewropa bolsa ony sarp edijilere satýar.

Barlag aşakdakylary görkezýär:

  • Türkiýe: 2020-2023-nji ýyllar aralygynda pagta we ýarym taýýar pagta önümleriniň Türkiýä eksporty Türkmenistanyň umumy pagta eksportynyň ortaça 84%-ini emele getirýär. 2023-nji ýylda Türkiýe Türkmenistandan $86 milliondan gowrak ýüplük we $23 million gowrak mata import etdi.
  • Päkistan: Ýurduň Türkmenistandan alýan pagta ýüplükleri we mata importy artýar. 2024-nji ýylda, Päkistan Türkmenistandan gymmaty $29 million bolan pagta we ýarym taýýar pagta önümlerini import etdi. Bu 2023-nji we 2022-nji ýyllardan ep-esli ýokary bolup, Päkistan şol ýyllarda degişlilikde bahasy $8.6 million we $18.6 million bolan haryt import edipdi. 
  • Ýewropaly importçylar:
    • Italiýa, Polşa we Portugaliýa Ýewropanyň Türkmenistandan ýarym taýýar pagta önümlerini alýan esasy importçylarydyr. 2023-nji ýylda Italiýa $1.8 million töweregi mata import etdi. Onuň yzyny Türkmenistandan $1.4 million mata import eden Polşa we $1.1 million mata importy bilen Portugaliýa çekýär.
    • Belgiýa Türkmenistandan pagta süýümini alýan Ýewropanyň esasy importçysydyr.
    • Italiýa Türkmenistandan taýýar pagta önümlerini alýan Ýewropanyň esasy importçysydyr.

    BMG-nyň edaralarynyň pagta ýygymynda mejbury we çaga zähmetini ýok etmek boýunça maslahatlary

    Abraýly halkara synçylarynyň Türkmenistanyň pagta ýygymda döwletiň ulgamlaýyn mejbury zähmetiniň soňuna çykmakda ýeterlik öňegidişlik gazanmandygy barada ençeme ygtybarly hasabatlary we maglumatlary bar. Olara degişliler:

    • 2024-nji ýyl: BMG-nyň Çaganyň hukuklary baradaky komiteti hökümete “çaga zähmetini gadagan edýän häzirki hereket edýän kanunlaryň netijeli ýerine ýetirilmegi üçin tagallalary güýçlendirmegi” maslahat berdi. Şeýle hem, komitet pagta ýygymyndaky çaga zähmeti bilen bagly derňewleri geçirmek we jogapkärçilige çekmek, mejbury çaga zähmeti barada dil ýarýanlary gorkuzmaga ýa-da jezalandyrmaga garşy täsirli çäreleri görmäge çagyrdy.
    • 2024-nji ýylda: BMG-nyň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komiteti “pagta ýygymy döwründe döwlet işgärleriniň (esasan aýal-gyzlaryň) mejbury zähmetiniň giňden ulanylýandygy barada aladaly belledi”. Şeýle-de, komitet hökümete “pagta pudagynda mejbury zähmeti dessin bes etmegi”, şol sanda mejbury zähmeti gadagan edýän kanuny esaslary doly ýerine ýetirmegi, hökümet resmilerine we jemgyýete pagta ýygmak üçin adama haýbat atmagyň we mejbur etmegiň bikanundygyny aç-açan mälim etmegi maslahat berdi.
    • 2024-nji ýylda: Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Standartlary Ýerine Ýetiriş komiteti “Türkmenistanda döwlet tarapyndan ýyllyk pagta hasyly ýygymynda mejbury zähmetiň giňden ulanylmagyny ýazgardy”. Komitet hökümeti, “mejbury zähmeti ulanmagy doly ýok etmäge”, şol sanda işçileri mejbury mobilizleýän döwlet resmilerini jogapkärçilige çekmäge we degişli jezalary bermäge, HZG we garaşsyz iş berijileriň we işçileriň guramasy bilen işleşmegi dowam etdirmäge çagyrdy.
    • 2024-nji ýylda: HZG-nyň Konwensiýalary we Maslahatlary ýerine ýetirmek boýunça ekspertler komiteti “pagta pudagynda mejbury zähmetiň yzygiderli ulanylmagy barada düýpli aladasyny” ýene-de bir gezek bildirdi. Şeýle-de, komitet “hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň, aýratynam döwlet işgärleriniň mejbury zähmete çekilmegini doly ýok etmek üçin tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdy”.

    Doly hasabat: Cotton Campaign